Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть
«Taryh beýik işler bilen ýazylýar. Taryh halk üçin edilen, halk bilen bilelikde ýerine ýetirilen beýik amallar bilen ýazylýar». Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ajaýyp kitabyndan alnan bu jaýdar jümleler täze taryhy döwrümizde amala aşyrylýan il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli ägirt uly özgertmeleriň, bolup geçýän taryhy-syýasy ähmiýetli wakalaryň mysalynda öz aýdyň beýanyny tapýar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň pähim-parasady, egsilmez yhlasy we uzak geljegi nazarlaýan başlangyjy bilen kemala gelen Arkadag şäheriniň döredilmeginiň bir ýyllyk şanly senesi hem raýatlarymyzyň göwün guşuny ganatlandyrdy. Öňde baryjy tejribelere we täze tehnologiýalara esaslanyp bina edilýän bu şäher ýurdumyzdaky iri şäher gurluşyk taslamalarynyň biri bolup, onuň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ata Watanymyzyň döwlet berkararlygyny, ykdysady kuwwatynyň mizemezligini alamatlandyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň: «Köpetdagyň eteginde bina bolan Arkadag şäheri döwrümiziň beýikliginiň, halk üçin bitirilýän işleriň giň gerimlidiginiň aýdyň nusgasydyr» diýen ajaýyp sözlerinde Arkadag şäherinde amala aşyrylýan işleriň ähmiýeti öz beýanyny tapýar.
Ata Watanymyzyň taryhynda ilkinji döwlet ähmiýetli şäher hökmünde ykrar edilen Arkadag şäherine sebitiň ilkinji «akylly» hem-de «ýaşyl» şäher konsepsiýalaryna doly kybap gelýändigi üçin abraýly halkara guramalaryň güwänamalarynyň, sylaglarynyň gowşurylmagynda bu ugurda durmuşa geçirilýän giň gerimli we uzak geljegi nazarlaýan işleriň wajyplygy aýdyň görünýär. Şonuň üçin hem Arkadag şäheriniň gurluşygyna ýurdumyzyň täze taryhy döwrüniň beýik gudraty hökmünde baha berilýär.
Milli Liderimiziň başlangyjy hem-de tagallasy bilen 2019-njy ýylda Arkadag şäheriniň gurluşygyna badalga berildi. Sanlyja ýylyň içinde bu şäherde döwrebap tehnologiýalaryň we milli binagärlik däpleriniň sazlaşygy esasynda bina edilen ýaşaýyş jaýlary, medeni-durmuş maksatly binalar, seýilgähler we beýleki desgalar peýda boldy. Bagtyýar halkymyzyň buýsanç bilen «Arkadag» diýip atlandyran şäheri bu günki gün dünýäniň ýaşaýyş üçin iň rahat şäherine öwrüldi. Bu hakda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň düýbüniň tutulyş dabarasynda: «Täze Arkadag şäheri häzirki zamanyň ýaşamak we işlemek, dynç almak üçin iň amatly, kämil şäherleriniň biri boldy» diýip, aýratyn nygtap geçdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy we taýsyz tagallasy bilen binýat bolan Arkadag şäheri, sözüň doly manysynda, halkyň bagtyýar, abadan durmuşynyň, ýurdumyzyň ykdysady-senagat kuwwatynyň, şäher gurluşyk ulgamynda gazanan üstünlikleriniň we döwrebap tejribesiniň aýdyň beýanyna öwrülýär.
Rasul SADULLAÝEW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.