​Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский
21.09.2024

BEÝIK IŞLERIŇ BELENT YKRARY

 

Eziz Di­ýa­ry­myz­da jem­gy­ýe­tiň sag­dyn­ly­gy­ny üp­jün ed­ýän, halklary je­bis­leş­dir­ýän gym­mat­lyk­lar hök­mün­de be­den­ter­bi­ýä­ni we spor­ty ös­dürmä­ge uly üns be­ril­ýär. Tä­ze ta­ry­hy dö­wür­de hor­mat­ly Prezi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da bu ul­ga­my top­lum­la­ýyn özgert­mek ba­batda ama­la aşy­ryl­ýan iş­ler oňyn ne­ti­je­le­rini ber­ýär. Ýakyn­da BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 78-nji ses­si­ýa­syn­da Türkmenis­ta­nyň baş­lan­gy­jy bi­len hem-de Mil­let­ler Bi­le­le­şi­gi­ne ag­za döw­let­le­riň bi­ra­gyz­dan gol­da­ma­gyn­da «Bir­le­şen Mil­let­ler Guramasynyň oýun­la­ry» at­ly Ka­rar­na­manyň ka­bul edil­me­gi Ga­raş­syz Türk­me­nis­ta­nyň ama­la aşyr­ýan sport dip­lo­ma­ti­ýa­sy­nyň rowaçlanýandy­gy­nyň no­bat­da­ky be­ýa­ny­dyr. 

Şan­ly Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň 33 ýyl­lyk baý­ramy­nyň öňü­sy­ra­syn­da ge­lip gow­şan bu hoş ha­bar äh­li hal­ky­my­zyň ru­hu­ny gal­kyn­dyr­dy. Munuň özi Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň baş­lan­gyç­la­ry­na esas­lan­ýan hem-de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baştu­tan­ly­gyn­da al­nyp ba­ryl­ýan parahat­çy­lyk sö­ýü­jilik­li da­şa­ry sy­ýa­sa­tyň we sport dip­lo­ma­ti­ýa­sy­nyň dün­ýä­de da­ba­ra­lan­ýan­dy­gy­nyň aý­dyň gü­wä­si­dir. Şeý­le mö­hüm resminama­nyň ka­bul edil­me­gi halka­ra jem­gy­ýet­çi­li­gi ta­ra­pyn­dan Türkme­nis­tan­da spor­ty ös­dür­mek ba­bat­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­re ýo­ka­ry ba­ha be­ril­ýän­di­gi­ni tas­syk­la­ýar. 

Soň­ky ýyl­lar­da ýur­du­my­zyň be­den­ter­bi­ýä­ni we spor­ty ös­dür­mek ba­bat­da­ky oňyn tej­ri­besi dün­ýä bi­le­le­şi­gi­niň giň yk­rar­na­ma­sy­na eýe bolýar. Türk­me­nis­ta­nyň baş­lan­gy­jy esa­syn­da 3-nji iýu­nyň «Bü­tin­dün­ýä we­lo­si­ped gü­ni» diý­lip yg­lan edil­me­gi, şeý­le hem BMG-niň Baş Assamb­le­ýa­sy­nyň «Dur­nuk­ly ösü­şi ga­zan­mak üçin köp­çü­lik­le­ýin welosi­ped sür­me­gi jem­gy­ýet­çi­lik ulag ul­gam­la­ry­na gi­riz­mek» at­ly Karar­na­ma­synyň bi­ra­gyz­dan ka­bul edil­me­gi, Türk­me­nis­ta­nyň 2023 — 2027-nji ýyl­lar üçin ÝU­NES­KO-nyň Be­den­ter­bi­ýe we sport bo­ýun­ça hö­kü­me­ta­ra ko­mi­te­ti­niň ag­za­ly­gy­na bi­ra­gyz­dan saý­la­nylma­gy ýurdumyzyň spor­ty ös­dür­mek­de ga­za­nan üs­tün­lik­le­ri­niň aý­dyň mysallary­dyr. 

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň bel­leý­şi ýa­ly, Türk­me­nis­tan Mil­let­ler Bi­le­le­şi­gi bi­len ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ry mun­dan beý­läk-de ös­dür­mä­ge gyzyk­lan­ma bil­dir­ýär. Se­bit we äh­lu­mu­my gün ter­ti­bi­niň mö­hüm mesele­le­ri­niň öza­ra yla­la­şykly çöz­güt­le­ri­ni iş­läp taý­ýar­la­mak­da wa­jyp or­ny eýe­le­ýän ýur­du­myz öz dö­re­di­ji­lik müm­kinçi­lik­le­ri­ni tu­tuş adamzadyň bäh­bi­di­ne ama­la aşyr­ma­ga ça­lyş­ýar. BMG-niň Baş Assamble­ýa­sy ta­ra­pyn­dan «Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň oýun­la­ry» at­ly Ka­rar­na­ma­nyň ka­bul edil­me­gi bol­sa, öz ge­ze­gin­de, Ga­raş­syz, hemişe­lik Bi­ta­rap Wa­ta­ny­my­zyň hal­ka­ra ab­ra­ýy­nyň be­len­de galýandygy­ny ýe­ne bir ýo­la äş­gär ed­ýär. 

Jem­gy­ýe­ti­miz­de sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­rini ber­ka­rar et­mek, dünýä de­re­je­li sport ýurdy hök­mün­de ata Wa­ta­ny­my­zyň ab­ra­ýy­ny yzygi­der­li ýo­kar­lan­dyr­mak ug­run­da be­ýik iş­le­ri dur­mu­şa ge­çir­ýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň jan­la­ry sag, be­lent baş­la­ry aman bol­sun!

 

Begençgeldi BAÝRAMMYRADOW,

Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler 

par­ti­ýa­sy­nyň Ahal we­la­ýat ko­mi­te­ti­niň 

baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry, Mej­li­siň de­pu­ta­ty.