Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde çykyş edende, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şeýle diýdi: «Biziň esasy maksadymyz eziz Watanymyzy beýik geljege tarap ynamly öňe alyp barmakdan ybaratdyr». Halk Maslahatynyň mejlisindäki çykyşlaryň, gelnen netijeleriň we çözgütleriň hem hut şu maksatdan ugur alandygyny nygtasymyz gelýär.
Mälim bolşy ýaly, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda, 24-nji sentýabrda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onda halk häkimiýetiniň gadymdan gelýän milli däplerinden, häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň demokratik kadalaryndan ugur alyndy.
Maslahat köşgündäki baýramçylyk we ruhubelentlik ýagdaýy «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ösüşlerinden, halkymyzyň bagtyýar durmuşyndan, öz Milli Liderine we hormatly Prezidentine guwanjyndan aýdyň alamat boldy. Munuň özi, Gahryman Arkadagymyzyň aýdyşy ýaly, ykbalyny halkyň ykbaly bilen berk baglan akyldaryň arzuw eden zamanasynyň gelendiginiň, eserleri dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň giňden bellenilýän ýylynyň guwanjydyr.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde geçilen menzillere göz aýlanyldy, öňde durýan wezipeler kesgitlenildi, halkymyzyň bagtyýar, abadan durmuşyny üpjün etmäge, ýurdumyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmäge gönükdirilen möhüm meselelere garaldy. Garaşsyz Türkmenistan agzybirligiň, rowaçlygyň ýurduna, iň bagtly adamlaryň ýaşaýan, zähmet çekýän Diýaryna öwrüldi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz türkmen halkynyň Milli Lideriniň nusgalyk ýoluny üstünlikli dowam etdirýär. Röwşen geljegi gurmak, döretmek işine işjeň gatnaşmagy hemmeler özüniň mukaddes borjy hasaplaýar.
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda döwlet hem jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlaryny gurşap alýan giň gerimli, düýpli, täzeçil özgertmeler, kabul edilen maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Döwletimiziň ykdysady kuwwaty artýar, halkara abraýy pugtalanýar, halkymyzyň hal-ýagdaýy barha ýokarlanýar. Milli Liderimiziň mejlisde çykyş edende nygtaýşy ýaly, Garaşsyz döwletimiziň üstünliklerini berkitmek esasy maksadymyzdyr. Şuňa laýyklykda, Gahryman Arkadagymyz Garaşsyz Türkmenistanyň geçen şöhratly ýoluny, demokratik, hukuk, dünýewi döwletimizi mundan beýläk-de ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny beýan etdi.
Halk Maslahaty döwlet ähmiýetli meseleleri çözmäge, halkymyzyň agzybirligini, jebisligini barha berkitmäge ýakyndan gatnaşýar, döwletimiziň hemmetaraplaýyn ösmegine ýardam bermek boýunça işleri durmuşa geçirýär. Häkimiýet bilen halkyň bitewüligi döwlet durmuşynyň binýadydyr, kämil jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň esasydyr. Ýurdumyzda häkimiýet bilen halkyň, döwlet bilen jemgyýetiň arabaglanyşygy yzygiderli pugtalandyrylýar. Şunda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ýanynda döredilen Ýaşulular geňeşiniň işine hem uly ähmiýet berilýär.
Döwletimiziň hem jemgyýetimiziň ösüşi ylym, bilim, medeniýet bilen berk baglydyr. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy» amala aşyrylýar. Döwrebap bilim edaralary gurulýar, ylmyň we innowasiýalaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça tehnologiýalar merkezleri döredilýär. Bu ugurda geljegi uly işleri amala aşyrmak göz öňünde tutulýar. Ýaş nesliň geljegiň mynasyp eýeleri bolmagy ugrunda ähli tagallalar edilýär. Medeniýet we sungat halkymyzyň ruhy baýlygydyr. Häzirki döwürde türkmen medeniýetiniň, sungatynyň gazananlaryny dünýä ýaýmak maksady bilen, dürli festiwallar, konsertler, sergiler, döredijilik duşuşyklary, beýleki medeni-köpçülikleýin çäreler geçirilýär. Paýtagtymyzyň dag etegindäki gözel künjeginde «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumy döredildi, akyldar şahyrymyzyň bu ýerde dikilen belent ýadygärligi türkmeniň guwanjyna guwanç goşdy.
Halkymyzyň saglygy, abadan we bagtyýar durmuşy döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Saglygy goraýyş ulgamynda halkymyza dünýä ülňülerine laýyk gelýän, elýeterli, ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlary edilýär. Ýurdumyzda «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasynyň döredilmegi bilen, dürli görnüşli lukmançylyk serişdeleriniň önümçiligi ýola goýuldy. Hormatly Prezidentimiziň aýdyşy ýaly, saglygy goraýyş ulgamynda yzygiderli ulanylýan, ekologik taýdan arassa, ýerli çig mallardan öndürilýän şol önümler geljekde dünýä bazarlarynda uly orun eýelär. Ekologik howpsuzlygy üpjün etmek, daşky gurşawy goramak, şäherdir obalarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek meselesine uly ähmiýet berilýär. Bu ugurda düýpli işler alnyp barylýar, halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlyk edilýär.
