​Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский
08.08.2024

BEREKETLI TOPRAK EŞRET GETIRÝÄR

 

Ýurt Garaşsyzlygymyzyň geçen ýyllarynda Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda döwletimiziň ösüşlerini berkidip, oýlanyşykly işlenilip düzülen, giň möçberli milli maksatnamalar esasynda ýene-de öňe barýarys. Ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş derejesini düýpli gowulandyrmak üçin bar bolan ähli önümçilik, maliýe we zähmet serişdeleri herekete girizilýär. Sebitleri ösdürmek boýunça düýpli maksatnamalar durmuşa geçirilýär. 

Geçen ýyllarda gazanylanlara ser salyp, döwletimiziň Garaşsyzlyk ýyllarynda uly ösüş ýoluny geçendigi barada buýsanç bilen oýlanýarys. Milli Liderimiziň oba hojalyk önümçiliginiň kuwwatyny artdyrmak, ýeriň hasyl berijilik derejesini ýokarlandyrmak boýunça başlangyçlarynyň hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda yzygiderli dowam etdirilmegi pudagyň ösüşlerini ýene-de güýçlendirýär. Munuň şeýledigine biziň welaýatymyzyň mysalynda göz ýetirse bolýar. Şu ýyl welaýatymyzyň gallaçylary Watan harmanyna 310 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylyny tabşyrdylar.

Ilatyň galla bolan isleginiň üpjün edilmegi azyk garaşsyzlygynyň esasy görkezijisi bolup durýar. Häzirki wagtda oba hojalyk toplumy tarapyndan galla bolan içerki isleg doly kanagatlandyrylýar. Gallanyň ätiýaçlyk gory hem döredildi. Döwletimiz tarapyndan daýhanyň bol önüm öndürmegi üçin edilýän aladalar olaryň zähmet girdejileriniň artmagyna, şonlukda ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokarlanmagyna hem oňyn täsirini ýetirýär. Oba hojalyk önümçiliginde amala aşyrylýan özgertmeler pudagyň önüm öndürijilik ukybyny ýokarlandyrýar. Sebäbi oba hojalygyny ösdürmek bilen döwletimiziň ykdysady binýady has berkeýär. Daýhanlaryň ekin meýdanlaryndan bol hasyl almaklary üçin zerur bolan şertleriň ählisi üpjün edilýär, öňde baryjy iş usullary ýerlikli ulanylýar. Ýerleriň ep-esli bölegi uzak möhletleýin ulanmak üçin raýatlara paýlanylyp berildi. Kuwwatly tehnikalar yzygiderli satyn alynýar. Şu ýyldan başlap, bugdaýyň we pagtanyň täze döwlet satyn alyş bahalary girizildi. Döwletimiz bugdaýyň täze hasylynyň bir tonnasyny gallaçy daýhandan 2000 manatdan satyn alýar. Bu bolsa daýhanlaryň netijeli zähmet çekmeklerine bolan höweslerine höwes goşdy. Döwlet harmanyna köp hasyl tabşyran gallaçylar yhlasly zähmetleriniň hözirini görýärler. 

Oba hojalygy milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudagydyr. Hormatly Prezidentimiziň bu ugurda alyp barýan syýasatynyň üns merkezinde saklanylmagy daýhanlaryň ruhlaryny göterýär. Bu syýasata laýyklykda oba hojalyk önümlerini öndürijiler üçin salgyt ýeňillikleri döredilýär. Daýhanlar ýer üçin tölegleriň az mukdaryny töleýärler.

Welaýatymyzyň çäginde oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän kärhanalar hem köpelýär. Mineral dökünleriň önümçiligi giňeldi. Ýerleriň suwaryş we meliorasiýa ýagdaýlarynyň gowulanmagyna hem-de tohumçylygyň kämilleşdirilmegine berilýän üns güýçlendirildi. Bu bolsa daýhanlarymyzyň bugdaý, gowaça, şaly we gök-bakja ekinlerinden ýokary hasyl ýygnamaklaryna, öz zähmetleriniň netijelerine guwanmaklaryna oňyn täsirini ýetirýär. 

Ýurt Garaşsyzlygymyzyň geçen ýyllarynda welaýatymyzda azyk önümlerini öndürmek boýunça baý iş tejribesi toplanyldy. Häzirki wagtda welaýatymyz ýurt boýunça öňdebaryjy orny eýeleýär. Oba hojalygynyň kuwwatly önümçilik binýady emele geldi. Bu ugur geljekde has-da güýçlendiriler. Bu barada Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 29-njy iýulynda oba hojalyk pudagyny ösdürmek boýunça geçiren iş maslahatynda hem birin-birin aýdyldy. Iş maslahatynda seredilen meseleler boýunça gelnen çözgütler welaýatymyzyň oba hojalyk işgärlerini has-da yhlasly zähmet çekmäge ruhlandyrdy. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda şu ýylyň sentýabrynda Aşgabat şäherinde oba hojalyk ekinleriniň tohumçylygyna bagyşlanyp geçiriljek halkara maslahat hem pudagyň işiniň has ilerlemegine täsirini ýetirer. 

Garaşsyzlyk ýyllarynda welaýatymyzyň çäginde döwrebap galla önümleri, pagta arassalaýjy kärhanalaryň uly topary guruldy. Türkmenabat şäherinde gurlan galla önümleri kärhanasynyň kuwwaty her ýylda 80 müň tonna uny öndürmäge hem-de 100 müň tonna gallany saklamaga barabardyr. Şeýle kärhanalar Dänew, Köýtendag etraplarynda hem guruldy. Azyklyk önümleriň daşary ýurtlardan getirilýän görnüşleriniň aglabasy öz topragymyzda öndürilip başlandy. Gök we bakja önümleriniň, miweleriň, üzümiň welaýatymyzyň ilatynyň sarp edýän möçberleriniň ýeterli öndürilýändigini belläp geçeliň. Ilaty ter önümler bilen bütin ýylyň dowamynda üpjün etmek maksady bilen, welaýatymyzda döwrebap tehnologiýalar ornaşdyrylan ýyladyşhanalaryň uly topary guruldy. Bu bolsa ekinleriň bol hasylyny ýygnamaga mümkinçilik berýär. Artykmaç öndürilen önümleri daşary ýurtlara eksport etmek işi hem ösýär. Eksporta iberilýän önümleriň öndürilişini artdyrmak boýunça netijeli çäreler amala aşyrylýar. Welaýatymyzyň çäklerinde toprak-howa şertlerine laýyk gelýän bezeg we miweli baglary, tut agaçlaryny ekmek, pile önümçiligini ýokarlandyrmak boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär. Ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegini gazanmak, ykdysady mümkinçiligini artdyrmak, mähriban halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da ýokarlandyrmak bu işleriň esasy maksady bolup durýar. 

 

Bahadur ŞADYÝEW,

 «Lebap gallaönümleri» önümçilik birleşiginiň Çärjew etrabynyň «Azatlyk» daýhan birleşigindäki galla agronomy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.