Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть
Asyrlaryň jümmüşinden bäri Hazar deňzi onuň kenarynda ýaşaýan halklary umumy we özara baglaşdyryjy esas bolup hyzmat edip gelýär. Täze taryhy döwrümizde bolsa bu giňişlikde kenarýaka halklaryň parahatçylykly, hoşniýetli goňşuçylykda ýaşamaklaryny üpjün edýän gatnaşyklaryň, dostlugyň, hyzmatdaşlygyň özboluşly nusgasy döredildi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyz milli hem-de umumy bähbitleri nazara almak, deňhukuklylyk we özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanan syýasaty alyp barmak bilen, Hazary dostlugyň we hyzmatdaşlygyň deňzine, köpugurly ykdysady merkeze öwürýär.
Turuwbaşdan bellesek, taryhda Beýik Ýüpek ýolunyň kerwenlerini öz üstünden geçiren Hazarýaka sebiti häzirki wagtda bu ýoluň täzeçe döwrebap keşbiniň möhüm düzüm böleginiň merkezidir. Tutuş sebitiň logistik infrastrukturasyny Ýewraziýanyň deňiz derwezesi bolan Hazaryň ulag halkasyndan üzňe göz öňüne getirip bolmaýar. Şoňa göräde, hormatly Prezidentimiz 2022-nji ýylda paýtagtymyzda geçirilen Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň VI sammitinde ulag ulgamynda hyzmatdaşlyga üns bermek bilen, Hazar deňzini «mümkinçilikleriň deňzi» diýip atlandyrmagyň hakykata kybapdygyny nygtady.
Her ýylyň 12-nji awgustynda sebitýaka ýurtlarda strategik ähmiýetli Hazar deňziniň güni bellenilýär. Bu senäniň döredilmegi ilkinji bäştaraplaýyn resminama bolan Hazar deňziniň gurşawyny goramak hakyndaky çarçuwaly Konwensiýa gol çekilmegi bilen baglanyşyklydyr. Ol resminama 2006-njy ýylyň 12-nji awgustynda güýje girdi. Munuň özi gojaman Hazaryň köpugurly hyzmatdaşlygyň merkezi hökmünde ykrar edilýändigini, Hazarýaka sebitinde dürli ugurlarda özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny görkezýär.
Mälim bolşy ýaly, XXI asyryň başynda Hazaryň hukuk ýagdaýy bilen bagly geçirilýän gepleşikleri işjeňleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň sammitlerine badalga berildi. Şeýlelikde, 2018-nji ýylyň 12-nji awgustynda Gazagystanyň Aktau şäherinde geçirilen Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň V sammitinde Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýa gol çekildi. Munuň özi şeýle ýokary ähmiýetli resminamanyň kabul edilmegi ugrunda özüniň halkara başlangyçlary we ýerine ýetiren işleri bilen sebitiň döwletlerine nusga bolan Türkmenistanyň Hazar deňzini kenarýaka ýurtlary üçin bähbitli hyzmatdaşlygyň ösen merkezine öwürmäge çalyşýandygyna güwä geçýär. 2019-njy ýylyň 12-nji awgustynda bolsa Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda birinji Hazar ykdysady forumynyň üstünlikli geçirilmegi bu sebitiň strategik ähmiýetini has-da artdyrdy.
Hazaryň ägirt uly ykdysady kuwwaty onuň geografiki ýerleşişi we örän baý tebigy gorlary bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Şu nukdaýnazardan, bu sebit dünýäniň ösen döwletleriniň gyzyklanmalarynyň gönügen ýeri bolmagynda galýar. Bu çäkde ulag, energetika, söwda, senagat, syýahatçylyk we ekologiýa ulgamlarynda geljegi uly hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça mümkinçilikler ýeterlikdir. Bu ugurda 2018-nji ýylda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň açylyp ulanmaga berilmegi Hazaryň üstaşyr geçirijilik artykmaçlyklarynyň ýene-de üstüni ýetirdi.
Hazar deňziniň ýene-de bir özboluşly aýratynlygy bar. Ol hem deňziň ösümlik we haýwanat dünýäsine baýlygydyr. Hazar deňziniň biodürlüligi we bu ýerde duş gelýän janly organizmler özboluşlydyrlar. Şonuň bilen bir hatarda, ösümlikleriň we deňiz ýaşaýjylarynyň ençemesiniň endemikligi — diňe şu ýerlerde duş gelýändigi aýratyn bellärlikli ýagdaý.
Hazar — syýahatçylygyň we sapaly dynç alşyň mekany. Onuň ekologik taýdan arassa türkmen kenarynda çagalaryň hem-de maşgalalaryň dynç almagy üçin ähli şertler döredilendir. Bu ýerde döredilen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýardam bermeginde «Awaza — dostluk mekany» atly medeni-köpçülikleýin we sport çäreleriniň geçirilmegi munuň şeýlediginiň nobatdaky güwäsi boldy.
Türkmenistan häzirki wagtda Hazar deňziniň sebitinde netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge we täzeçe hil derejä çykarmaga, Hazarýaka döwletleriniň arasyndaky dostlukly, özara bähbitli gatnaşyklary pugtalandyrmaga hem-de sebiti durmuş-ykdysady taýdan ösen merkeze öwürmäge mynasyp goşant goşýar. Hazar deňzinde döwletara hyzmatdaşlygy berkitmek we işjeňleşdirmek babatda ägirt uly tagallalary edýän, geljege gönükdirilen başlangyçlary öňe sürýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, belent başlary aman bolsun, beýik işleri rowaçlyklara beslensin!
Serdar BEGMYRADOW,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetiniň başlygy, Mejlisiň deputaty