​Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский
26.09.2024

BEÝIK MILLI BUÝSANJYMYZ

 

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň her güni beýik ösüşlere, şanly wakalara beslenip, täze taryhy zamanamyzyň ýyl senenamasyna altyn harplar bilen ýazylýar. Ynha, 33 ýyl mundan ozal halkymyzyň özygtyýarly döwlet gurmak baradaky isleg-arzuwynyň wysalyna gowuşmagy netijesinde «Türkmenistanyň Garaşsyzlygy we döwlet gurluşynyň esaslary hakynda» Konstitusion Kanun kabul edilip, ata Watanymyz Garaşsyz döwlet diýlip yglan edildi. Beýik milli buýsanjyna — Garaşsyzlyk bagtyna eýe bolan merdana halkymyz ata Watanymyzyň garaşsyzlygynyň we özygtyýarlylygynyň ykrarnamasy hökmünde Döwlet baýdagyny hem-de Döwlet tugrasyny döretdi. 

Toýlary toýa ulaşýan berkarar döwletimizde Garaşsyzlyk güni mynasybetli ýaşaýyş jaýlarynyň, önümçilik desgalarynyň açylyp, ulanmaga berilmegi, joşgunly baýramçylyk dabaralarynyň, maslahatlaryň we sergileriň guralmagy ildeşlerimiziň şatlygyna şatlyk goşup, kalplaryna egsilmez ylham berýär. Bu günki gün ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmaga, ýurdumyzy senagat taýdan ösen döwlete öwürmäge, dünýäniň ykdysady giňişligine işjeň goşulyşmaga ýardam berýän düýpli özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi esasynda gazanylýan ajaýyp üstünlikler, ýetilen belent sepgitler bütin dünýäde ykrar edilýär. 

Garaşsyzlyk ýyllarynda Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary esasynda ýurdumyzyň Milli Parlamenti hem hil we düzüm taýdan döwrebap özgerişlige eýe boldy. Täze döwrüň ruhuna laýyk gelýän Kanunlar işlenilip düzüldi we kabul edildi.

Ýurdumyzyň hukuk ulgamyny kämilleşdirmekde esasy wezipe döwletiň we jemgyýetiň bähbitleriniň sazlaşygyna gönükdirilen kanunlary kabul etmekden ybarat bolup durýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parasatly döwlet syýasatynyň baş maksady ata Watanymyzyň kanunçylygyny döwrebap kämilleşdirmeklige, kanun çykaryjylyk işiniň iň kämil, ösen dünýä tejribesini milli kanunçylygymyza ornaşdyrmaklyga gönükdirilendir. 

Garaşsyzlyk ýyllarynda Milli Liderimiz tarapyndan yglan edilen «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgä laýyklykda güneşli Diýarymyzda amala aşyrylýan işler, ähli ugurlarda durmuşa geçirilýän özgertmeler mähriban halkymyzyň parahat we abadan durmuşda ýaşamagyny üpjün edýär. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan beýik işlerini Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň mynasyp durmuşa geçirmegi bilen mukaddes Garaşsyzlygymyzyň esaslary barha berkidilýär. Hormatly Prezidentimiz Garaşsyz ösüşimiziň häzirki tapgyrynda — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe demokratik we adalatly jemgyýetimizi has-da kämilleşdirmek, adam hakyndaky aladany, il-ýurt bähbitlerini ileri tutmak bilen, jan Watanymyz Türkmenistany, agzybir halkymyzy bagtly geljege alyp barýar. Şu nurana ýolda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen taglymaty bize ruhy ganat, egsilmez hyjuw berýär. 

 

Amangeldi HEZZIÝEW, 

welaýat häkimliginiň baş hünärmeni, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.