​Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский
17.08.2024

LEBAP WELAÝATY: ÝETILEN SEPGITLER

 

Daň saz berip, jahan ýagtylyp ugrandan eýýäm düýnki umyt - arzuwlarymyzyň Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen hasyl bolup, günsaýyn ösýän-özgerýän Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň at-abraýy, mähriban halkymyzyň şan-şöhraty dünýä dolýar. 

2022 - nji — Halkyň Arkadagly zamanasy ýyly Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň taryhyna altyn harplar bilen ýazylan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni özi bilen alyp geldi. 

Şol ýyldan bäri il-günümiziň bähbidine ýugrulan birnäçe işler durmuşa geçirildi. Ýurdumyzyň beýleki künjeklerinde bolşy ýaly ýurdumyzyň Gündogar künjegi hem her gününi toý-şatlyga besläp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň hözirini görýär. Elbetde, biziň her bir günümiziň asuda, parahat geçmeginiň, toý-baýrama beslenmeginiň aňyrsynda Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bar. 

Lebap welaýatynyň zähmetsöýer halky hem özleri üçin döredilýän ähli mümkinçilikler, döwrebap ýaşaýyş-durmuş şertleri üçin Gahryman Arkadagymyza hem- de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlaryny aýdýarlar. Welaýatymyzyň çäginde köpugurly ösüşler, üstünlikler yzygiderli gazanylýar. Döwrebap desgalar, edara-kärhanalar, hassahanalar, medeniýet öýleri, sport desgalarydyr sport mekdepleri, orta mekdeplerdir çagalar baglary, söwda merkezleri, seýilgähler we başga-da ençeme ýaşaýyş-durmuş maksatly binalar açylyp, ulanylmaga berilýär. 

2022-nji ýylyň 18-nji iýunynda welaýatymyzyň Çärjew etrabynyň çäginde hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ak patasy bilen «Gadyn» gaz ýygnaýjy desgasy işe girizildi. 28-nji iýunda Hojambaz etrabyndaky Döwletli şäherçesinde 300 orunlyk metjidiň we onuň ýanyndaky sadaka jaýynyň düýbi tutuldy. Şeýle-de şol ýyl «Bilimler we talyp ýaşlar güni» mynasybetli welaýatymyzyň Saýat etrabynyň çäginde 600 orunlyk orta mekdep hem-de 160 orunlyk çagalar bagynyň täze döwrebap binalary, Dänew etrabyndaky Seýdi şäherinde 4 gatly 24 öýli täze ýaşaýyş jaýy, Türkmenabat şäherinde birnäçe döwrebap ýaşaýyş jaýlary ulanylmaga berildi. 

Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllyk baýramynyň bosagasynda şäherimizde täze döwrebap awtomenzili halkymyza hyzmat edip başlady. Bu awtomenziliň şäher, şäherýaka, şäherara ugurlarda birbada 700 ýolagça hyzmat etmäge mümkinçiligi bar. 

Şol ýylyň aýagyna bolsa Türkmenabat Halkara howa menziline gidýän ýoluň ugrunda 4 gatly 32 öýli döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň 40-syny öz içine alýan ýaşaýyş jaý toplumy açylyp, ulanylmaga berildi. Türkmenabat şäherinde ýerleşýän merkezi bazaryň durky täzelenip, welaýatymyzyň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna hyzmat edip başlady. 

Döwlet Baştutanymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň eziz Watanymyza, mähriban halkymyza nusgalyk söýgüsiniň il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik işleriniň netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan berkararlygyň we bagtyýarlygyň ýurduna öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda, Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik ýörelgelerine eýerip, taryhymyzyň gatlaryna altyn harplar bilen ýazylan 2023-nji — Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly hem ajaýyp zähmet üstünlikleri bilen jemlendi. 

2023 - nji — Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda uly ösüşlere ýetilip, umumadamzat bähbitli başlangyçlar üstünlikli durmuşa geçirildi. Bagtyýar zamanamyzyň gujurly, zähmetsöýer ýaşlary üçin bolsa giň mümkinçilikleriň, asylly başlangyçlaryň döredilen ýyly boldy. Halkymyzyň hal ýagdaýyny mundan beýläk-de düýpli gowulandyrmak maksady bilen hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda uly ädimler ädilip, durmuş, medeni maksatly birnäçe binalar gurlup, ulanylmaga berildi. 

2023 - nji — Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly hem Lebap welaýatyna berekedini eçildi. 

Welaýatymyzyň Köýtendag, Halaç, Saýat, Çärjew, Dänew etraplarynda «Bilimler we talyp ýaşlar güni» mynasybetli umumybilim berýän orta mekdepleriň jemi 8-si, Kerki etrabynda bolsa 1 çagalar bagynyň döwrebap binalary açylyp, ulanylmaga berildi. Döwrebap kompýuter, multimedia enjamlary bilen enjamlaşdyrylan, okamak, dynç almak, sport bilen meşgullanmak, hünär öwrenmek üçin ähli amatlyklary bolan bu bilim ojaklarynda terbiýe, bilim alýan ýaş nesillerimiz we olaryň hossarlary Arkadagly Gahryman Serdarymyza we Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarlar. Bilimler we talyp ýaşlar gününde Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumynyň düýbi tutuldy. Bäş müň orunlyk bu täze binalar toplumy nesip bolsa 2026-njy ýylyň sentýabr aýynda ulanylmaga berler. 

