Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть
Türkmen halky geçmişde jahana ýaň salan beýik döwletleri, gözelligi bilen haýrana goýan azym-azym şäherleri gurup, dünýäde uly şan-şöhrata eýe bolupdyr. Berkarar Watanymyzyň bedew bady bilen öňe barýan zamanasynda Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň döwletlilik ýörelgelerine ýugrulan pähim-paýhasyndan, ylahy yhlasyndan kemala gelen Arkadag şäheri ýagty geljegimiziň nyşany hökmünde äleme şugla saçýar. Köpetdagyň etegindäki gadymy mekanda gurlup, döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk ýagdaýyna eýe bolan Arkadag şäherinde indi bir ýyl bäri eşretli durmuş gaýnap joşýar. Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary esasynda gurlan ajaýyp şäherde ynsanyň döredijilikli zähmet çekmegi, medeniýetli dynç almagy, hünär öwrenmegi, mahlasy, bolelin durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertler bar.
«Akylly» tehnologiýalar bilen üpjün edilen Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynda medeni-durmuş we beýleki maksatly desgalaryň 336-sy gurlup, ulanylmaga berildi. Biri-birinden gözel hem-de täsin binagärlik keşbi bilen gözüňi dokundyrýan binalary synlanyňda, olaryň hersiniň özboluşly sungat eserine meňzeýändigine göz ýetirýärsiň. Olaryň diňe gözelligi däl, eýsem, adamlara getirýän uly peýdasy hem göwnüňe ganat berýär. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi, döwrebap lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen köpugurly hassahana, onkologiýa merkezi, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi, «Tiz kömek» merkezi, saglyk öýi we beýleki düzümler ýurdumyzda ilatyň saglygyny ähli zatdan ileri tutýan döwlet syýasatynyň dabaralanýandygyny äşgär edýär. Döwrebap sport enjamlary bilen üpjün edilen köpugurly sport toplumy we sport merkezi, 10 müň orunlyk stadion sagdynlygyň sakasy hasaplanýan bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak üçin döredilen mümkinçilikleri görkezýär. Şäheriň beýleki binalary bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirýän «Ruhyýet köşgi», Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatry, Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasy, Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi, Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirki täze şäherde medeniýetli dynç almaga döredilen giň şert-mümkinçiliklerden habar berýär. Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy, Atçylyk ylmy-önümçilik merkezi, Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebi, Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag şäher lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi, Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebi, Şükür bagşy adyndaky Arkadag şäher çagalar sungat mekdebi we beýleki ýöriteleşdirilen mekdeplerdir çagalar baglary ýaş nesle kämil derejede bilim we terbiýe berip, Watana wepaly, il-güne haýyrly raýatlary kemala getirmäge ýardam berýär. Bu ýerde döredilen iň häzirki zaman ýaşaýyş-durmuş şertleri şeýle ajaýyp şäheriň döremeginde Gahryman Arkadagymyzyň neneňsi uly yhlasynyň, ýadawsyz zähmetiniň ýatandygyna şaýatlyk edýär.
Milli Liderimiziň asylly başlangyçlary esasynda döredilip, ştab-kwartirasy Arkadag şäherinde ýerleşýän Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan amala aşyrylýan sogaply işler ata-babalarymyzyň ynsanperwer ýörelgeleriniň dowamat-dowam bolýandygyny görkezýär. Gaznanyň howandarlygynda işe girizilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde çagalaryň ýüzlerçesine toplumlaýyn sagaldyş-dikeldiş bejergisi geçirildi. Dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň iň täze we seýrek görnüşli ýokary tehnologiýaly enjamlary oturdylan merkezde degişli bejergi-dikeldiş işlerini amala aşyrmak, lukmançylyk hyzmatlaryny ýokary derejede guramak üçin ähli zerur şertler döredilendir.
Gahryman Arkadagymyzyň mähir-söýgüsinden, ýürek yhlasyndan bina bolan Arkadag şäheri bu gün dünýäniň nazarynda. Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen gurluşygynyň ikinji tapgyryna girişilen Arkadag şäherinde Milli Liderimiziň tagallalary esasynda ekologiýa taýdan arassa we sanly ulgamyň mümkinçiliklerine daýanýan innowasion önümçilik kuwwatlyklary döretmek bilen baglanyşykly işler berk gözegçilikde saklanýar. Täze şäheriň ikinji tapgyrynda bina ediljek önümçilik toplumlarynyň hatarynda ýerli çig mallardan lukmançylyk serişdeleriniň, saglygy goraýyş enjamlarynyň dürli görnüşlerini öndürmäge niýetlenen lukmançylyk klasteri hem-de milli halyçylyk sungatynyň häzirki döwürde dowam etdirilmeginde, täze iş orunlarynyň döredilmeginde möhüm ähmiýeti bolan haly kärhanasy ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagyna, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokarlanmagyna mynasyp goşant goşar.
Ýurt we halkara derejedäki medeni dabaralaryň, sungat festiwallarynyň, bilim bäsleşikleriniň, sport ýaryşlarynyň yzygiderli ýaýbaňlandyrylýan ýerine öwrülen Arkadag şäherinde ilkinji gezek Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli şu ýylyň 22 — 27-nji iýuny aralygynda Medeniýet hepdeligi geçirildi. Gözbaşy müňýyllyklara uzaýan medeniýetimizi, baý milli mirasymyzy, däp-dessurlarymyzy dabaralandyrýan ajaýyp hepdeligiň berkarar döwletimiziň okgunly ösüşleriniň nyşanyna deňelýän Arkadag şäherinde geçirilmegi aýratyn many-mazmuna eýe bolup, il-ulsumyzyň kalbyna ganat bekledi. Arkadag şäheri baky baharyň mesgeni hem-de ak bagtyň şäheridir. Bu ýerde ýaşaýan her bir adam egsilmez söýgi, mähir bilen gurşalyp alnandyr. Arkadag şäheri — türkmen halkynyň ykbalynyň galkynan şäheri.
Baýrammyrat HAJYMÄMMEDOW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty
baradaky komitetiniň agzasy.