​Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский
04.08.2024

ILATYŇ DURMUŞ GORAGLYLYGYNY PUGTALANDYRYP

 

 Garaşsyz ýurdumyzda ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak babatda uly işler amala aşyrylýar. Iş ýerlerini, ilatyň gazanç etmegi üçin beýleki şertleri döretmek, köp çagaly maşgalalara we döwlet kömegine mätäçlere hemaýat bermek durmuş syýasatynyň wajyp ugurlary hasaplanýar. Ilatyň girdejileriniň ýokary derejesini saklamak, ony hukuk, ykdysady, guramaçylyk taýdan üpjün etmek meselesi üns merkezinde saklanylýar. Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň birinji ýarymynda alnyp barlan işleriň jemlerine bagyşlanyp, 12-nji iýulda geçirilen giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz döwlet syýasatynyň bagtyýar raýatlarymyzyň hal-ýagdaýyny yzygiderli gowulandyrmaga gönükdirilendigini belläp, 2025-nji ýylyň ýanwaryndan başlap, zähmet haklaryny, pensiýalary, döwlet kömek pullaryny we talyp haklaryny 10 göterim ýokarlandyrmak hakynda Permana gol çekdi. 

Ilatyň durmuş goraglylygy ulgamy dünýä meýillerini göz öňünde tutýar we şol bir wagtyň özünde ýurduň özboluşlylygyny, taryhyny, demografik, durmuş aýratynlyklaryny beýan edýär. Döwlet býujetiniň köp bölegi tölegsiz umumy orta bilime we saglygy goraýyş, ýaşaýyş jaýlarynyň, jemagat, ulag-aragatnaşyk hyzmatlarynyň tölegleriniň pes derejesini saklamaga gönükdirilýär. Ilatyň ýaşaýşy üçin zerur harytlara, jemagat hyzmatlaryna elýeterli bahalar kesgitlenilýär. Türkmenistanda-da döwlet kömek pullary, pensiýa üpjünçiligi ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, onuň işini, ykdysadyýeti dolandyrmagyň bazar gatnaşyklaryna esaslanýan özgertmeleri hasaba almak bilen, täzeçe guramak, ulgamyň maliýe durnuklylygyny pugtalandyrmak boýunça toplumlaýyn işler yzygiderli dowam etdirilýär. 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen de­ňeşdirilende, şu ýylyň birinji ýarymynyň jemleri boýunça maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna milli ykdysadyýeti ösdürmäge gönükdirilen maýa goýumlaryň möçberi 20,8 göterim artyp, ol jemi içerki önümiň 17,3 göterimine deň boldy. Şunda özleşdirilen düýpli goýumlaryň 48,5 göterimi önümçilik, 51,5 göterimi durmuş we medeni maksatly binalaryň gurluşygyna gönükdirildi. 

Ilatyň durmuş taýdan goraglylygynyň kepilliklerini döretmek babatda 13-nji iýulda «Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksine üýtgetme girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilendigini bellemek gerek. Oňa laýyklykda, kodeksiň 8-nji maddasynyň üçünji bölegine täze düzgünler girizildi. Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň degişli ýerli edarasynda bellenilmegiň sanly ulgam arkaly hem amala aşyrylyp bilinýändigi, pensiýalary ýa-da döwlet kömek pullaryny alýanlaryň bu gaznanyň degişli ýerli edarasynda sanly ulgam arkaly bellenilmeginiň tertibiniň Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi tarapyndan tassyklanylýandygy berkidildi. Bu kadanyň esasy maksady «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyndan» hem-de «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyndan» gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmekden, ulgamyň işini we kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmekden, sanly hyzmatlaryň gerimini gi­ňeltmekden ybaratdyr. Indi pensiýa, döwlet kömek puluny alýan adam her alty aýdan bir gezek Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň degişli ýerli edarasynda bellenilmäge borçludyr. Bu işi onlaýn usulynda hem amala aşyrmak mümkin. Elbetde, munuň özi bu hyzmatdan peýdalanýanlaryň işini ýe­ňilleşdirmäge, wagtyny tygşytlamaga ýardam eder. 

