Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть
Bu günki gün Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýä ýüzünde agzybirligiň, asudalygyň ýurdy hökmünde tanalýar. Bu bolsa hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek meýilli ýurtlaryň, iri-iri kompaniýalaryň, işewürleriň nazarynyň ýygy-ýygydan Türkmenistana gönükmegine getirýär. Bu babatda Wengriýa Respublikasy hem ýakyn hyzmatdaşlyk saklaýan döwletlerimiziň biridir. 1992-nji ýylyň 11-nji maýynda diplomatik gatnaşyklar ýola goýlaly bäri bu dostlukly döwlet bilen ikitaraplaýyn bähbitli hyzmatdaşlyklarymyzyň gerimi barha giňeýär.
Türkmen-wenger gatnaşyklary taryhyň gatlaryndan gözbaş alyp gaýdýar. Beýik Ýüpek ýoly bu gatnaşyklarda uly orna eýe bolupdyr. Diňe bir ykdysady babatda däl, eýsem, medeni ugurda hem iki halky baglanyşdyrýan sahypalara duş gelmek bolýar. Wenger alymy Arminiý Wamberiniň adynyň halkymyzyň arasynda uly meşhurlyga eýedigi hem muňa şaýatlyk edýär. Wenger alymlarynyň halkymyz barada galdyran maglumatlary ýurduň mirashanalarynda häzir hem saklanylýar. Arminiý Wamberiniň «Orta Aziýa syýahat» atly eseri bolsa halkymyzyň durmuşy, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy barada gymmatly maglumatlary beýan edýär. 2007-nji ýylda Türkmenistanyň Milli golýazmalar institutynyň alymlary Wengriýa bolan ylmy saparynda bu ýerde halkymyzyň taryhyna dahylly beýleki golýazmalaryň hem nusgalaryny getirdiler.
Türkmenistany we Wengriýa Respublikasyny dostluk hem-de hyzmatdaşlyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar. Bu gatnaşyklar birek-biregi özara hormatlamaga, deňhukuklylyga we öňe gitmäge, ösmäge bilelikde çalyşýandygymyza esaslanýar. Wengriýa Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli syýasatyna ýokary baha bermek bilen ýurdumyzyň halkara giňişliginde, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde öňe sürýän başlangyçlaryny goldaýar. Dünýäniň syýasy giňişliginde biziň ýurdumyzyň möhüm hyzmatdaşy bolmak bilen iri halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde iki ýurduň gatnaşyklarynyň geljeginiň uludygyna geçirilýän ýokary derejedäki duşuşyklarda hemişe nygtalyp bellenilýär. Wengriýanyň Türki Döwletleriň Guramasyna synçy hökmünde goşulmagy sebitiň ýurtlary, şol sanda Türkmenistan bilen ykdysady hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmäge ýardam eden möhüm ýagdaý boldy. Bu guramanyň gurakçylyga garşy göreşmek boýunça düzüminiň hem Wengriýada ýerleşýändigi aýratyn bellenip geçilmäge mynasypdyr.
Industrial-agrar ýurt bolan Wengriýa maşyn, lokomotiw, gämi gurluşygynda uly tejribelere eýedir. Türkmenistan nebitgaz serişdeleriniň uly tebigy gorlaryna we oňat enjamlaşdyrylan nebitgaz pudagyna eýe bolmak bilen, bu ugurda eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak syýasatyny amala aşyrýar. Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Hazar we Gara deňizleriniň arasynda köpugurly ulag geçelgeleriniň şahasyny döretmäge hem Wengriýa uly gyzyklanma bildirýär. Ýewropa — Kawkaz — Aziýa (TRACECA) ulag geçelgesiniň üsti bilen ulag gatnatmalary arkaly Wengriýadyr Türkmenistanyň Ýewropa bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky ulag köprüsine öwrüljekdigine uly ynam bildirilýär. Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Wengriýanyň Daşary işler we söwda ministrliginiň arasynda «Stipendium Hungaricum» maksatnamasynyň çäklerinde 2024 — 2026-njy ýyllarda hyzmatdaşlyk etmek boýunça özara düşünişmek hakynda gol çekilen Ähtnamanyň durmuşa geçirilmegi bolsa türkmen ýaşlarynyň Wengriýanyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdeplerinde bilim almagyna mümkinçiliklerini artdyrýar. Häzirki günlerde Wengriýa Respublikasynda dowam edýän Türkmenistanyň Medeniýet günleri hem dostlukly gatnaşyklarymyzyň berkemeginde täze sahypa bolar.
Ýurdumyzyň daşary syýasatyny hil taýdan täze many-mazmun bilen baýlaşdyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Perman SAPAROW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty
baradaky komitetiniň baş hünärmeni.