​Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский
25.07.2024

HALK MASLAHATY – HALKYŇ BAÝRAMY

 

Mil­li ­jem­gy­ýe­ti­mi­ziň ­sy­ýa­sy­ hu­kuk­ esas­la­ry­nyň­ dur­mu­şa ­ukyp­ly, ­il­ bäh­bit­li,­ döw­let ­ähmi­ýet­li­ ösüş ­ýol­la­ry­nyň ­tä­ze­ we­zi­pe­le­ri­ni­ kesgitlemek­de­ we ­hal­kyň ­ynam­ bil­dir­ýän ­we­kil­le­ri bi­len­ mas­la­hat­la­şyp, ge­ňe­şip,­ mö­hüm­ çöz­güt­le­ri ­ka­bul­ et­mek­de ­Türk­me­nis­ta­nyň­ Halk­ Maslaha­ty­nyň ­aý­ra­tyn­ mö­hüm­ or­ny ­bar­dyr. 

Halk­ Mas­la­ha­ty­ Ga­raş­syz­lyk ­ýyl­la­rynda­ döw­let­ bi­len jemgyýetçiligiň ­arasyn­da­ hyz­mat­daş­ly­gyň,­ jem­gy­ýe­tiň je­bis­li­gi­niň­ berk köp­rü­si­ne­ öw­rül­di.­ Döw­le­ti­mi­ziň­ ösü­şi­niň ­iň ­mö­hüm ­we­zi­pe­le­ri,­ jemgyýet­çi­lik­ dur­mu­şy­nyň­ döw­rüň ­ta­lap­la­ry­na gö­rä­ öz­ger­dil­me­gi­niň­ ugur-­ýol­la­ry­ ba­ra­da­ky anyk­ çöz­güt­le­ri­ ka­bul­ et­me­giň ­mün­be­ri­ne öwrülen­ Halk ­Mas­la­ha­ty­nyň ­mej­lis­le­ri­ne ­gatnaş­ýan ­ýa­şu­lu­lar,­ýaş­lar, jem­gy­ýe­tiň­ dür­li­ gatlak­la­ry­na ­we­kil­çi­lik­ ed­ýän­ adam­lar­ ber­ka­rar döwletiň­ ösüş­ ýol­la­ry­nyň­ tä­ze­ we­zi­pe­le­ri­ne çuň­ dü­şün­mek­ bi­len,­ ola­ry ýe­ri­ne ­ýe­tir­me­giň jo­gap­kär­çi­li­gi­ni­ ýü­rek­den ­du­ýup,­ hal­kyň ­bagty­ýar­ dur­mu­şy­ny ­üp­jün ­et­mek­de,­ ne­sil­le­riň­ ygty­bar­ly­ gel­je­gi­niň ­berk­ binýadyny ­dö­ret­mek­de döw­le­ti­mi­ziň ­müm­kin­çi­lik­le­ri­niň ­ulu­dy­gy­na­ göz ýe­tir­ýär­ler­ we­ hal­kyň­ dur­mu­şy­nyň­ aý­ryl­maz bö­le­gi­ne­ öw­rü­len­ bu­ forumyň­ ýü­ze­ çy­kar­ýan tä­ze­lik­le­ri­ni, ­bu­ ýer­de ­öňe ­sü­rül­ýän başlangyçlary,­ öň­de ­goý­lan­ we­zi­pe­le­ri ­hal­kyň ­ara­syn­da giň­den­ düşündirmek­de ­iş­jeň­lik­ gör­kez­ýär­ler.­ Türk­me­nis­ta­nyň ­Halk­ Mas­la­ha­ty­ hal­kyň ­wekil­çi­li­gi­niň,­ is­leg­ ar­zuw­la­ry­nyň,­ wa­tan­çy­lyk baş­lan­gyç­la­ry­nyň­ ýü­ze­ çyk­ýan­ ýe­ri­ hök­mün­de uly ­ab­ra­ýa ­we­ yna­ma­ eýe ­bol­dy.­ Halk­ Masla­haty­ hal­kyň­ eziz­ Wa­ta­ny­my­zyň­ gül­läp ­ösüş­le­ri­ne dahyllylygynyň,­ jem­gy­ýe­tiň­ mil­li­ de­mok­ra­tik ýö­rel­ge­le­riň­ il­ bäh­bit­li­ ma­ny­-maz­mu­ny­na çuň­ňur­ dü­şün­me­gi­niň­ we­ her­ bir­ ösüş­ maksat­la­ry­ny­ bag­ty­ýar­ly­gyň,­ ynam­ly­ ýa­şaý­şyň eg­sil­mez ­çeş­me­si ­hök­mün­de ­ka­bul ­et­me­gi­niň ruhlandy­ry­jy­ da­ýan­jy­dyr. 

