Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть
Ýurdumyzda daşky gurşawa aýawly çemeleşmek, ekologiýa abadançylygyny gorap saklamak babatda alnyp barylýan döwlet syýasaty sagdyn jemgyýeti kemala getirmek ugrundaky tagallalar bilen utgaşdyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň bu ugurda amala aşyrýan işleri dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giň goldawa eýe bolýar. Bu tagallalar durnukly ösüşiň we abadan ýaşaýşyň üpjün edilmeginiň esasy şertleridir. Diýmek, sport we ekologiýa bir-biri bilen berk baglanyşyklydyr.
Halkymyzyň Milli Lideriniň asylly başlangyçlaryny täze many-mazmun bilen baýlaşdyrýan hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda raýatlaryň saglygyny, ýaşaýan dünýämiziň abadançylygyny, geljekki nesilleriň mynasyp ýaşaýşyny nazarlaýan tagallalar ýurdumyzda giň gerimli we köpugurly häsiýete eýedir. Bu babatda amala aşyrylýan işler dowamlylygy we üznüksizligi bilen tapawutlanýar. Sport bilen ekologiýanyň arabaglanyşygy barada gürrüň edilende, ilkinji nobatda, bu iki düşünjäniň hem adamlaryň saglygy bilen baglanyşyklydygyny bellemelidir. Daşky gurşawyň abadançylygyna uly ähmiýet berýän ýurdumyzda her ýyl geçirilmegi asylly däbe öwrülen welosipedli ýörişler sportuň, sagdyn durmuş ýörelgesiniň we ekologiýanyň sazlaşygynyň aýdyň mysalydyr. Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde ýaýbaňlandyrylýan şeýle çärelere ildeşlerimiziň on müňlerçesiniň işjeň gatnaşmagy bolsa bu asylly başlangyjyň halkymyzyň gyzgyn goldawyna eýe bolýandygyny tassyklaýar.
Ekologiýa abadançylygy ýurdumyzda yzygiderli gurlup, ulanylmaga berilýän medeni we durmuş maksatly desgalaryna, şol sanda sport düzümlerine bildirilýän möhüm talap bolup durýar. Paýtagtymyzdaky we welaýatlarymyzdaky sport desgalarynyň ekologik talaplara laýyk gelýän enjamlar bilen üpjün edilmegi, olaryň töwereginde ýaşyl zolaklaryň döredilmegi munuň aýdyň mysallarydyr. Şäherlerimizdäki seýilgählerdir ýaşyl zolaklar hem ähli ýaşdaky we dürli kärlerde zähmet çekýän raýatlarymyzyň arassa howada bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirmekleri, sport bilen meşgullanmaklary üçin giň mümkinçilikleri hödürleýär. Şeýle şertleriň netijesinde sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýän ildeşlerimiziň sanynyň artmagy diýseň begendirýär. Hormatly Prezidentimiziň daşky gurşawyň goraglylygyny, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek bilen baglanyşykly öňe sürýän başlangyçlary ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmekde amala aşyrylýan giň möçberli işlerde, agaç nahallaryny ekmekde, tebigy tokaý zolaklaryny gorap saklamakda, paýtagtymyzda, awtoulag ýollarynyň ugrunda pürli baglary ekmek işleriniň giňişleýin dowam etdirilmeginde aýdyň beýanyny tapýar.
Ýurdumyzda ynsan saglygynyň esasy şertleriniň biri bolan ekologiýa abadançylygyny üpjün etmegiň kanunçylyk-hukuk binýady hem yzygiderli kämilleşdirilýär. Häzirki wagtda daşky gurşawyň abadançylygy bilen baglanyşykly wezipeler Türkmenistanyň Tokaý kodeksi, Sanitariýa kodeksi, Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksi, «Atmosfera howasyny goramak hakynda», «Tebigaty goramak hakynda», «Ekologiýa seljermesi hakynda», «Ekologiýa auditi hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary, «Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasy» we beýleki resminamalar arkaly düzgünleşdirilýär.
Türkmenistanyň ýakynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň çäklerinde öňe sürmegi meýilleşdirýän Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge gönükdirilen möhüm başlangyçlarynyň hatarynda hem ekologiýa meselelerine möhüm orun degişlidir. Şol başlangyçlaryň hatarynda Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalaryň sebit merkezini döretmek, BMG-niň howandarlygynda 2030-njy ýyla çenli parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça ählumumy Strategiýany işläp taýýarlamaga girişmegi we bu abraýly halkara guramanyň degişli düzümleriniň hem-de Metan zyňyndylary boýunça halkara obserwatoriýanyň gatnaşmagynda Türkmenistanda halkara maslahaty geçirmek, «Hazar ekologik başlangyjyny» döretmek, Merkezi Aziýa ýurtlarynda suw serişdelerinden peýdalanmagyň meseleleri boýunça baş edarasy Aşgabat şäherinde ýerleşýän BMG-niň Sebit geňeşini döretmek ýaly teklipler bar.
Ýurdumyzda ählumumy abadançylygy üpjün etmek, daşky gurşawa aýawly çemeleşmek, tebigy serişdelerden oýlanyşykly peýdalanmak ugrunda durmuşa geçirilýän işler dünýä üçin nusgalykdyr. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan ekologiýa syýasaty şu günki we geljekki nesilleriň sagdyn hemde bagtyýar durmuşynyň güwäsidir.
Serdar GAÝYPOW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň Daşky gurşawy goramak, tebigatdan peýdalanmak we agrosenagat toplumy baradaky komitetiniň başlygy