​Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский
13.11.2024

DAMJALAÝYN SUWARYŞ USULY

 

Halk arasynda ulanylýan «Ekini bitirýänem suw, ýitirýänem» diýlen dana sözler ata-babalarymyzyň ir döwürlerden bäri suwa uly hormat goýup gelendiginden mysaldyr. Häzirki wagtda ýurdumyzda ýer-suw baýlyklarymyzy tygşytly peýdalanmak ugrunda uly işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň çäklerinde suwlary tygşytly ulanmagyň ugurlarynyň biri-de, suwaryş ulgamynyň işini sazlamakdyr. Häzirki döwürde ýerleri damjalaýyn usulynda suwarmaklyga uly üns berilýär. Hakykatdan hem damjalaýyn suwarmak oba hojalyk ekinlerini suw bilen yzygiderli üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Oba hojalyk ekerançylygynda möwsümleýin däne ekilen ýerlere damjalaýyn suwarylýan enjamlaryň ornaşdyrylmagy ekinlerden bol hasyl almaga, ýer-suw serişdelerini netijeli peýdalanmaga itergi berýär. Damjalaýyn suwarmak usulynyň esasy artykmaçlygy suwuň örän tygşytly ulanylmagydyr. Ekinler ekiliş usulyna görä, damjalaýyn suwarylanda, suw beýleki suwaryş usullary bilen deňeşdirilende, 2 – 4 esse az sarp edilýär. Bu bolsa ýurdumyzyň ekin meýdanlaryny suw bilen üznüksiz ýagdaýda üpjün etmäge mümkinçilik döredýär. 

Ýurdumyzda önümçiligiň ähli ugurlaryny döwrebap tehnologiýalar bilen üpjün etmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Döwlet Baştutanymyzyň tagallasy bilen, ýurdumyzda oba hojalygyny ösdürmek, şeýle-de ony bagy-bossanlyga öwürmek boýunça uly işler amala aşyrylýar. Tebigatymyzyň gözelliklerini gorap saklamak, şeýle-de daşky gurşawyň sazlaşygyny üpjün etmek maksady bilen, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde döwrebap suw tygşytlaýjy enjamlar ornaşdyrylýar. Suwarymly ekerançylyk meýdanlarynda we boz meýdanlarda bag nahallaryna ideg etmeklige uly ähmiýet bermek hem ýurdumyzyň ekologiýa syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Şonuň esasynda «Ýaşyl» ykdysadyýete geçmek, tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmak we ekologiýa taýdan arassa önümleriň önümçiligini artdyrmak boýunça giň möçberli çäreler durmuşa geçirilýär. 

Ýurdumyzda tebigy baýlyklardan aýawly peýdalanmak, olary gorap saklamak ýaly derwaýys işlere möhüm ähmiýet berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz — Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun! 

 

Arslan HAÝYDOW, 

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň

 Tagtabazar etrap komitetiniň partiýa guramaçysy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.