Ýurdumyzda durmuş hyzmatlarynyň, hususan-da, adamlaryň aýratyn toparlarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak we esasy şahsy zerurlyklaryny özbaşdak üpjün etmegi babatda mümkinçiliklerini gi­ňeltmek, kyn durmuş ýagdaýyny ýe­ňip geçmegi, şahsy zerurlyklarynyň kanagatlandyrylmagy üçin görülýän çäreleriň we hereketleriň toplumynyň maksadalaýyk guralmagy uly ýe­ňillikleri döredýär. Milli derejede meýilnamalaýyn ýerine ýetirilýän işleriň hatarynda durmuş taýdan hyzmat edýän edaralaryň we guramalaryň ygtyýarlyklarynyň çäklerinde ilatyň durmuş taýdan goldawa mätäçlik çekýän gatlagyna edilýän hyzmatlaryň gerimi gi­ňeldilýär. Olary maddy taýdan goldamak boýunça çäreler döwrüň talabyna laýyklykda yzygiderli kämilleşdirilýär. Dünýä tejribesinde, adatça, özüne hyzmat etmek mümkinçiligini kem-käsleýin ýa-da doly ýitiren adamlara durmuş hyzmatyny etmek, eneligi we çagalygy goramak, gartaşan adamlar bilen işlemek boýunça durmuş goraglylygynyň edaralarynyň esasy işi köp halatda maddy kömek bermek bilen baglydyr. Emma häzir bu kömek şeýle adamlaryň ýaşaýyş taýdan möhüm hyzmatlara elýeterliligini ýe­ňilleşdirmäge, işjeň hereketiň döwrüni uzaltmaga gönükdirilýär. Mysal üçin, «Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, ýokanç däl keselleriň esasy görnüşleriniň (ýürek-damar, onkologik keseller, öýkeniň obstruktiw keselleri (bronhial astma) we süýjüli diabet) döremeginiň öňüniň alynmagyna, olaryň güýçlenmeginiň töwekgelçiliginiň sebäpleriniň aradan aýrylmagyna gönükdirilen çäreler toplumy durmuşa geçirilýär. Şunda ýokanç däl keselleri (ýagdaýlary), olaryň güýçlenmeginiň esasy töwekgelçiliginiň sebäplerini ir ýüze çykarmak maksady bilen, her ýyl degişli saglygy goraýyş edaralary tarapyndan kesgitli ýaşa ýeten adamlaryň (erkekler üçin 45 — 62 ýaş, zenanlar üçin 45 — 57 ýaş) öňüni alyş lukmançylyk gözden geçirmesi amala aşyrylýar. Bu bolsa ilatyň ömür dowamlylygyny artdyrmak babatda saglygy goraýyş ulgamynyň öňüni alyş çäreleriniň netijeliligini üpjün edýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda ilatyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen wezipeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ilatyň kesellere garşy göreşmek ukybyny ýokarlandyrmak, keseli irki döwürde anyklamagyň, ony bejermegiň saglygy goraýyş we ykdysady taýdan netijeli taslamalaryny amala aşyrmak, saglygy goraýyş ulgamynyň işini has-da kämilleşdirmek «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň esasy wezipelerini düzýär. Şunuň bilen bir hatarda, Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda kesgitlenen zähmet gorlarynyň hilini we ilatyň iş üpjünçiligi meselelerini, zähmet haklarynyň tölenilişini kämilleşdirmek, hususan-da, adamlaryň girdejilerini, durmuş derejesini ýokarlandyrmak, önümçiligiň netijeliligini artdyrmak üçin maddy taýdan höweslendirmek ýaly wezipelerden ugur alnyp, zähmet hakynyň hakyky möçberini ýokarlandyrmak boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Sanly ykdysadyýete geçilmegi täze hünärleri döredýär. Bu bolsa innowasion ösüşi gazanmakda we ýokary hünärli işgärleri taýýarlamakda bilim ulgamy bilen zähmet bazarynyň özara baglanyşygyny üpjün edýär. 

 

Merjen BORJAKOWA, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty 

baradaky komitetiniň hünärmeni.