Ýur­du­myz­da ­döw­let­ de­re­je­li­ iň­ wa­jyp ­mese­le­le­re ­hal­kyň­ ynam­dar we­kil­le­ri­niň­ gat­naşma­gyn­da­ Halk­ Mas­la­ha­ty­nyň­ mej­lis­le­rin­de ga­ral­ýar­ we­ de­giş­li­ çöz­güt­ler ­ka­bul­ edil­ýär.­ Şu­nuň­ bi­len­ bir­lik­de,­ ber­ka­rar­ döwleti­mi­ziň ösüş­le­ri­ne ­gör­nük­li­ go­şant ­go­şan­ il­deş­le­ri­mi­zi sy­lag­la­mak,­ mer­te­be­si­ni­ be­len­de­ gal­dyr­mak des­sur­la­ry­ hem­ bu­ fo­ru­myň­ asyl­ly­ däbine öw­rül­di.­ 2023-­nji­ ýy­lyň­ 24­-nji­ sent­ýab­ryn­da ge­çi­ri­len ­Halk­ Masla­ha­ty­nyň ­mej­li­sin­de­ hormat­ly ­Pre­zi­den­ti­miz­ Ser­dar Berdimuhamedowa hal­kyň­ we­kil­le­ri­niň ­tek­li­bi ­bi­len­ Türk­me­nis­tanyň Gah­ry­ma­ny ­di­ýen ­be­lent­ adyň ­da­kyl­ma­gy ba­ra­da ­ka­bul­ edi­len ­Ka­rar Halk ­Mas­la­ha­ty­nyň türk­men­ hal­ky­nyň­ ýü­rek­ ar­zuw­la­ry­nyň ­ýü­ze çykýan, ha­syl­ bol­ýan ­ýe­ri ­hök­mün­dä­ki­ be­lent or­nu­ny­ ýe­ne ­bir­ ge­zek ­tas­syk­la­dy. 

Türk­men­ hal­ky­nyň­ Mil­li­ Li­de­ri, ­Halk­ Masla­ha­ty­nyň­ Baş­ly­gy­ Gahry­man­ Ar­ka­da­gy­myz Türk­me­nis­ta­nyň­ Halk­ Mas­la­ha­ty­nyň­ köp ýyllaryň­ do­wa­myn­da­ ýo­la­ goý­lan­ işi­ni ­milli­ de­mok­ra­tik­ däp­le­re, aýanlyk,­ ada­lat­ly­lyk,­ döw­let­li­lik,­ka­nu­ny­lyk ­we ­jem­gy­ýet­çi­lik ­pi­ki­ri­ni na­za­ra­ al­mak­ tej­ri­be­si­ne ­esas­la­nyp,­ döw­let äh­mi­ýet­li,­ il­-ýurt­ bäh­bit­li sowal­la­ry ­halk ­bi­len mas­la­hat­la­şyp­ çöz­mek­de­ top­la­nan­ mil­li ­tej­ri­be hökmün­de ­hä­si­ýet­len­dir­ýär.­ Şeý­le­ çuň ­paý­ha­sa esas­lan­ýan­ ga­ra­ýyş berka­rar ­türk­men­ döw­le­tiniň­ hä­zir­ki­ za­man­ ösü­şi­niň­ nuk­daý­na­za­ry­ bolup dur­ýar.­Ol­ halk­ bi­len­ döw­le­tiň­ ag­zy­bir­li­gi­dir,­ Gah­ry­man­ Arkadagymy­zyň ­hem-­de­ hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ­öz ­hal­ky­na ­be­ýik­ sarpa­sy­dyr,­ ýa­şu­ly ­nes­le­ go­ýul­ýan ­uly­ hor­maty­dyr, ­ýaş­la­ra bil­di­ril­ýän berk ­ynam­ydyr.­ 

«Pä­him-­paý­has­ um­ma­ny­ Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy»­ ýy­lyn­da­ bitirilýän iş­ler, ­ýe­til­ýän­ belent ­sep­git­ler,­ ýur­du­my­zyň­ hal­ka­ra­ gi­ňiş­lik­de beýgelýän,­ ber­ke­ýän­ or­ny­ hal­kyň­ be­ýik­ gelje­ge­ ym­tyl­ýan­ is­leg­ arzuwlary­nyň­ ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň­ alyp ­ba­ran­ sy­ýa­sa­tyn­da­ giň­den şöhle­len­ýän­di­gi­ne­ şa­ýat­lyk­ ed­ýär.­ Şu­ ýy­lyň 12-­nji­ iýu­lyn­da­ al­ty­ aýyň­ jem­le­ri­ne­ ba­gyşla­nyp­ ge­çi­ri­len­ Türk­me­nis­ta­nyň­ Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň gi­ňiş­le­ýin ­mej­li­sin­de ­be­ýan ­edi­len mag­lu­mat­la­ra ­na­zar­ aý­la­ny­myz­da, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man­ Serdarymyzyň­ baş­tu­tan­ly­gyn­da ýur­du­my­zyň­ beýik ­mak­sat­ly­ ösüş­ ýo­ly­ bi­len ynam­ly ­he­re­ket­ ed­ýän­di­gi­ne­ şa­ýat bolýarys. 

Türk­men­ hal­ky ­mu­kad­des­ Ga­raş­syz­ly­gymy­zyň­ 33 ­ýyl­lyk­ şan­ly baý­ra­my­ny ­uly­ ru­hu­belent­lik­ bi­len ­gar­şy­la­ýar.­Türk­me­nis­ta­nyň­ Halk Mas­la­ha­ty­nyň­ şu­ ýy­lyň­ 24-­nji­ sent­ýab­ryn­da ge­çi­ril­jek­ no­bat­da­ky­ mejlisin­de­-de­ gel­jek­ki ösüş­le­ri­mi­ziň­ tä­ze,­ be­lent­ we­zi­pe­le­ri­niň kesgitlen­me­gi­ne­ we ­ola­ry ­ýe­ri­ne­ ýe­tir­me­giň­ ýol­la­ry ba­ra­da­ky­ çöz­güt­le­re­ ga­raş­ýan­ hal­ky­my­zyň ­geljek ­ba­ra­da­ky ­mak­sat­la­ry ­aý­dyň,­ üm­zük­le­ri­ ileri. 

 

Ata­ SER­DA­ROW,­ 

Türk­me­nis­ta­nyň­ De­mok­ra­tik par­ti­ýa­sy­nyň­ baş­ly­gy, 

Türk­me­nis­ta­nyň­ Mej­li­si­niň­ de­pu­ta­ty.