Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть
Hormatly Prezidentimiz döwlet dolandyryşyny demokratiýalaşdyrmak, durnukly ösüşi üpjün edýän durmuş-ykdysady özgertmeleri geçirmek babatda milli, medeni we ruhy mirasymyza daýanmak ýoluny dabaralandyrýar. Il-halk bilen bile bolmak, olaryň pikirlerini bilmek ýörelgesi edebi miraslarymyzyň hem süňňüne siňip gidipdir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň halkynyň öz häkimiýetini wekilçilikli edaralaryň üsti bilen amala aşyrmagyny üpjün etmek boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz şu ýylyň 12-nji iýulynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini guramaçylykly geçirmek hakyndaky meselä ünsi çekdi. Bu bolsa Diýarymyzda milli demokratiýanyň medeni we ruhy mirasymyza daýanmak bilen döwrebap röwüşde amala aşyrylýandygynyň aýdyň mysallarynyň biridir. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz şu ýylyň 20-nji iýulynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak we guramaçylykly geçirmek hakynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň Kararyna gol çekdi. Bu Kararda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda Aşgabat şäheriniň Maslahat köşgünde geçirmek bellenildi.
Ýurdumyzyň Konstitusiýasynyň 3-nji maddasynda: «Türkmenistanyň özygtyýarlylygy halk tarapyndan amala aşyrylýar, halk bolsa döwlet häkimiýetiniň ýeke-täk gözbaşydyr. Türkmenistanyň halky öz häkimiýetini gös-göni ýa-da wekilçilikli edaralaryň üsti bilen amala aşyrýar» diýlip bellenilendir. Halkylyk Türkmenistan döwletiniň häsiýetli aýratynlygydyr. Halkylyk döwlet, jemgyýet, şahsyýet gatnaşyklarynyň bitewüliginiň beýanydyr. Munuň özi türkmen döwletiniň özüniň esasy maksadyny halka hyzmat etmekde, onuň bähbitlerini goramakda we bütin jemgyýetde ilerleýji ösüşi üpjün etmekde görýändigini beýan edýär.
Asyrlaryň synagyndan geçen milli däplerimize eýermek bilen geçirilýän Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň kabul edýän çözgütleri örän ähmiýetlidir. Çünki häzirki döwürde Milli Liderimiziň beýik başlangyçlarynyň we taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzyň ykdysadyýetini pudaklaýyn diwersifikasiýalaşdyrmak, innowasion senagatlaşdyrmak, ykdysady ösüşiň köpugurlylygyny gazanmak babatda düýpli öňegidişlikler bilen birlikde, halk häkimiýetini kämilleşdirmek boýunça hem netijeli işler alnyp barylýar.
Halkymyz gadymy döwürlerden bäri, ygtyýarly jemgyýetçilik wekilleri bilen ähli halk ýygnaklaryny geçirip, olaryň iň wajyp syýasy-ykdysady, harby meseleleri çözmek baradaky paýhasly maslahatlaryna ýokary baha beripdir. Halkyň wekilleriniň pikir alyşmagynyň durmuş-ykdysady, jemgyýetçilik-syýasy ösüşe oňyn täsir edýändigine bolsa ylmy-nazary garaýyşlar hem-de taryhy tejribe şaýatlyk edýär.
Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty adamzat jemgyýetiniň ösüşindäki ýetilen sepgitleri, türkmen halkynyň taryhy we milli mirasyny, häzirki zaman tejribesini hasaba almak we olary döwrümiziň nukdaýnazaryndan özleşdirmek esasynda işlenip düzülen ynsanperwer garaýyşlaryň ulgamydyr. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegine gönükdirilen resminamanyň kabul edilmegi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda amala aşyrylýan özgertmeleriň üstünlikli durmuşa ornaşdyrylýandygyny aýdyň şöhlelendirýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň at-owazasyny asyrlara uzaltjak pursatlary peşgeş berýän, kanunlarymyzyň döwrebap kämilleşmegine ýol-ýörelge görkezýän, ata Watanymyzy gülledip, halkymyzy agzybirlikde, ak ýollar bilen ösüşiň täze belentliklerine tarap alyp barýan hormatly Prezidentimize, türkmen halkynyň Milli Liderine alkyşlarymyz çäksizdir.
Serdar DURDYÝEW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Mejlisiň
Ýerli wekilçilikli häkimiýet we öz-özüňi dolandyryş
edaralary bilen işlemek baradaky komitetiniň agzasy