​Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский
02.08.2024

TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY: TÄZE BELENTLIKLERIŇ ÝOLY

 

Hormatly Prezidentimiziň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 12-nji iýulynda geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygynyň baýram edilýän günlerinde paýtagtymyz Aşgabatda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine şu günlerden ýokary derejede taýýarlyk görmek baradaky tabşyryklary il-ýurt ähmiýetli döwletli işlere täzeçe badalga berdi. Munuň özi türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» atly ynsanperwer taglymatynyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe has çuň mazmun bilen baýlaşýandygyny dabaralandyrýar. 

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 61 -nji maddasynda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Halk Maslahaty Türkmenistanyň halkynyň bähbitlerine wekilçilik edýän ýokary wekilçilikli edara bolup durýar. «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Konstitusion kanunyň 1-nji maddasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazananlaryny has-da berkitmek, ýurdumyzy ösüşiň has ýokary derejelerine çykarmak üçin ählihalk hereketini ýaýbaňlandyrmak, jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer we kanunçylyk-hukuk ulgamlarda täze sepgitlere ýetirmek, iň täze taryhymyzda gazanylan üstünlikleri wagyz etmek maksady bilen döredilýändigi beýan edilýär. 

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň 2024-nji ýylyň 20-nji iýulynda «Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak we guramaçylykly geçirmek hakynda» Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň Kararyna gol çekmegi hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» atly döwlet ideologiýasyny dabaralandyrdy. Karara laýyklykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy. Kararyň mazmunynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanyna Türkmenistanyň Mejlisi bilen bilelikde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmek we ony geçirmek bilen bagly işlerde welaýatlaryň, etraplaryň hem-de şäherleriň halk maslahatlaryna guramaçylyk-usulyýet taýdan ýardam bermek we bu işleri utgaşdyrmak baradaky wezipeler kesgitlenildi. Şeýle hem welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň halk maslahatlary Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň düzümine welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň halk maslahatlary tarapyndan teklip edilýän jemgyýetçilik wekillerini hödürlemegiň Tertibine laýyklykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň düzümine welaýatlar we Aşgabat şäheri boýunça jemgyýetçilik wekilleriniň sanawyny 2024-nji ýylyň 1-nji sentýabryna çenli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanyna bermek bellenildi. 

Bu bolsa Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň demokratiýa, aýanlyk, adalatlylyk, kanunyň hökmürowanlygy, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryny ileri tutmak, adamyň we raýatyň kanunyň öňündäki deňligi, adamyň hukuklaryna we azatlyklaryna hormat goýmak, çözgütleri erkin ara alyp maslahatlaşmak we kabul etmek, jemgyýetçilik pikirini nazara almak ýaly ýörelgeleriniň durmuş hakykatynda öz beýanyny tapýandygyny görkezýär. 

Bilşimiz ýaly, Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işi, wezipeleri we ygtyýarlyklary döwrüň talabyna laýyklykda yzygiderli kämilleşdirildi. Şunda Gahryman Arkadagymyzyň beýik tagallalary esasynda geçirilen konstitusion özgertmeler ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň okgunly ösüşini üpjün etdi. Bu ösüşler bolsa agzybir halkymyzyň medeni-durmuş ýagdaýyny ýokary derejelere çykardy. 

Şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk toýunyň baýram edilýän günlerinde geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi hem şöhratly milletimiziň döwleti dolandyrmakda toplan köpasyrlyk tejribesini çuň mazmun bilen baýlaşdyrar. Milli ykdysadyýetimiziň kuwwatynyň has artmagy, jemgyýetiň agzybirliginiň we jebisliginiň berkemegi, milli demokratiýanyň ösmegi ugrunda durmuşa geçirilen beýik işleri dabaralandyryp, ösüşiň täze sepgitlerini kesgitlär. 

Ýurdumyzy ösüşiň täze belentliklerine tarap alyp barýan Arkadagly Gahryman Serdarymyza, Gahryman Arkadagymyza berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli döwletli tutumlarynda uly rowaçlyklary arzuw edýäris. 

 

Bäşim ANNAGURBANOW, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, 

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň 

Merkezi geňeşiniň başlygy