Bugdaý we pagta öndürijileri ykdysady taýdan höweslendirmek üçin, bu önümleriň döwlet satyn alyş bahalary ýokarlandyryldy. Şu ýyl zähmetsöýer daýhanlar Watan harmanyna 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylyny tabşyrdylar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki taryhy çykyşynda aýratyn belleýşi ýaly, ýygnalan bugdaý hasyly halkymyzyň, berkarar Watanymyzyň baýlygydyr, saçaklarymyzyň rysgal-berekedidir. Ýüpekçilik pudagyny ösdürmek boýunça wezipeler hem netijeli durmuşa geçirilýär. Maldarçylykdyr guşçulyk pudagy-da ösdürilýär. Ahalteke bedewlerimiziň tohum arassalygy goralyp saklanylýar, baş sany artdyrylýar. Halkymyzyň meşhur halyçylyk sungatyny ösdürmäge, dünýä ýaýmaga aýratyn üns berilýär.
Maliýe bazary ösdürilýär, telekeçiligiň täze görnüşleri we usullary peýda bolýar. Pul-karz, walýuta, maliýe, salgyt-býujet ulgamlary kämilleşdirilýär. 2030-njy ýyla çenli maliýe bazaryny ösdürmegiň Strategiýasynyň, kiçi we orta telekeçiligi goldamagyň Milli maksatnamasynyň kabul edilmegi ýurdumyzy ýokary depginde ösdürmegiň täze tapgyryna badalga bermäge hyzmat eder. Telekeçilerimiz ýokary bäsdeşlige ukyply önümleri öndürýärler, azyk howpsuzlygyny berkitmäge goşant goşýarlar, döwrebap senagat kärhanalaryny, şäherdir obalary gurýarlar. Arkadag şäherini ösdürmek, onuň ikinji tapgyryny gurmak bilen bagly işlerde olaryň uly paýy bar. Ýeri gelende aýtsak, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ýurdumyzyň taryhyndaky ilkinji «akylly» şäher — Arkadag şäheri ýakynda Koreýa Respublikasynda guralan halkara sergide üç sany abraýly baýraga mynasyp boldy. Arkadag şäherine iň tapawutlanan «akylly» şäher hökmünde baş baýragyň gowşurylmagy bolsa, aýratyn buýsandyryjy wakadyr.
2025-nji ýylda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy halkara derejede giňden bellenilip geçiler. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2025-nji ýyl «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilipdi. Türkmenistan dünýäde hyzmatdaşlygy, özara düşünişmegi pugtalandyrmagy ählumumy wezipe hasaplaýar. «Dialog — parahatçylygyň kepili» diýen ýörelgäni öňe sürýär. Dünýäde abadançylygyň, ynanyşmagyň, ynsanperwer gatnaşyklaryň ösmegine mynasyp goşant goşýar. Gadymy Beýik Ýüpek ýoluny döwrebap derejede dikeltmekde nusgalyk işleri durmuşa geçirýär. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna ençeme çaganyň saglygy dikeldildi. Gaznanyň alyp barýan işine halkara derejede ýokary baha berilýär. Munuň özi, Gahryman Arkadagymyzyň aýdyşy ýaly, berkarar döwletimiziň ynsanperwerlik syýasatynyň üstünliklere beslenýändigini görkezýär.
Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň esasy tapgyry bolan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň gurluşygyna badalga berildi, energetika, ulag-aragatnaşyk pudaklaryna degişli iri desgalaryň açylyş we gurluşygyna başlamak dabaralary bolup geçdi. Bular Türkmenistan bilen Owganystanyň arasynda hoşniýetli hyzmatdaşlygyň barha rowaçlanýandygyny görkezýän, sebitiň we dünýäniň abadançylykly ösüşlerine hyzmat edýän taryhy wakalardyr.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda Türkmenistanyň Mejlisiniň işi bilen bagly aýratyn durup geçdi. Milli parlamentiň raýatlaryň kanuny bähbitlerini goramak, ykdysadyýetimiziň pudaklaryny ösdürmek babatda netijeli işleri alyp barýandygyny aýtdy. Hormatly Prezidentimiz halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak boýunça giň möçberli işleriň hukuk esaslarynyň has-da pugtalandyrylmalydygyna hem ünsi çekdi. Çünki täze kanunçylyk namalaryny kabul etmek, milli kanunçylygy yzygiderli kämilleşdirmek döwrüň möhüm talaplaryndandyr.
Hawa, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde beýan edilen ösüşler bilen birlikde, täze maksatlar biziň her birimiziň öňümizde — agzybir, jebis türkmen halkynyň öňünde uly wezipeleri goýýar. Şol bellenen sepgitlere Watana söýgi, tutanýerli zähmet bilen ýetiljekdigine şek-şübhe bolup bilmez.
Sözümizi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň şu ajaýyp sözleri bilen jemlemekçi: «Watan mukaddesdir, onuň hatyrasyna ýerine ýetirilýän işler hem mukaddesdir. Şoňa görä-de, berkarar Watanymyzyň abraý-mertebesine, bedew batly ösüşine dahylly her bir işe ýürekden ýapyşmalydyrys. Bilelikde yhlasly zähmet çekip, eziz Diýarymyzy has-da beýgeltjek tutumly işleri amala aşyrmalydyrys».
Hatyja MUSTAKOWA,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.