​Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский
21.11.2024

BILIM — SAZLAŞYKLY ÖSÜŞIŇ EGSILMEZ ÇEŞMESI

 

Ýurdumyzy köptaraply ösüşiň nurana ýoluna ataran türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly ajaýyp kitabynda islendik döwletiň ykdysady kuwwatynyň diňe bir tebigy baýlyklary bilen däl-de, eýsem, ýetişdirip bilýän kämil nesilleri bilen hem kesgitlenýändigini nygtaýar. Milli Liderimiziň bu paýhasly pikir-garaýşynyň üstüni ýetirýän «Türkmenistan hem bu ugurda kuwwatly döwlet diýip arkaýyn aýdyp bileris. Biziň ýurdumyzda ýaşlaryň döwrebap bilim almaklary, hünärlerini kämilleşdirmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredildi» diýen sözleri-de çuňňur mana eýedir. Sebäbi milli bilim ulgamy döwlet syýasatynyň strategik ugry hökmünde kesgitlenip, onuň hilini, mazmunyny dünýä ölçeglerine laýyk getirmekde düýpli öňegidişlikler gazanyldy. Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilik bilen başyny başlan bilim özgertmeleriniň ajaýyp miweleri bolan bu üstünlikler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň hem häsiýetli aýratynlygyna öwrülýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwrüň talaplaryndan ugur alyp, kabul edýän çözgütleri şeýle üstünlikleriň binýadyny berkidýär. Hormatly Prezidentimiziň Karary esasynda «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynyň» we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň tassyklanmagy muňa anyk subutnamadyr. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň maý aýynda kabul edilen Konsepsiýa täze taryhy eýýamda bilim bermegiň hilini dünýä standartlaryna laýyk getirmek, okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek, bu ugurda innowasion usullary okuw işine giňden ornaşdyrmak, mugallymlaryň döredijilik başarnyklaryny we ussatlygyny has-da ýokarlandyrmak ýaly asylly maksatlary nazarlaýar. Bu resminama okuw derslerini okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmekde alnyp barylýan işleriň maksatlaryny, wezipelerini has-da aýdyňlaşdyrýar, milli we dünýä tejribeleriniň sazlaşygyny, işleriň dünýä standartlaryna laýyklygyny üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýe bolýar. Her bir işde anyk wezipeleriň kesgitlenmegi, baş maksada ýetmekde durmuşa geçirilmeli işleriň doly aýdyňlaşdyrylmagy bolsa üstünligiň ilkinji şertleriniň biridir.

 Pederlerimiziň watansöýüjilik ruhuny, ynsanperwer durmuş ýörelgelerini, kämil zähmet däplerini, asylly milli häsiýetlerini mynasyp dowam etdirýän, çuňňur bilimli, döredijilikli pikirlenmegi başarýan nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek bilim ulgamynda alnyp barylýan köpugurly tutumlaryň düýp özenidir. Şunda ýaş nesle berilýän bilimiň hilini yzygiderli ýokarlandyrmak, mazmunyny baýlaşdyrmak möhüm bolup durýar. Bu babatda okgunly ösýän häzirki döwrüň öňde goýýan talaplaryna berk eýermek arkaly Watanymyzyň daýanjy bolan ýaşlara bilim we terbiýe berjek bilim işgärlerini taýýarlamak, olaryň hünär derejesini hem-de ussatlygyny ýokarlandyrmak işleriniň kämilleşdirilmegi uly üstünlikleriň kepilidir. Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýaş nesillerimiziň bilimleriň we ylymlaryň esaslaryny, akyl we fiziki zähmet endiklerini özleşdirmekleri, olarda ýokary ahlak sypatlaryny, sagdyn durmuş ýörelgelerini terbiýelemek üçin mugallymlarymyzyň hemişe döredijilik gözleglerinde bolmalydygyny nygtaýar. Konsepsiýada ýokary derejeli pedagogik işgärleri taýýarlamakda anyk wezipeleriň kesgitlenmegi hormatly Prezidentimiziň öňde goýýan wezipelerine iş ýüzünde amal etmekdäki tagallalaryň mynasyp beýanydyr. 

Resminamada döwlet we hususy hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmek arkaly bilim ulgamynda bäsdeşlik gurşawyny döretmegiň ýaş nesle berilýän bilim-terbiýäniň hiline oňyn täsir etjekdigine üns çekilýär. Okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmekde halkara hyzmatdaşlygyň möhüm ornuny hem nygtamak gerek. Munuň özi döwrebap tehnologiýalardan hem-de sanly bilim ulgamyndan peýdalanmak arkaly okatmagyň, şol sanda uzak aralykdan bilim bermegiň usulyýeti boýunça dünýä we milli tejribeleri özleşdirmäge şertleri üpjün eder. Öz nobatynda, döwrebap innowasion tehnologiýalaryň, sanly bilim ulgamynyň giň mümkinçilikleriniň netijeli ulanylmagy berilýän bilimiň hil taýdan dünýä ülňülerine laýyk gelmegine düýpli itergi berer. Şundan ugur alnyp, Konsepsiýada okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek boýunça täze elektron okuw-usulyýet toplumlaryny taýýarlamagyň zerurlygyna hem ähmiýet berilýär. 

Konsepsiýada umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň birnäçe anyk ugurlary kesgitlenýär. Şol wezipeleriň durmuşa geçirilmegi çagalar baglaryndan başlap, ähli okuw mekdeplerinde öňdebaryjy usullaryň ornaşdyrylmagyna, ýaş nesle çuňňur bilim bermekde sanly tehnologiýalardan peýdalanmagyň geriminiň giňelmegine, bilim işgärleriniň hünär ussatlygyny, döredijilik başarnygyny ýokarlandyrmaga uly ýardam eder. 

Ýeri gelende aýtsak, çagalaryň aň-paýhas taýdan ösüşi jemgyýetimiziň durmuşyny düýpli özgerdýän täze taryhy eýýamyň döwlet syýasatynyň aýrylmaz bölegidir. Munuň özi ýurduň röwşen geljegini üpjün etmegiň esasy ugurlarynyň biri hasaplanýar. Döwrüň ähli ösüş hereketlerinden aňly-düşünjeli baş çykarýan, döwletiň bähbitlerini goramaga taýýar, çuňňur bilimli, başarjaň nesilleri terbiýelemek işleri bolsa maglumatlar asyry diýilýän häzirki zaman dünýäsinde çaganyň mekdep ýaşyndan hem öň, ýagny çagalar bagyna gatnaýan döwründen başlanýar. Konsepsiýa bu babatda geljegiň bähbitlerini nazarlaýan, çagalary döwrüň ösen talaplaryna laýyk terbiýelemek işleriniň esasy utgaşdyryjy resminamalarynyň biridir. 

Bilim arkaly beýik geljegiň gurulýandygyny nygtap, milli bilim ulgamyny ösdürmegi we kämilleşdirmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň bir hökmünde kesgitlän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolup, taryhy tutumlary hemişe rowaçlyklara beslensin! 

 

Annabagt Ma­ýewa, 

welaýat Baş bilim müdirliginiň mekdebe çenli terbiýe,

 bilim we mekdepden daşary edaralar bölüminiň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.