​Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский
11.09.2024

DÖWREBAP BILIM — KÄMILLIGIŇ MÖHÜM ŞERTI

 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ösüşleriň täze belentliklerine çykýan ýurdumyzda eziz Watanymyzyň röwşen geljeginiň kepili bolan nesil terbiýesine berilýän üns barha güýçlenýär. Çünki ösüp gelýän ýaş nesil hakynda alada kämil jemgyýeti, hukuk döwletini gurmagyň, demokratiýany ösdürmegiň, raýatlaryň we gülläp ösüşiň bähbitlerine häzirki zaman hukuk döwletiniň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmagyň, şahsyýetiň hukuklaryny we azatlyklaryny goramagyň, halkyň abadan, bagtyýar durmuşyny üpjün etmegiň ilkinji zerur şertleriniň biridir. 

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzda giňden bellenilen Bilimler we talyp ýaşlar gününiň baýramçylyk dabaralary doganlyk Täjigistan Respublikasynda hem giňden ýaýbaňlandyryldy. Bu baýramçylygyň şanyna täze bilim edaralaryny dabaraly ýagdaýda açmak diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, goňşy doganlyk döwletlerde hem däbe öwrüldi. Täze okuw ýylynyň ilkinji gününde hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň göni wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşyp, ak pata bermekleri bilen, Täjigistan Respublikasynyň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynyň Ergeş Sultanow daýhan birleşiginde ýurdumyzyň gurluşykçylary tarapyndan gurlan 540 orunlyk Magtymguly adyndaky umumybilim berýän orta mekdep açylyp ulanmaga berildi. 

Täjik topragynyň gözel künjegindäki Magtymguly adyndaky umumybilim berýän orta mekdebiň dolulygyna türkmen tarapynyň hasabyna bina edilendigini bellemek aýratyn buýsandyryjydyr. Bu orta mekdebiň şu ýyl doglan gününiň 300 ýyllygy dünýä jemgyýetçiligi bilen bilelikde dabaralandyrylýan Magtymguly Pyragynyň adyny götermegi umumadamzat ruhy genji-hazynasyna öwrülen kämil eserleri döreden dana şahyrymyzyň şöhratyny has-da artdyrdy. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» goşgusyndaky «Hemişe we hemme ýerde şol bir Magtymguludyr» diýen dürdäne setirleriň many-mazmunyny hem aýdyňlygy bilen açyp görkezdi.

 Täze, döwrebap mekdep türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň goldawlary bilen gurlup, onda iň ýokary bilim tehnologiýalary we döwrebap enjamlar ornaşdyryldy. Mekdepde bilim aljak ýaş nesillere Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna 100 sany «Bilimli» haryt nyşanly noutbuk kompýuterleriň hem-de «Toyota Coaster» kysymly awtobusyň sowgat hökmünde gowşurylmagy amala aşyrylýan islendik döwletli işlerde ynsanperwerlik ýörelgesinden ugur alynýandygynyň aýdyň güwäsidir. Täjigistanly çagalar üçin täze bilim ojagyna öwrülen bu döwrebap mekdebiň döwletara hyzmatdaşlygyň aýrylmaz bölegi bolan medeni­-ynsanperwer ulgamda hoşniýetli, dostlukly türkmen-­täjik gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrjakdygy şübhesizdir. Köşgi ýadyňa salýan ajaýyp mekdebiň gurdurylmagy we dabaraly ýagdaýda açylyp, sowgat berlendigi üçin Täjigistanda kowçum bolup ýaşaýan türkmen doganlarymyzyň we täjik halkynyň Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize alkyşlary çäksizdir. 

Bilim ulgamy milletiň kämil neslini kemala getirmekde we innowasiýalary döretmekde esasy ulgamlaryň biridir. Bilim pelsepesine laýyklykda, jemgyýetiň maksatlarynyň şahsyýetiň maksatlaryna barabar bolmalydygyny aýratyn bellemek gerek. Häzirki döwürde bilim ulgamynyň esasy wezipesi ösen jemgyýetde ýaşamaga we döretmäge ukyply raýatlary taýýarlamakdan ybaratdyr. 

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Döwletimiziň ylym-bilim, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynyň ösüşi halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmaga, jemgyýetimizde sagdyn durmuş kadalaryny berkitmäge gönükdiriler. Milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ýokary ylmy mümkinçiligi bolan giň gözýetimli, maksada okgunly, innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply, ýokary hünärli, taýýarlykly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek boýunça ähli tagallalar ediler» diýen sözleriniň, türkmen ýaşlarynyň kämil bilim-terbiýesine gönükdirilen maksatnamalaýyn tutumly işleriniň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini bu günki gün taryha ýazylýan wakalarda ähli aýdyňlygy bilen görmek bolýar. 

