Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть
Bagtyýar çagalygyň, asuda, bol elin durmuşyň gujagynda erkana ýaýnaýan şadyýan çagalaryň mekanyna öwrülen gözel Diýarymyzda hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýaş nesillerimiz uly alada bilen gurşalýar. Çagalaryň durmuş goraglylygy döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrülýär. Ata Watanymyzyň aýdyň ertirleriniň eýeleri, bagtyýar halkymyzyň dowamaty hasaplanýan çagalaryň kämil bilim terbiýe almaklary, sagdyn bedenli, milli ýörelgelerimize ygrarly şahsyýetler bolup ýetişmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Ýaş nesillerimiziň aýratyn ukyp başarnyklaryny, ýiti zehinlerini ýüze çykarmak, saýlap alan ugurlary boýunça kämilleşmekleri üçin ýurdumyzda döredijilik bäsleşikleri, festiwallar yzygiderli geçirilýär. Ýurdumyzda we dünýä derejesinde geçirilýän abraýly halkara sport ýaryşlarynda hem bagtyýar nesillerimiziň gazanýan üstünliklerine şaýat bolýarys.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe çagalaryň we eneleriň saglygyny goramak babatda edilýän tagallalar ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň aýrylmaz bölegi hasaplanýar. Bu babatda Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyz abraýly halkara guramalar bilen hoşniýetli gatnaşyklary ýola goýýar.Ýurdumyz bilen ÝUNFPA, ÝUNISEF hem-de BSGG ýaly abraýly halkara guramalaryň arasynda eneleriň, çagalaryň we ýetginjekleriň saglygyny goramak boýunça uzak möhletleýin maksatnamalar hereket edýär.
Dünýäde bagtyýar çagalygyň we ähli arzuwlaryň hasyl bolýan ýurdy hökmünde belent ykrara eýe bolan berkarar Döwletimizde ýaş nesliň durmuş goraglylygy babatda ägirt uly işler amala aşyrylýar. Bu babatda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen binýady goýlan ynsanperwer döwlet syýasaty Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe has-da giň gerim bilen durmuşa geçirilýär. Täze taryhy döwürde ýaş nesil hakyndaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolmak bilen, bu babatda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Çagalaryň bagtyýarlygy Watanymyzyň buýsanjydyr. Biziň amala aşyrýan her bir işimiz, belent tutumlarymyz köňüllerimiziň guwanjy bolan şadyýan çagalarymyzyň bagtly geljegine gönükdirilendir» diýen ajaýyp sözlerinden ugur alnyp, nusgalyk işler durmuşa geçirilýär.
Ruhy we beden taýdan sagdyn, bilimli, ylymly, giň dünýägaraýyşly, hünärli nesiller ýurduň egsilmez kuwwatydyr, güýjüdir. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, şeýle nesiller bilen ýetilmejek menzil, edilmejek iş ýokdur. Şeýle kämil nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek üçin eziz Diýarymyzda ähli şert mümkinçilikleriň döredilmegi biziň her birimiziň başymyzy göge ýetirýär. Bagtyň gujagynda ýaşaýan bagtyýar çagalar şol mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, bilim alýarlar, boş wagtlaryny peýdaly, şatlykly geçirýärler.
Çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümini täsirli, göwün isleýişleri ýaly geçirmekleri üçin ýurdumyzda döredilen giň gerimli mümkinçilikler hem buýsançly söhbetlere esas bolup biler. Çünki, döwlet derejesindäki aladalaryň çäklerinde «Awaza» milli syýa hatçylyk zolagyndaky, Gökdere jülgesindäki we ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndaky döwrebap çagalar sagaldyş dynç alyş merkezleri ýurdumyzyň bagtyýar çagalarynyň hyzmatynda. Döwrüň kämil enjamlary bilen birkemsiz üpjün edilen bu merkezler «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň tomus paslynda hem bagtyýar çagalara gapylaryny giňden açdy.
Hazaryň türkmen kenarynyň bezegine öwrülen şypahana zolagyndaky «Daýanç», «Arzuw» sagaldyş-dynç alyş merkezleri, «Balkan» sagaldyş we dynç alyş merkezi tomus paslynyň ilkinji günlerinden çagalaryň şatlykly sesleriniň joşgunly ýaňlanýan ýerlerine öwrüldi. Bu ýerde çagalar birek-birek bilen tanyşýarlar, dostlaşýarlar. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat hem-de etrap, şäher geňeşleri tarapyndan dowamly geçirilýän özara bäsleşiklere uly höwes bilen gatnaşyp, bilim derejelerini, tebigy ukyp-başarnyklaryny görkezýärler hem-de ýörite baýraklara mynasyp bolýarlar.
Deňiz kenaryndaky «Älemgoşar», «Jadyly kenar», «Deňiz merjeni» ýaly oýun attraksionly seýilgähler hem-de «Salkyn kenar» medeni dynç-alyş seýilgähi bolsa çagalaryň aýratyn höwes bilen gelýän künjekleridir. Bu seýilgähleriň ajaýyp mümkinçilikleri bagtyýar çagalarda ýatdan çykmajak ýakymly täsirleri galdyrýar.
Tomusky dynç alyş möwsüminiň her bir gününi ýakymly, täsirli pursatlara besleýän bagtyýar çagalar özleri barada edilýän ägirt uly aladalar üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza päk ýürekden çykýan alkyş sözlerini aýdýarlar. Bagt bagynyň saýrak bilbilleriniň çaga kalbyndan çykýan alkyşlary olaryň zybanynda goşgy gazala, aýdym mukama öwrülýär.
Guwanç ÇENDIROW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşiniň
başlygy, Mejlisiň deputaty