Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть
Sagdynlygyň, ruhubelentligiň, sportuň mekany hökmünde belent ykrarnama eýe bolan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň dünýä döwletleri hem-de abraýly halkara guramalary bilen alyp barýan oňyn hyzmatdaşlygy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe täze belentliklere göterilýär.
Daşary syýasatynda hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýan döwletimiz Ýer ýüzünde parahatçylygyň, dost-doganlygyň, özara ynanyşmaga esaslanýan hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen ägirt uly işleri üstünlikli durmuşa geçirýär. Hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän umumadamzat ähmiýetli başlangyçlarynyň, teklipleriniň halkara jemgyýetçiliginde giň goldawa eýe bolmagy ýurdumyzyň dünýädäki abraýyna abraý, mertebesine mertebe goşýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň başlangyjy bilen «2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilmegi hem munuň aýdyň subutnamasy bolup dabaralandy.
Döwletimiz tarapyndan Ýer ýüzünde ählumumy parahatçylygy gazanmak, dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmek babatynda edilýän tagallalaryň dünýäde ykrar edilýändigini nobatdaky gezek bütin aýdyňlygy bilen görkezen bu waka her bir türkmenistanlynyň ata Watanymyza bolan buýsanjyna buýsanç, guwanjyna guwanç goşdy. Aslynda, halkymyz dost-doganlyk, parahatçylyk, agzybirlik, abadançylyk baradaky taglymatlaryny gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan taryhynyň bütin dowamynda öňe sürüp gelýär. Bu taglymatyň özeninde hem türkmençiligiň asylly ýörelgeleri jemlenýär. Ynsanperwerligi, dost-doganlygy tug edinýän şol ýörelgäniň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe täze many-mazmuna hem-de rowaçlyklara beslenýändigi bolsa guwandyryjy, buýsandyryjy hakykatdyr.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan öňe sürülýän başlangyçlar halkara derejede giň goldawa eýe bolýar. Birleşen Milletler guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilmegi hem munuň aýdyň nyşanydyr. Durmuşa geçirýän beýik işleri, öňe sürýän umumadamzat bähbitli başlangyçlary bilen ýurdumyzyň abraý-mertebesini, şan-şöhratyny belende göterýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, döwletli, tutumlary rowaç bolsun!
Perman SAPAROW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň durmuş syýasaty
baradaky komitetiniň baş hünärmeni.