Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть
Parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de oňyn Bitaraplyk türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän ýurdumyzyň daşary syýasy strategiýasynyň binýadyny düzýär. Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy dünýä döwletleri bilen açyk, yzygiderli, netijeli gatnaşyklarynyň möhüm şerti bolup durýar.
Hemişelik Bitarap ýurdumyz täze taryhy eýýamda tutuş sebitiň we dünýäniň parahatçylyk döredijilik merkezi hökmünde ykrar edildi. Munuň şeýledigine Türkmenistanyň başlangyçlary boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen Kararnamalaryň birnäçesi, şol sanda 12-nji dekabryň «Halkara Bitaraplyk güni» diýlip yglan edilmegi, «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy saklamakda we pugtalandyrmakda hem-de durnukly ösüş işinde bitaraplyk syýasatynyň orny», «Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny» hakynda Kararnamalar aýdyň şaýatlyk edýär.
BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilmegi Türkmenistanyň halkara jemgyýetçiliginde parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan dialogy ösdürmek boýunça alyp barýan yzygiderli tagallalarynyň nobatdaky üstünligi boldy.
Türkmenistanyň halkara giňişliginde öňe sürýän islendik teklipdir başlangyçlarynyň, alyp barýan syýasy işiniň gözbaşynda oňyn Bitaraplyk ýörelgeleri durandyr. Türkmen halky asyrlaryň dowamynda parahatçylygy we asudalygy gymmatlyk derejesine göterip, arzylap gelen halkdyr. Munuň şeýledigine Gahryman Arkadagymyzyň «Bitarap Türkmenistan», «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly eserlerini okanyňda hem göz ýetirmek bolýar. Parahatçylyk we durnukly ösüş ýurdumyzyň Bitaraplygynda jemlenendir we ol daşary syýasat ugrunyň esasy daýanjy bolup durýar.
Merdan ORAZMEREDOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy, Mejlisiň deputaty