Welaýatymyzyň Dänew hem-de Saýat etraplarynda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününde durky täzelenen, häzirki zaman lukmançylyk enjamlary ornaşdyrylan hassahanalar dabaraly ýagdaýda açylyp, ulanylmaga berildi. Durky täzelenen bu hassahanalaryň ikisinde hem dünýä belli kompaniýalaryň häzirki zaman lukmançylyk enjamlarynyň 200-e golaýy oturdyldy. Täze görke, täze durka eýe bolan, bejergi hyzmatlary üçin ähli amatlyklar döredilen bu hassahanalara barýan raýatlarymyzyň mähirli ýylgyryşlary döredilen mümkinçiliklerden hoşaldyklaryna şaýatlyk edýär. 

Bitaraplyk baýramynyň öňüsyrasynda Türkmenabat şäherinde ähli amatlyklary bolan 4 gatly 32 öýli döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň 10-a golaýy dabaraly ýagdaýda açylyp, ulanylmaga berildi.

Tamamlanan ýylyň aýagynda Halkara Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda Köýtendag etrabynyň Dostluk şäherinde «Ak Bulut» hojalyk jemgyýetiniň gury gurluşyk garyndylaryny öndürýän täze zawody işe girizildi. 

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň depginli ösüşleri biziň welaýatymyzda hem üstünliklere beslenýär. 

Ýylyň başynda watan goragçylarynyň güni mynasybetli Türkmenabat şäherinde hukukgoraýjy edaralaryň işgärleri üçin niýetlenen döwrebap ýaşaýyş jaýlary açylyp, ulanylmaga berildi. 

Ynha, bu sene «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ýatdan çykmajak günleriniň biri, has takygy, 2024-nji ýylyň mart aýynyň 13-i ýene-de bir taryhy waka, mertebesi belent hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Şa gadamy Lebap topragyna düşdi. Welaýatymyzyň Köýtendag etrabynda kuwwatlylygy ýylda 1 million tonna sement öndürmäge ukyply bolan Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň dabaraly ýagdaýda açylyp, ulanmaga berilmegi ýurdymyzyň senagat toplumynyň ykdysady kuwwatynyň mundan beýläk-de ýokarlanmagyna ýardam berer. Dünýä belli iri, öňdebaryjy meşhur kompaniýalarynyň enjamlary oturdylan desganyň işleriniň gidişine kompýuterler arkaly gözegçilik etmäge giň mümkinçilik döredilipdir. 

Şol günde ýene - de bir guwandyryjy dabara welaýatymyzyň Dänew etrabynda bolup geçdi. Şol ýerde «Asuda akym» hojalyk jemgyýetine degişli bolan «Şir ýag» haryt nyşanly çalgy ýaglaryny öndürýän häzirki zaman kärhanasy açylyp, ulanylmaga berildi. 

Şeýle-de şol gün welaýatymyzdaky «Türkmenawtoulaglar» agentliginiň «Lebapawtoulag» önümçilik birleşigine häzirki zaman awtobuslaryň 200-e golaýynyň hormatly Prezidentimiziň adyndan sowgat hökmünde gelip gowuşmagy hem welaýatymyzyň her bir ýaşaýjysynyň başyny Göge ýetirdi. Alys ýollary ýakyn edýän bu ulaglar şäherara, şäherýaka, etrapara ugurlary boýunça gatnap, halkymyzyň göwnüni göterýär. 

Şu ýyl ýurdumyzyň beýleki sebitlerinde bolşy ýaly, Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabyndaky Döwletli şäherçesinde Mukaddes Remezan aýynyň Gadyr gijesiniň hormatyna täze «Jeýhun Metjidi» açyldy. 

Häzirki wagtda ýaşaýyş-durmuş maksatly binalardyr desgalaryň gurluşyklary welaýatymyzyň çäginde güýçli depginler bilen dowam edýär. Milli Maksatnamalarymyza laýyklykda welaýatymyzda ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak maksady bilen ýaşaýyş-durmuş maksatly işler köpugurly alnyp barylýar. Obalarda, şäherçelerde, etrapdaky şäherlerde we welaýat merkezinde gaz, suw, elektrik, aragatnaşyk geçirijileri geçirilip, käbir geçirijilerde bejeriş işleri, awtomobil ýollaryny çekmek, abatlamak, işleri dowam etdirilýär. 

Diýarymyzy üstünlikden-üstünlige alyp barýan, halkymyzy bol-elin, eşretli durmuşda ýaşatmak ugrunda tagallalar edýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza, Gahryman Arkadagymyza hoşallygymyzyň çägi ýok. 

 

Merdan DOSMEDOW, 

TDP-niň Çärjew etrap komitetiniň partiýa guramaçysy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty