​Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский
22.06.2024

ÝAŞ NESIL HAKDA ALADA — ABADAN GELJEGIŇ BINÝADY

 

Halkymyz çaganyň milli hem ruhy gymmatlyklardan gözbaş alýan däp-dessurlar esasynda terbiýelenmegine aýratyn ähmiýet berip, ony asyrlarboýy kämilleşdiripdir. Döwürleriň we durmuşyň synagyndan geçen gadymy däpler esasynda çagalara bolan garaýşyň milli edep-ahlak mekdebini döredipdirler. 

Çagada ýaşlykdan zähmet endiklerini kemala getirmekde, olarda edeplilik, lebzihalallyk ýaly ahlak sypatlaryny terbiýelemekde binýatlaýyn ýörelgeler hyzmat edipdir. Ata-babalarymyz çagalara irki ösüş döwründen zähmet çekmegi, hünäre hormat goýmagy öwredip, zähmete bolan söýgini şol döwürdäki milli oýunlaryň üsti bilen döretmegi başarypdyrlar. Çünki çaga üçin oýunlar özboluşly täsirli, terbiýeçilik ähmiýetli mekdep bolupdyr. Mysal üçin, palçykdan dürli şekiljikleri ýasamak ýaly oýunlara güýmenmekleri çagalarda irki döwürden döredijilige ukyby, zähmetsöýerligi we agzybirligi terbiýeläpdir. Olar ulaldygyça-da, kem-kemden maşgala zähmetine çekilip, guşlara, mallara seretmek ýaly ýumuşlar arkaly, zähmet endikleri kemala getirilipdir. Şeýlelikde, zähmetiň bar ýerinde berekediň, agzybirligiň bolýandygyny aň­laryna berk siň­dirmek bilen, «Çekseň zähmet, ýagar rehnet», «Hünärli zor, hünärsiz hor», «Işleseň, il tanar», «Bir okana bar, birem — dokana» diýen ýaly pähimlerden ugur almagy öwredipdirler. 

Mälim bolşy ýaly, medeni, ahlak gymmatlyklary gözbaşyny maşgaladan alyp gaýdýar. Ata-enäniň, şeýle hem terbiýeçiniň, mugallymlaryň görüm-göreldesiniň, terbiýeçilik çäreleriniň toplumynyň netijeleri şahsyýetiň kemala gelmegine täsirini ýetirýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet guşy» romanynda: «Mähriban kyblamyň ömür ýoly — ma­ňa nusgalyk ýol, onuň asylly beýik ahlak sypatlary meniň idealym, meniň durmuş uniwersitetim» diýip nygtamagy munuň aýdyň mysalydyr. Şahsyýetiň kämilligi onuň ynsanperwerlik sypatlarynyň ýokarylygy, jemgyýetiň ösüşine goşýan goşandy bilen kesgitlenýär. Şahsyýeti häsiýetlendirýän görkezijilerde hoşgylawlylyk, ukyp-başarnyk, medeniýetlilik ýaly häsiýetler jemlenýär.

 Şahsyýetiň kämilliginiň görkezijileriniň düzüminde ata-ene göreldesi, halypa-şägirtlik ýoluna wepalylyk, hünäre ussatlyk aýratyn orun tutýar. Çagalar baglarynda, orta mekdeplerde terbiýeçiler, mugallymlar terbiýe bermek, okatmak bilen bir hatarda, çagalaryň ukyp-başarnyklaryny belli bir derejede kämilleşdirýärler. Bu goldaw olaryň bilimlerini gündelik durmuşda ulanmak tejribesini toplamaga hem-de işjeň durmuşynyň bütin dowamynda ony yzygiderli artdyrmaga we hünär saýlamaga bolan çuň­ňur isleginiň emele gelmegine örän ähmiýetli täsir edýär. Çagalar bagynda terbiýeçisi, soň­ra mekdepde mugallymy çaganyň ilkinji halypalary hasaplanýar. Olar çagalara bilim bermek bilen birlikde, özüniň toplan durmuş tejribesi arkaly düşündirip, ukyp-başarnygyny, hünär ussatlygyny we alan bilimini çagalaryň kämil dünýägaraýşynyň kemala gelmegine siň­dirýär, edep-terbiýe öwredýär. Okuwçylaryň hünäre bolan höwesiniň, isleginiň döremegine mekdep durmuşy, kitaplar we töwereginde bolýan wakalar täsirini ýetirýär. 

Milli däplerimizde halypa-şägirtlik ýol-ýörelgesiniň ahlak kadalary durmuşa ukyplylygy we özboluşlylygy bilen tapawutlanypdyr. Ussat halypalar özleriniň tebigy zehinleri bilen ata-babalarymyzyň hünär sungatyny, olaryň gymmatly mirasyny nesilme-nesil baýlaşdyrypdyrlar. Öz gezeginde, şägirtler halypalaryndan öwrenýän hünäriniň inçe ýollaryny, asyl nusgalaryny, ýokary ahlak-estetiki gymmatlyklaryny we türkmen halkynyň mizemez däp-dessurlaryny dowam etdirmäge ýokary jogapkärçilik bilen çemeleşipdirler. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda häzirki wagtda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň we umumy bilim edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli berkidilýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiz çagalaryň dünýä ül­ňülerine laýyk bilimli bolmagy, ählumumy ynsanperwerlik ruhunda terbiýelenmegi babatda abraýly halkara guramalar bilen bähbitli hyzmatdaşlyga hem uly ähmiýet berýär. Türkmenistan Çagalaryň ýaşaýşyny, goraglylygyny we ösüşini üpjün etmek boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Çaganyň hukuklary hakyndaky Konwensiýasyna goşulmak bilen, bu ugurda netijeli işleri durmuşa geçirýär. 

