​Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский
02.10.2024

BAGTYÝAR DÖWRÜŇ KEŞBI

 

Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi we onda kabul edilen çözgütler ildeşlerimiziň her birini gyzyklandyrýar. Milli Liderimiz we hormatly Prezidentimiz mejlisde eden taryhy çykyşlarynda ýurdumyzy mundan beýläk-de gülletmek, oba ilaty üçin has giň mümkinçilikleri döretmek babatda oňyn başlangyçlary öňe sürdüler. Gahryman Arkadagymyzyň: «Nesip bolsa, geljekde has-da uly işleri amala aşyryp, kuwwatly kärhanalary, önümçilik merkezlerini, täze, döwrebap şäherleri, şäherçeleridir obalary gurarys. Ata Watanymyzyň görküni has-da gözelleşdireris» diýen sözleri mejlise gatnaşyjylaryň kalbynda ajaýyp mukam bolup ýaň­landy. 

Oba hojalygyndaky galkynyş milli ykdysadyýetiň ähli ugurlaryna öz täsirini ýetirýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döredip berýän giň mümkinçiliklerinden, höweslendirmelerinden ruhlanýan daýhanlar şu günler pagtanyň bol hasylyny ýygnap almak üçin yhlas bilen zähmet çekýärler. «Ak altyndan» öndürilen milli dokma önümlerimiz bu gün dünýä bazarynda iň hyrydarly harytlaryň hatarynda durýar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, ýurdumyzda dokma senagatyny döwrebaplaşdyrmak boýunça möhüm özgertmeler durmuşa geçirilýär. Ýokary hilli harytlary öndürýän toplumlar gurlup, halkara ül­ňülere laýyk gelýän eksport önümçiligi gi­ňeldilýär. 

Mahlasy, nobatdaky taryhy mejlisde edilen çykyşlar, öňe sürlen başlangyçlar mundan beýläk-de halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Biz — mejlise gatnaşyjylar şeýle bagtly döwürde ýaşaýandygymyza has-da guwandyk. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Halk Maslahatynyň mejlisinde öňe süren başlangyçlaryndan ugur alyp, geljekde hem joşgunly, netijeli zähmet çekeris. 

 

Ogul­nur HA­ÝY­DO­WA,

 «Le­bap­gal­laö­nüm­le­ri» önüm­çi­lik bir­le­şi­gi­niň 

ag­ro­no­my, Mej­li­siň de­pu­ta­ty.