Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli däplerimize eýerilip geçirilýän Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilýän çözgütler ýurdumyzyň ykdysadyýetini pudaklaýyn diwersifikasiýalaşdyrmak, ilatyň ýaşaýşynyň mynasyp derejesini üpjün etmek babatda düýpli öňegidişlikleri gazanmak bilen birlikde, halk häkimiýetiniň ýörelgelerini hem döwrebap görnüşde kämilleşdirýär.
Şunda asyrlaryň dowamynda milletimiziň ykbalyna, ruhy gymmatlyklaryna siňen döwletlilik ýörelgeleriniň gözbaşynda durýan döwletiň we raýatlaryň özara hyzmatdaşlygy berkeýär.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işi aýanlyk, adalatlylyk, kanunyň hökmürowanlygy, çözgütleri erkin ara alyp maslahatlaşmak we kabul etmek, jemgyýetçilik pikirini nazara almak ýaly ýörelgelere esaslanýar. Bu bolsa ýurduň ýokary wekilçilikli edarasy hökmünde ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň we raýatlaryň bähbitleriniň sazlaşygyny saklamaga ýardam berýär. Döwlet häkimiýetiniň ýerli edaralarynyň hatarynda welaýatlarda, etraplarda we şäherlerde döredilýän ýerli wekilçilikli edaralaryň aýratyn ähmiýeti bardyr. Çünki Türkmenistanyň Halk Maslahaty öz ygtyýarlylygynyň çäginde Türkmenistanyň Konstitusiýasyny we Konstitusion kanunlaryny kabul etmegiň, olara üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmegiň meseleleri boýunça tekliplere garaýar we makullaýar; degişli dolandyryş çäk birliklerinde ykdysady, durmuş we medeni taýdan ösdürmegiň maksatnamalarynyň ýerine ýetirilmegini guramaga gatnaşýar; parahatçylyk we howpsuzlyk meselelerine garaýar; kanunçykaryjylyk başlangyjyna bolan hukugyny amala aşyrýar. Şol sanda jemgyýetçilik birleşikleri bilen işjeň gatnaşygy saklaýar. Şunda ýurdumyzyň syýasy partiýalary, jemgyýetçilik guramalary Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň geçen mejlisleriniň netijelerini köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde ilata düşündirmek işlerini gurnaýarlar.
Merjen BORJAKOWA,
Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty
baradaky komitetiniň hünärmeni.