​Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский
22.08.2024

MILLI ÝÖRELGÄMIZ ROWAÇ ALÝAR

 

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz ösüş-özgerişli döwri başdan geçirýär. Muňa Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyllarynda ýetilýän belent sepgitler, gazanylýan ýokary görkezijiler doly şaýatlyk edýär. Ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda gazanylýan zähmet üstünlikleri jemgyýetimiziň durmuşynda bolup geçýän şanly wakalar bilen sazlaşykly utgaşýar. Halkymyzyň maddy hal-ýagdaýyny gowulandyrmakdaky uly tagallalar ýerine düşýär 

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda jemgyýetimizde milli döwletlilik ýörelgämizi ösdürmekde we kämilleşdirmekde giň möçberli işler durmuşa geçirilýär. Demokratik, hukuk we dünýewi döwletimizde halk häkimiýetini amala aşyrmakda merdana ata-babalarymyzdan biziň günlerimize gelip ýeten özboluşly milli demokratik ýörelgelerimizden ugur alynýar. Döwletliligi we hukugy kämilleşdirmekde, raýat jemgyýetimizi mundan beýläk-de ösdürmekde, döwlet we adam gatnaşyklarynyň has kämil sazlaşygyny üpjün etmekde giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Bilşimiz ýaly, indi ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýetilen sepgitleri, öňde durýan wajyp wezipeleri halkymyzyň wekilleri bilen ara alyp maslahatlaşmak we oňyn netijelere gönükdirilen çözgütleri kabul etmek asylly däpleriň birine öwrüldi. 

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň kabul eden kararyna laýyklykda, şu ýylyň 24-nji sentýabrynda Aşgabat şäherindäki Maslahat köşgünde geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi jemgyýetimiziň durmuşynda taryhy waka bolar. Giň wekilçilikli bu umumy milli forumda Garaşsyz döwletimizi durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar we oňyn çözgütler kabul ediler. Döwlet ähmiýetli, il-gün bähbitli şol çözgütler Türkmenistan döwletimizi mundan beýläk-de ösdürmekde uly ähmiýete eýe bolar. 

 

Akmuhammet BEKMYRADOW. 

Türkmengala etrabyndaky daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 33-nji orta mekdebiň informatika mugallymy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.