Ýaş nesil babatda uly tagallalary edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli ýurdumyzda hem täze, döwrebap mekdepleriň, çagalar baglarynyň birnäçesi açylyp ulanmaga berildi. Mekdep durmuşyna ilkinji gezek gadam basan çagalara hormatly Prezidentimiziň sowgady hökmünde noutbuk kompýuterleriň gowşurylmagy sanly tehnologiýalaryň zamanynda ýaş nesliň döwür bilen aýakdaş gitmegi babatda edilýän taýsyz tagallalardan bir mysaldyr. 

Ak mermerli paýtagtymyz Aşgabatda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň täze binalar toplumynyň açylyp ulanmaga berilmegi täze taryhy döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň ussat mugallym, watançy esger hökmünde ömri görelde mekdebine öwrülen atasy, hormatly Prezidentimiziň garry atasy Berdimuhamet Annaýewiň bilimli, giň dünýägaraýyşly, Watana wepaly nesli kemala getirmek baradaky arzuw-maksatlarynyň hasyl bolandygyna şaýatlyk edýär. Gahryman Arkadagymyz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda: «Iň gymmatly miras terbiýedir, terbiýäniň özeni bolsa ylym-bilimdir» diýip, parasatlylyk bilen belleýär. Bu günki gün döwletimiziň täze syýasy we ykdysady ugry ýaşlara kämil bilim-terbiýe bermäge gönükdirilýär. Çünki bilimli nesil her bir döwletiň berk sütüni hasaplanýar.

 Bilimli nesil ýetişdirmek kämil jemgyýeti gurmagyň baş şertidir. Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly eserinde: «Bilim arkaly beýik geljek gurulýar» diýmek bilen, Watanymyzyň röwşen geljegini ýaşlarda görýär. Bu günki gün hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen, orta mekdepleriň, çagalar baglarynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli pugtalandyrylýar, olaryň okuw kitaplary, gollanmalary, görkezme esbaplary, ýokary derejede taýýarlykly mugallymlar, terbiýeçiler bilen üpjünçiligi kämilleşdirilýär. Mugallymlaryň hünär derejeleri yzygiderli ýokarlandyrylýar. Şeýle hem bilim ulgamyndaky öňdebaryjy halkara tejribe ýurdumyzyň bilim edaralaryna işjeň ornaşdyrylýar. Ýaşlarymyzyň Ýer ýüzüniň maglumat giňişliginden erkin peýdalanmaklary üçin zerur şertler döredilýär. Ýaş nesliň bilim almaga bolan hyjuw-höwesini, işjeňligini, jogapkärçiligini artdyrýan çäreler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Mekdep okuwçylarynyň dünýägaraýşynyň we gözýetiminiň giňelmegine täsir edýän okuwdan daşary çäreleriň işlenip düzülmegine, ýaşlaryň daşary ýurt dillerini öwrenmekleri üçin zerur mümkinçilikleriň döredilmegine hem uly ähmiýet berilýär. 

Ýaş nesilleri kiçilikden sagdyn durmuş ýörelgesine höweslendirmek, olary watansöýüjilik, milli däp-dessurlara, ýokary ahlak ýörelgelerine, ene topragymyza we halkymyza wepalylyk ruhunda terbiýelemek ýaly wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek bagtyýar geljek üçin derwaýysdyr. Şahsyýetiň jemgyýetiň durmuşyna işjeň gatnaşmagy we giň dünýägaraýşa eýe bolmagy onuň zähmetsöýerlik hyjuwyna baglydyr. Bu babatda Gündogaryň nusgawy akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň: «Ulalanda iş hoş gelmez// Ýaşlykda köýmän ýigide» diýen setirlerini ýatlamak ýerliklidir. 

Nesillerde päk zähmete söýgi döretmek üçin durmuşda her bir üstünlige zähmet bilen ýetilýändigi, arassa, halal, jemgyýete peýdaly işler bilen meşgullanmagyň bagtyýar durmuşy üpjün edýändigi baradaky düşünjäni olaryň aňyna guýmak zerur. Türkmen ýaşlarynyň üstünligi täze taryhy döwürde uly ösüşlere beslenýän ýurdumyzyň, ähli halkymyzyň üstünligidir. Ýaşlaryň ruhy taýdan kämil, beden taýdan sagdyn nesiller bolup ýetişip, özleriniň bilimini, hünär ussatlyklaryny, ukyp-başarnyklaryny ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine bagyş etmekleri mukaddes borçdur. Munuň üçin olara ähli mümkinçilikleri, döwrebap şertleri döredýän Milli Liderimize we hormatly Prezidentimize egsilmez alkyş aýdýarys. 

 

Bahar SEÝIDOWA, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň Ylym, bilim, 

medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky 

komitetiniň başlygy