Ýurdumyzda çagalaryň belli bir hünär bilen gyzyklanyp, zähmet çekmäge bolan hukugy kanun arkaly kepillendirilýär. 1973-nji ýylda Halkara Zähmet Guramasynyň Işe kabul etmegiň iň kiçi ýaşy hakynda Konwensiýasy kabul edildi we 1996-njy ýylda Türkmenistan bu Konwensiýa goşuldy. Konwensiýada milli kanunlarda ýa-da kadalarda on üç ýaşdan on bäş ýaşa çenli çagalaryň saglygyna, ösüşine zyýanly bolmajak we mekdebe gatnamaga, hünäre gözükdirmäge ýa-da taýýarlamagyň ygtyýarly häkimiýet edaralary tarapyndan tassyklanylan maksatnamalara gatnaşmagyna ýa-da alnan bilimi peýdalanmak ukybyna zyýan ýetirmeýän ýe­ňil iş üçin hakyna tutmak boýunça işe kabul edilip bilinýändigi berkidilýär. Türkmenistan bu Konwensiýa goşulmak bilen, öz üstüne alan halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmäge ygrarly bolup galýandygyny görkezip, Konwensiýanyň kadalaryny milli kanunçylyk bilen utgaşdyrmak boýunça anyk işleri alyp barýar. 

«Çaganyň hukuklarynyň döwlet kepillikleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, her bir çaganyň zähmet çekmäge bolan hukugynyň bardygy, on sekiz ýaşyna ýetmedik şahs bilen zähmet şertnamasynyň baglaşylmagyna diňe onuň özüniň razylygy we ata-enesiniň biriniň (hossarynyň) razylygy hem-de hossarlyk we howandarlyk edarasynyň rugsady bilen, eger onuň zähmet işleri mekdepdäki okuwyny dowam etmäge päsgelçilik döretmeýän, saglygyna we ahlak ösüşine zyýan ýetirmeýän bolsa, ýol berilýändigi kesgitlenilen. Türkmenistanyň Zähmet kodeksinde on sekiz ýaşyna ýetmedik işgärleriň zähmet-hukuk gatnaşyklarynda kämillik ýaşyna ýetenleriň hukuklary bilen deňleşdirilýändigi, ýagny zähmeti goramak, iş wagty, rugsatlar we zähmet gatnaşyklary çygryndaky käbir beýleki ýe­ňilliklerden peýdalanýandygy nygtalýar. Mysal üçin, on sekiz ýaşa ýetmedikleriň zähmete çekilmegine, iş wagtynyň gysgaldylan dowamlylygyny bellemek bilen, zähmet şertnamasyny baglaşmak arkaly ýol berilýär. Işiň gysgaldylan dowamlylygyndaky zähmet haky bolsa gündelik işiň dowamlylygyna degişli toparlardaky işgärleriň­ki ýaly möçberde tölenilýär. Milli kanunçylygymyzda şeýle kadalaryň berkidilmegi ýurdumyzyň halkara hukugyň umumy ykrar edilen ýörelgelerine ygrarlydygynyň kepili bolup durýar. 

Türkmenistanyň Konstitusiýasynda maşgalanyň, eneligiň, atalygyň we çagalygyň döwletiň goragynda durýandygy baradaky kadanyň durmuşa ornaşdyrylmagy, şunda ýüze çykýan gatnaşyklaryň hukuk binýadynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi, maşgala bitewüligi, sagdyn nesliň kemala gelmegi ugrunda döwlet derejesinde edilýän aladanyň nyşanydyr. 

Şu ýylyň 30-njy martynda kabul edilen “Türkmenistanyň Raýat iş ýörediş kodeksine goşmaçalar girizmek”, “Türkmenistanyň Maşgala kodeksine üýtgeşmeler we goşmaçalar girizmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunlary nika bozmak hakynda işe seredilende, işiň hakyky ýagdaýlaryny aýdyň­laşdyrmaga, nikanyň bozulmagynyň şertlerini ýüze çykaryp, olary aradan aýyrmak üçin anyk çäreleri görmäge gönükdirilendir. Munuň özi çagalaryň iň gowy bähbitleriniň üpjün edilmegini gazanmak bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. 

Umuman, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda çagalaryň bähbitlerini goramak, maşgala abadançylygyny üpjün etmek babatda amal edilýän anyk wezipeler maşgala bitewüligini saklamaga oňyn ýardam edýär. Her bir maşgalada, çagalar baglarynda, mekdeplerde irki döwürden başlap, çagalaryň bilim-terbiýe endigini kemala getirmek, zähmet başarnyklaryny, ukyplaryny açmak hem-de olaryň sagdyn ösüşini gazanmak bolsa şol wezipeleriň üstüni ýetirýär. 

 

Merjen BORJAKOWA, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş  

syýasaty baradaky komitetiniň hünärmeni.