Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть
Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiz Birleşen Milletler Guramasy bilen ýokary derejede hyzmatdaşlyk saklap, umumadamzat ähmiýetli başlangyçlary bilen çykyş edip gelýär. Türkmenistan bu guramanyň agzalygyna kabul edilen gününden bäri onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda gatnaşyklary berkitmäge, maksatnamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýar.
Garaşsyzlyk ýyllarynyň täze taryhy döwründe Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň wise-başlyklygyna, birnäçe komissiýalarynyň, komitetleriniň, geňeşleriniň agzalygyna ençeme gezek saýlanylmagy biziň döwletimize bildirilýän belent ynamyň aýdyň subutnamasy bolup durýar. BMG-niň Baş Assambleýasynda iki gezek, ýagny 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda hem-de 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň kabul edilmegi hem ýurdumyzyň at-abraýynyň diýseň belentdiginiň güwäsidir. Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk derejesi bolsa döwletleriň arasynda özara ylalaşmak arkaly hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmek, ählumumy parahatçylygy üpjün etmek ýörelgelerini ösdürmek, dialog arkaly abadançylygy gazanmak maksatlaryndan ugur alýar. Döwletimiz BMG-niň Baş Assambleýasynyň kabul edýän ähli Kararnamalaryny hem giňden goldaýar, olaryň işjeň tarapdary hökmünde öňe çykýar. Şol bir wagtda ýurdumyzyň öňe sürýän başlangyçlary hem giň goldawa eýe bolýar. Üstümizdäki ýylda Baş Assambleýa tarapyndan Türkmenistanyň başlangyjy bilen «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilmegi hem munuň aýdyň subutnamasy bolup dabaralandy.
Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň hyzmatdaşlyk çägi barha giňeýär we rowaçlanýar. Ýaş nesle mynasyp terbiýe bermek, olaryň döwür bilen aýakdaş, ylymly-bilimli kämil şahsyýetler bolup kemala gelmegini gazanmak meselelerini häzirki döwrüň möhüm strategik maksatlarynyň birine öwren hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň 2024 — 2026-njy ýyllar üçin BMG-niň Çagalar gaznasynyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna saýlanmagy çagalaryň durmuş goraglylygy, hukuklary we hemmetaraplaýyn ösmegi babatdaky mümkinçilikleriň barha giňelmeginde möhüm ädim boldy.
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň agzalygyna resmi taýdan kabul edilmegi halkara ýaşlar hyzmatdaşlygyny giňeltmekde, türkmen ýaşlaryny hem jemgyýetiň degişli taslamalaryny işläp taýýarlamaga we durmuşa geçirmäge höweslendirmekde, olaryň döredijilik başlangyçlarynyň halkara derejede gerimini giňeltmekde täze menzillere badalga boldy. Ýaş nesil hakdaky aladalaryň milli ýörelgelerimize esaslanýan we halkara kadalaryna laýyk gelýän hukuk resminamalary esasynda amala aşyrylmagy olaryň bagtyýar geljegini, nurana ykbalyny kepillendirýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen edarasy bolan ÝUNESKO bilen gatnaşyklaryň yzygiderli giňeldilmegine möhüm ähmiýet berilmegi, bu ugurda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň sekretariatynyň netijeli işleri halkymyzyň gazananlaryny dünýä ýaýmakda alnyp barylýan maksatnamalaýyn çäreleriň rowaçlanýandygynyň aýdyň güwäsidir.
Halkara hyzmatdaşlyklaryň belent derejelere ýetmegi üçin taýsyz tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz çäksizdir.
Annabagt Maýewa,
welaýat Baş bilim müdirliginiň esasy hünärmeni, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.