Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть
Ministrler Kabinetiniň 25-nji oktýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde ýurdumyzda güýzki bag ekmek möwsümine görülýän taýýarlyk işleri barada hem hasabat berildi. Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, bu möwsüme gowy taýýarlyk görmek bilen bagly degişli işleri geçirmek barada ýörite tabşyryk berdi. Munuň özi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmäge, Mili tokaý maksatnamasyny durmuşa geçirmäge mynasyp goşant bolar.
Türkmenistanda tebigaty goramak, ondan netijeli peýdalanmak, ekologiýa syýasaty babatdaky milli kanunçylyk binýady barha kämilleşdirilýär. Halkara ylalaşyklardaky möhüm hukuk kadalary Türkmenistanyň Konstitusiýasynda we ýörite kanunlarda öz beýanyny tapýar. Esasy Kanunymyzyň 14-nji maddasynda: «Ýer we ýerasty baýlyklar, suwlar, ösümlik we haýwanat dünýäsi, şeýle hem beýleki tebigy baýlyklar Türkmenistanyň umumy milli baýlygy bolup durýar, döwlet tarapyndan goralýar we rejeli peýdalanmaga degişlidir» diýlip beýan edilmegi biziň ählimizi bu tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmaga, olary gözümiziň göreji deýin goramaga borçlandyrýar. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Tokaý kodeksi, Suw kodeksi, «Ýer hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanuny, «Tebigaty goramak hakynda», «Aýratyn goralýan tebigy ýerler hakynda», «Atmosfera howasyny goramak hakynda», «Ösümlikleri goramak hakynda», «Medeni ösümlikleriň genetiki gorlaryny ýygnamak, gorap saklamak we rejeli peýdalanmak hakynda», «Ekologiýa howpsuzlygy hakynda», «Ekologiýa auditi hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary ýurdumyzyň bu ugurdaky kanunçylyk binýadynyň esaslaryny düzýär.
Ýerli agaç nahallary bilen birlikde, dünýä ýurtlarynda özüniň gözel görki, ekologiýa edýän oňyn täsiri babatda tapawutlanýan agaç nahallary hem ýurdumyzyň toprak-howa şertlerine uýgunlaşdyrylyp ekilýär. 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Oba milli maksatnamasy esasynda ýurdumyzyň sebitlerinde miweli, saýaly, bezeg agaç nahallarynyň giň gerimde ekilmegi, tokaý zolaklarynyň döredilmegi ugrunda birnäçe işler alnyp barylýar.
Ata-babalarymyz her bir işiň başyny başlanlarynda, şol işiň jemgyýet, tebigat, durmuş bilen baglanyşykly peýdaly taraplaryny göz öňünde tutupdyrlar hem-de şol işiň ýaşlaryň arasynda zähmet babatda terbiýeçilik ähmiýetini nazara alyp, olara bu barada bilýänlerini öwredipdirler.
Durmuş bir ýerde durmaýar. Döwrüň özgermegi, dünýäde täze senagat we önümçilik desgalarynyň barha artmagy, tebigy serişdeleriň köp ulanylmagy netijesinde, howanyň, topragyň, suwuň hapalanmagy bilen baglanyşykly ekologik meseleler ýüze çykdy. Ol diňe bir ýurduň çäginde däl-de, eýsem, sebit, dünýä möçberinde çözülmeli möhüm meseleleriň birine öwrüldi. Onuň çözgüdini tapmakda Türkmenistan oňyn teklipleri öňe sürýär we birnäçe işleri alyp barýar. Pariž ylalaşygynyň we BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasynyň esasynda ekologiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmegi hem-de howanyň üýtgemegine garşy netijeli çäreleri amala aşyrmak babatda Türkmenistan halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy netijesinde, ýurdumyzda her ýyl ýazky we güýzki möwsümlerde miweli, saýaly, bezeg agaçlarynyň millionlarça düýbüniň ekilmegi eziz Diýarymyzda ekologiýa syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň güwäsidir. Şeýle döwletli işleriň durmuşa geçirilmegi, ilkinji nobatda, halkymyzyň tebigy gurşaw bilen sazlaşykda ýaşamak arkaly, tebigaty gorap saklamak ýaly asylly ýörelgesiniň bardygyny görkezýär. Agaç nahallaryny köpçülikleýin ekmek ýurt derejesinde, ählihalk işjeňligi netijesinde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem üstünlikli dowam etdirilýär.
Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda köpçülikleýin agaç nahallaryny ekmek çäresini ýokary guramaçylykly geçirmek baradaky tabşyryklary pederlerimizden gelýän bu asylly işe ýurt derejesinde ähmiýet berilýändiginiň aýdyň mysalydyr. Döwlet Baştutanymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň hut özleriniň bu çärä gatnaşmaklary ildeşlerimiz, hususan-da, ýaşlarymyz üçin görelde mekdebi bolýar. Baglaryň howadaky tozany, tüssäni, gurumy, zyňyndy gazlary özlerinde saklap galýandyklary we zyýansyzlandyrýandyklary mälimdir. Şonuň üçin güýzki möwsümde-de köpçülikleýin bag ekmek çäresi ýokary guramaçylykly, şatlyk-şowhunly geçirilip, ýurdumyz boýunça millionlarça miweli, saýaly, bezeg agaçlarynyň nahallary oturdylar. Bu sogaply çäräniň ýurdumyzda we sebitimizde ekologiýa abadançylygyny goramakda möhüm orna eýe bolmagy halkymyzy diýseň guwandyrýar.
Nepes ROZYÝEW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.