​Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский
08.11.2024

ÝAŞLARYŇ DURMUŞ GORAGLYLYGY

                                                                     

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň sahawatly saýasynda, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ähli ugurlar boýunça üstünlikler, uly ösüşler gazanylýar. Şeýle ösüşleriň hatarynda ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşynda ýaýbaňlanan demokratik özgertmeleri, milli kanunçylyk binýadynyň has-da pugtalandyrylmagyny aýratyn bellemek zerurdyr. 

Ata Watanymyzda her bir adamyň abadan hem-de bagtyýar ýaşamagyny göz öňünde tutmak bilen, raýatlarymyzyň hukuklarydyr azatlyklaryny doly berjaý etmek maksatlaryndan ugur alýan döwlet Baştutanymyzyň öňe sürýän ynsanperwer taglymaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, durmuşa geçirilýän oňyn özgertmeler ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň täze ugurlaryny kesgitlemäge, döwlet häkimiýetiniň täze edaralaryny we raýat jemgyýetini döretmäge mümkinçilik berýär. Şeýle-de adamyň we raýatyň hukuklaryny hem-de azatlyklaryny giňeltmek we hemmetaraplaýyn goramak üçin zerur bolan şertleri döredýär. Ýurdumyzda amala aşyrylýan ähli özgertmeleriň baş maksady bolsa, Türkmenistan döwletimiziň Konstitusiýasynda beýanyny tapan «Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adamdyr» diýen baş ýörelgäniň iş ýüzünde amala aşyrylmagyna gönükdirilýär. 

Her bir döwletiň dünýä giňişligindäki ornuny, ilki bilen, onuň hukuk binýady kesgitleýär. Ýurduň hukuk binýadyny emele getirýän, döwletiň we raýatlaryň esasy hukuklarynyň, borçlarynyň resmi beýany bolsa döwletiň Konstitusiýasynda jemlenendir. Hut şonuň üçin hem Esasy Kanunymyz ýokary hukuk güýjüne eýedir. Konstitusiýa ýurdumyzyň hukuk döwleti hökmünde milli gymmatlyklarymyza we halkara ýörelgelere esaslanýan möhüm ulgamyny ösdürmegiň gözbaşynda durýar. Ondaky ýörelgeleýin kadalar kanunylyk, ynsanperwerlik, adalatlylyk, deňhukuklylyk, demokratiýalaşmak, halk häkimiýetliligi ýaly häzirki zamanyň umumy jemgyýetçilik-syýasy düşünjeleriniň jemini emele getirýär. 

Hut şu nukdaýnazardan, ýurdumyzda ýaşlaryň hukuk we durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek, olaryň ruhy-ahlak gymmatlyklaryny, sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmek, watansöýüjiligi, jogapkärçiligi, zähmete bolan söýgini terbiýelemek ýörelgelerine esaslanýan döwlet syýasatynyň hukuk binýadynyň kämilleşdirilmegi döwletimiziň geljegi bolan ýaşlar hakyndaky aladanyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini şöhlelendirýär. 

«Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanuny ýurdumyzyň Konstitusiýasyna esaslanýar we ýaşlar barada döwlet syýasatynyň meselelerini düzgünleşdirýän Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan durýar. Hususan-da, Kanunda ýaşlar babatynda döwlet syýasatynyň esasy maksatlary bellenilip, olar ýaş raýatlaryň konstitusion hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmäge, şahsyýetiň, jemgyýetiň we döwletiň bähbitlerinde Türkmenistanyň raýatlarynyň kuwwatyny ösdürmek we durmuşa geçirmek üçin hukuk, durmuş, ykdysady we guramaçylyk şertlerini we kepilliklerini döretmäge, hemmetaraplaýyn ösen şahsyýeti durmuş taýdan kemala getirmäge, ýaş raýatlarda watançylyk, türkmen halkynyň taryhy, medeni we ruhy gymmatlyklaryna hormat goýmak ruhuny döretmäge gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, jemgyýetiň iň işjeň bölegini düzýän ýaşlaryň pikir-garaýyşlary çuňňur öwrenilip taýýarlanylan 10 bapdan, 57 maddadan ybarat bu kanunçylyk namasy ýaşlar barada döwlet syýasatynyň maksatlaryny, wezipelerini, ýörelgelerini, esasy ugurlaryny kesgitlemek bilen, ylym-bilim, döredijilik, telekeçilik, maşgala babatda ýaşlarymyzy goldamagy we goramagy göz öňünde tutýar. Ylaýta-da, Kanunyň rejelenen bu täze görnüşinde ýaşlaryň ýaşynyň 35 ýaşa çenli kesgitlenmegi ýaş nesilleriň geljegi üçin döredilýän mümkinçilikleriň berk hukuk binýadyny kemala getirýär. Kanuna ýaşlarymyzy watançylyk ruhunda terbiýelemek ugrunda durmuşa geçirilýän işleriň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak maksady bilen, «Ýaşlaryň watançylyk terbiýesi» atly täze babyň girizilmeginiň bolsa, ýaşlaryň Watanyň belent gymmatlykdygyna düşünmeginde uly ähmiýete eýedir. 

Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda: «Biz ýaş raýatlaryň durmuş üpjünçiligini gowulandyrmak, ýaş çatynjalara goldaw bermek, olary häzirki zaman ýaşaýyş jaýy bilen üpjün etmek, ýaşlaryň telekeçilik başlangyçlaryny höweslendirmek boýunça alyp barýan işlerimiziň gerimini has-da giňeldýäris. Ýaşlar baradaky döwlet syýasatymyzy üstünlikli durmuşa geçirmek üçin ýaşlar bilen işleşýän ýöriteleşdirilen guramalaryň işini güýçlendirmegi, hukuk esaslaryny we maliýe meselelerini geljekde hem kämilleşdirmegi maksadalaýyk hasaplaýaryn» diýip bellemegi, bizi täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. 

Goý, adam hakyndaky aladany döwlet syýasatynyň esasy ugruna öwrüp, halkymyzyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmak ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! 

 

Maksat JANMYRADOW, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, 

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar 

guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň başlygy