​Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский
03.08.2024

SPORT ULGAMY: HUKUK BINÝADY BERKIDILÝÄR

 

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde amala aşyrylýan beýik işlerde halkymyzyň bagtyýar durmuşy, ilkinji nobatda bolsa ýaş nesliň röwşen geljegi ugrundaky aladalar baş wezipeleriň hatarynda durýar. Ýurdumyzyň hukuk binýadyny kämilleşdirmek işini milli parlament esasy we möhüm wezipe edip öňe çykarýar. Çünki demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň hukuk binýadyny döwrebap derejede kämilleşdirmek, ony halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryndan ugur alyp döwrebaplaşdyrmak häzirki döwrüň möhüm talaby hasaplanýar. 

Döwletimiziň ösüş maksatnamalarynyň, şol sanda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» esasy ugurlarynda bilimde, ylymda we tehnikada gazanylan oňyn netijelere esaslanyp, milli bilim ulgamyny kämil derejede ösdürmek, ylymly, bilimli, giň gözýetimli, maksada okgunly, berk bedenli, sagdyn ruhly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek, öň­debaryjy innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak işlerini amala aşyrmak derwaýys maksatlar hökmünde kesgitlenýär. 

Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň altynjy maslahatynyň gün tertibine girizilen birnäçe kanunlar bilen bir hatarda, «Bedenterbiýe we sport hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda», «Döwlet ylmy-tehniki syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda», «Ylmy edaralar hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetme girizmek hakynda», şeýle hem «Sportda dopinge garşy göreşmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň kabul edilmegi maksatnamalaýyn işleriň yzygiderliligini aýdyň görkezýär. 

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlar syýasatynyň esasy ugurlaryna laýyklykda, geljegimiz bolan ýaş nesliň döwrebap bilim almagy, ylym bilen meşgullanmagy, sport çärelerine işjeň gatnaşmagy, watansöýüjiligiň we ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelenmegi, ýurduň jemgyýetçilik durmuşynda alnyp barylýan işlere, özgertmelere goşant goşmagy, şeýle hem bilimdir tejribeleriniň ykdysady ösüşlere gönükdirilmegi ugrunda giň mümkinçilikler döredilýär. Kämilligiň sagdynlykdan gözbaş alýandygy şübhesizdir. Saglyk — munuň özi güýjüň, gözelligiň, bagtyýarlygyň we beýik sepgitlere ýetmäge ynamyň bir ýere jemlenmesi. Hut şonuň üçin hem ýaş nesliň bilim, ylym derejesini ýokarlandyrmak bilen birlikde, saglygyny goramak we dikeltmek boýunça edilýän aladalar döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. 

Köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, türkmen sportunyň abraýyny halkara derejede ýokarlandyrmak babatda döwlet tarapyndan alnyp barylýan beýik işler oňyn netijesini berýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň esasy ýörelgelerinden ugur alýan bedenterbiýe we sport ulgamynyň hukuk binýady döwrüň talaplaryna hem-de halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda kämilleşdirilýär. «Bedenterbiýe we sport hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda» Kanunda maýyplygy bolan we saglyk mümkinçilikleri çäkli adamlaryň dürli derejeli halkara sport ýaryşlaryna, şol sanda Paralimpiýa oýunlaryna gatnaşmagyny düzgünleşdirmek we goldamak baradaky kadalar kämilleşdirildi. Şeýle hem bu ugurda ygtyýarly döwlet edarasynyň bedenterbiýe we sport bilen bagly hyzmatlary sertifikatlaşdyrmak babatda ygtyýarlylygyny gi­ňeltmek boýunça kadalar hukuk resminamasynda öz beýanyny tapdy. 

Türgenleşik geçirilýän fitnes zallaryny hem-de olardaky trenažýorlary tehniki howpsuzlyk düzgünlerine laýyk getirmek, şeýle hem bu ugruň tälimçileriniň tejribesini, bilimini, nazary we usuly taýdan taýýarlygyny düzgünleşdirmek babatda hyzmatlary sertifikatlaşdyrmak işini ýörite döwlet edarasynyň ygtyýarlygynda amala aşyrmak maksady bilen Kanuna girizilen goşmaça sporta ykbalyny baglanlaryň geljekde gazanjak üstünliklerini nazarlaýar. 

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de döwlet Baştutanymyzyň göreldesine eýerýän türkmen türgenleri halkara derejede geçirilýän sport ýaryşlarynda ýurdumyzyň abraýyny belende göterýärler. Şeýle ýaryşlarda ýüze çykýan gatnaşyklary döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen «Sportda dopinge garşy göreşmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda» Kanun Bütindünýä dopinge garşy agentligi tarapyndan kabul edilen, 2021-nji ýylda güýje girizilen bu agentligiň täze Kodeksiniň hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) sportda dopinge garşy göreşmek hakynda Konwensiýasynyň kadalaryna laýyk gelýär. Has takygy, Türkmenistanyň Dopinge garşy göreşmek baradaky milli agentliginiň hukuk ýagdaýy, doping hökmany gözegçiligi we ony geçirmegiň şertleri baradaky kadalar, şeýle hem bedenterbiýe we sport guramalarynyň, sportuň görnüşleri boýunça milli federasiýalaryň hem-de türgenleriň borçlary Bütindünýä dopinge garşy agentliginiň Kodeksiniň talaplaryna laýyk getirildi we döwrebaplaşdyryldy. Sportda dopinge garşy kadalaryň bozulmagy bilen bagly jedelleriň Türkmenistanyň Dopinge garşy milli agentliginiň kadalaryna laýyklykda çözülýändigi kesgitlenildi. 

«Bedenterbiýe we sport hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda», «Sportda dopinge garşy göreşmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda» Kanunlaryň kabul edilmegi ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini, köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge, türgenlerimiziň milli we halkara derejede geçirilýän ýaryşlara gatnaşyp, ýokary netijeleri gazanmagyna, döwletimiziň sport abraýynyň has ýokarlanmagyna uly itergi bermek bilen, täze üstünliklere giň ýol açýar. 

 

Bahar SEÝIDOWA, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň Ylym, bilim, medeniýet 

we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň başlygy.