Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть
Hormatly Prezidentimiziň döwletiň we jemgyýetiň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegine gönükdirilen syýasaty ilatyň abadançylygy üçin üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet maksatnamalarynda öz beýanyny tapýar.
Esasy Kanunymyzyň 16-njy maddasynda: «Döwlet ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň ösüşine ýardam edýär, şeýle hem bu ugurlarda halkara hyzmatdaşlygyny goldaýar» diýlip kesgitlenilýär. Bu konstitusion kadalar «Aragatnaşyk hakynda», «Döwlet ylmy-tehniki syýasaty hakynda», «Innowasiýa işi hakynda», «Ylmy-tehnologiýa parklary hakynda», «Türkmenistanda Internet torunyň ösüşini we internet hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda», «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda», «Maglumatlar we ony goramak hakynda», «Kiber howpsuzlyk hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynda giňişleýin beýan edilendir.
Amatlylyk, çaltlyk, tygşytlylyk ýaly düşünjeler bilen berk bagly bolan sanly ulgam ykdysadyýetimiziň dürli pudaklaryna ornaşdy. Häzirki wagtda ýurdumyzda «Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy», Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» ýaly iri taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ata Watanymyzyň ähli ulgamlarynyň durnukly ösüşine uly itergi berýän sanly ulgamyň yzygiderli ornaşdyrylmagy «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmäge, şeýle-de jemgyýetde we döwlet dolandyryşynda maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalarynyň paýynyň artmagyna, adamlaryň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň yzygiderli gowulanmagyna giň mümkinçilikleri döredýär. Ol ylmyň we tehnikanyň ösüş kuwwatyna, jemgyýetiň ylmy-tehniki meseleleri çözmek bilen bagly mümkinçilikleriniň hem-de gorlarynyň derejelerine toplumlaýyn baha bermek bilen häsiýetlendirilýär. Onuň görkezijileri bolup bu ugurda zähmet çekýän hünärmenler, işleriň maddy-tehniki üpjünçiligi, maglumatlar gory ýaly görnüşler çykyş edýär. Şunuň bilen bir hatarda, «Administratiw önümçilik hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 20-nji maddasynda: «Administratiw önümçiligiň amala aşyrylmagy ýönekeý, maksadalaýyk we gysga möhletli bolmalydyr» diýen kada berkidilendir. Bu kada, ilkinji nobatda, önümçiligiň ähli babatda tygşytlylygyny aňladýar. Ýagny, mümkin boldugyça, az harajat etmek bilen kesgitli netijäniň ýa-da anyk serişdeleriň üsti bilen mümkin bolan oňyn netijäniň gazanylmagyny göz öňünde tutýar. Ýönekeýlik we maksadalaýyklyk diňe çözgüt kabul etmek üçin zerur bolan ýagdaýlaryň ýüze çykarylmalydygyny, eger ýüze çykan sorag häzirki zaman elektron serişdeler arkaly çözülip bilinýän bolsa, önümçiligiň raýaty ýa-da ýuridik şahsyň wekilini çagyrmazdan amala aşyryp bolýandygyny aňladýar.
Goý, halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagy üçin giň gerimli işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt, umumadamzat bähbitli beýik işleri elmydama rowaç bolsun!
Sahyberdi JEPBAROW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty,
Mejlisiň Kada-kanunçylyk baradaky
komitetiniň agzasy