​Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский
04.07.2024

SARPASY BEÝIK SÖZ USSADY

 

Magtymguly Pyragynyň eserlerini okanyňda, pähim-paýhasa ýugrulan dürdäne setirleriň lezzetinden ganyp bolmaýar. Şeýle ölmez-ýitmez eserleriň döremegini şahyryň ata Watanyny, ene topragyny, il-halkyny jany-teni bilen söýendigi, milletiniň özbaşdak döwlet gurup, eşretli durmuşda ýaşamagyny ýürekden arzuw edendigi bilen düşündirip bolar. Akyldar şahyryň eserlerini hemmeler gyzyklanma bilen okaýarlar. Çünki onuň dostlugyň, parahatçylygyň, agzybirligiň waspy bolup ýaňlanýan şygyrlarynda Watana, halka bolan bimöçber söýgi-buýsanç duýgusy, ynsanperwer garaýyşlaryň, halkyň bagty, birek-birege sylag-hormatyň ähmiýeti mynasyp beýanyny tapýar. 

Beýik şahyryň «çoh garaşan ajap eýýamynyň» eýesi bolan türkmen halky, türkmen döwleti häzirki döwürde ösüşleriň ak ýolundan bedew bady bilen öňe barýar. Ýurdumyz — asuda, ilimiz — bagtyýar. Bu gün Watanymyz parahatçylyk, agzybirlik höküm sürýän kuwwatly, baky berkarar ýurda öwrüldi. 

Taryhy özgertmelerdir ösüşlere beslenýän Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Watanymyzda akyldar şahyra goýulýan hormat-sar­panyň has-da belende göterilýändigine, eserlerini dünýä ýaýmakda uly işleriň amala aşyrylýandygyna her birimiz buýsanmaga haklydyrys. Ajaýyp zamanada geçirilýän giň gerimli dabaralar ýurdumyzyň berkararlygynyň, il agzybirliginiň, akyldar şahyrymyzyň arzuwynyň hasyl bolandygynyň aýdyň güwäsidir. 

Goý, dana şahyryň abraý-mertebesiniň dünýä ýüzünde has-da beýgelmegi üçin taýsyz tagallalary edýän, ýurdumyzy uly ösüşler, şöhratly gadamlar bilen öňe alyp barýan Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, işleri rowaç bolsun! 

 

Wezirgeldi Aşyrow, 

welaýat arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna 

garşy göreşmek gullugynyň başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.