Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть
Indi üç asyr bäri halkymyzyň ruhy dünýäsi Magtymguly Pyragynyň şygyrlary bilen dem alýar. Çünki akyldar şahyr hemmeleriň göwnünde tagt gurdy. Dana Pyragynyň hormatyna dürli ýerlerde onuň ýadygärlik heýkelleri dikildi. Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyjy bilen Köpetdagyň eteginde akyldar şahyryň belent ýadygärligini öz içine alýan medeni-seýilgäh toplumy döredildi. Bu toplumyň çäginde dünýä edebiýatynyň görnükli wekilleriniň heýkelleriniň oturdylmagy bolsa akyldaryň eserlerinde beýan edilen dost-doganlygyň, hoşniýetli goňşuçylygyň dabaralanýandygynyň aýdyň güwäsidir. Beýik şahyryň hormatyna Magtymguly adyndaky halkara baýrak, «Magtymguly Pyragy» medaly, «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly döredildi. Şu ýylyň iýunynda «Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Bularyň ählisi türkmeniň beýik oglunyň şahsyýetine, umumadamzat ähmiýetli döredijiligine goýulýan belent sarpadan nyşandyr.
Magtymguly Pyragynyň ynsanperwerligiň, watansöýüjiligiň, ruhubelentligiň we agzybirligiň mukamy bolup ýaňlanýan goşgulary her kimiň köňül nagşy, ýürek buýsanjy. Hut şu jähetden, onuň şygryýet dünýäsine Ýer ýüzünde belent hormat goýulýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 11-nji oktýabrynda hormatly Prezidentimiziň başlyklyk etmeginde dünýäniň birnäçe döwletleriniň Prezidentleriniň hem-de abraýly halkara guramalaryň ýolbaşçylarynyň gatnaşmaklarynda geçirilen «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forum türkmen akyldarynyň at-abraýyny ýene bir gezek dünýä ýaýdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly, Magtymguly Pyragynyň toýunyň dünýä toýuna öwrülendigini aýdyň tassyklan ýokary derejeli halkara forumyň geçirilmegi türkmen şahyrynyň ynsanperwer taglymlaryny halkara giňişlikde dabaralandyrmakdaky tagallalaryň mynasyp dowamyna öwrüldi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda şahyryň ýubileýini baýram etmegiň maksatnamasynyň çäklerinde geçirilen bu halkara forumyň esasy maksady akyldaryň döredijilik mirasyny giňden wagyz etmekden, Gündogar halklarynyň dilleriniň we edebiýatlarynyň özara baglanyşygyny, söz ussadynyň milli döwletliligi ösdürmekde eýeleýän ornuny, umumadamzat gymmatlyklarynyň genji-hazynasyna goşan goşandyny öwrenmekden ugur aldy.
Gahryman Arkadagymyz söz ussadynyň döredijilik dünýäsi hakynda söz açyp: «Magtymguly Pyragy sözüň güýji, gudraty bilen şygryýet äleminde ady arşa galan beýik akyldar şahyrdyr» diýip belleýär. Akyldar şahyr özünden öňki alymlaryň, söz ussatlarynyň, has takygy, Gündogar edebiýatynyň görnükli wekilleri Sagdynyň, Hafyzyň, Firdöwsiniň, Nyzamynyň, Nowaýynyň, Abu Sagyt Abulhaýryň we beýlekileriň edebi mirasyny düýpli öwrenip, olaryň edebi pikirlerini täze mazmun bilen baýlaşdyrypdyr. Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti halkara forumda eden çykyşynda: «Eger-de pars diliniň ösüşi Firdöwsi ýaly şahyrlaryň döredijiligine borçly bolsa, onda türkmen dili we edebiýaty hem Magtymguly ýaly beýik şahyrlaryň bitiren hyzmatlaryna borçludyr» diýmek bilen, şu hakykata ünsi çekdi.
Şahyryň döredijiligi indi ençeme asyrlardan bäri, nesilleri watançylyk ruhunda terbiýelemegiň, olarda Watana, il-güne bolan belent söýgini döretmegiň nusgalyk mekdebi bolup hyzmat edip gelýär. Akyldaryň edebi mirasy ýaş nesil üçin ylham çeşmesidir, kämil watançylyk kelamydyr. Bu babatda hormatly Prezidentimiz halkara forumda eden çykyşynda: «Şahyryň goşgulary nesillerde watansöýüjiligi, ýokary ahlaklylygy terbiýelemäge, olaryň bilimli, hünärli, il-ýurt üçin, bütin adamzat üçin haýyrly işleri amala aşyrmaga mynasyp adamlar bolup ýetişmegine ýardam edýär» diýip nygtady.
«Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumyň jemleýji resminamasynda ynsanperwerlik, dostluk taglymlaryna esaslanýan Magtymgulynyň döredijiliginiň möhümligi we häzirki döwrüň ruhuna laýykdygy hem-de ýaş nesli watançylyk ruhunda, ruhy-ahlak taýdan terbiýelemekdäki orny dogrusynda aýratyn nygtalýar. Şeýle hem resminamada beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň döredijiligini wagyz etmekde medeni dialogyň döwletleriň arasynda köpugurly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly goşant goşýandygy, halklaryň dostlugynyň we özara düşünişmeginiň pugtalandyrylmagyna, medeniýetleriň özara baýlaşmagyna ýardam berýändigi beýan edilýär.
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda iki halkyň görnükli şahsyýetleriniň — türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň Gazagystanyň paýtagty Astanada, gazak şahyry hem-de magaryfçysy Abaý Kunanbaýewiň Aşgabatda ýadygärlikleriniň açylmagy türkmen we gazak halklarynyň dost-doganlygynyň aýdyň nyşany bolmak bilen, döwletleriň arasynda medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň täze gözýetimlerini açýar.
Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň forumda eden çykyşynda öz ýurdunyň Magtymguly adyndaky halkara baýragy esaslandyrmak başlangyjy bilen çykyş edendigini nygtamagy örän buýsandyryjy ýagdaýdyr. Munuň özi iki doganlyk halkyň dostlugynyň we döredijilikli gatnaşyklarynyň aýdyň nyşany boldy.
Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon forumda eden çykyşynda Bilimler we talyp ýaşlar gününde Täjigistanyň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynda Magtymguly adyndaky umumybilim berýän orta mekdebiň dabaraly ýagdaýda açylyp, ulanylmaga berlendigini hoşallyk bilen belledi. Munuň özi beýik akyldaryň halklaryň arasynda dostluk köprüsini gurmakda örän uly ähmiýetiniň bardygyny nobatdaky gezek subut edýär.
Magtymguly Pyragynyň: «Berkarar döwlet islärin», «Bir döwlete gulluk etsek bäşimiz» ýaly setirlerinde beýanyny tapan mukaddes arzuwlary biziň ajaýyp döwrümizde durmuş hakykatyna öwrüldi. Halkymyza şeýle eşretli döwrany peşgeş beren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman, döwletli işleri hemişe rowaç bolsun!
Ýazpolat KERIÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar
guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy
Mejlisiň deputaty.