​Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский
05.10.2023

ÄHLUMUMY BAŞLANGYÇLAR uly goldawa eýe bolýar

 

«Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýip yglan edilen 2023-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyna gatnaşdy. Döwlet Baştutanymyz BMG-niň häzirki döwürde hem parahatçylygy saklamak, ählumumy hem-de hemmetaraplaýyn howpsuzlygy, halkara gatnaşyklaryň häzirki gurluşynyň durnuklylygyny üpjün etmek üçin jogapkär bolan ýeke-täk köptaraply we kanuny gurama bolup çykyş edýändigine ünsi çekmek bilen, bu guramanyň işini kämilleşdirmek boýunça möhüm başlangyçlaryny beýan etdi. Hususan-da, dünýä ösüşiniň möhüm ýagdaýlaryny hem-de meýillerini hasaba almak bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň kadalary we halkara hukugyň umumy ykrar edilen düzgünleri esasynda Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşmaga başlamak teklip edildi.

Hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy ugrunyň 2022 - 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynda göz öňünde tutulan wezipelerde bellenilişi ýaly, Türkmenistan sebitde parahatçylygy we howpsuzlygy goldamak, täze wehimlere hem-de howplara garşy bilelikde göreşmek wezipelerini durmuşa geçirmek babatda öňüni alyş diplomatiýasyna aýratyn ähmiýet berýär. Türkmenistan BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça ştab-kwartirasy Aşgabatda ýerleşen sebit merkeziniň işine doly ýardam berýär. Sebit merkeziniň iňiniň çäklerinde sebiti durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, umumysebit wehimlerini we howplaryny duýdurmagyň syýasy-hukuk, diplomatik we ykdysady usullaryny emele getirmek we herekete geçirmek meselelerinde köptaraply geňeşdarlyk hem-de gepleşikler usulyny ýola goýmak ähmiýetli bolup durýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň esasy maksady Merkezi Aziýada ýüze çykyp biläýjek ýagdaýlaryň güýçlendirilen dialog arkaly öňüni almak bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz «Merkezi Aziýa — BMG» ugry boýunça inklýuziw, doly görnüşli we ulgamlaýyn dialogy ýola goýmagyň wagtynyň gelendigine ynam bildirip, Türkmenistanyň oňa girişmäge hyzmatdaşlary hormat bilen çagyrýandygyny nygtady. Türkmenistan Gazagystan, Gyrgyzystan, Özbegistan, Täjigistan bilen iri halkara guramalaryň we abraýly sebit düzümlerinde bolşy ýaly, «C5+1» diplomatik meýdançanyň çäklerinde hem üstünlikli hyzmatdaşlyk edýär. Häzirki wagtda Merkezi Aziýa we Hazar sebiti dünýäniň üns merkezinde durýar. Şu nukdaýnazardan, döwletara we hökümetara hyzmatdaşlygynda «Merkezi Aziýa+1» görnüşinde hyzmatdaşlygyň gerimi giňeýär. Şeýle-de ABŞ, Ýewropa Bileleşigi, Ýaponiýa, Germaniýa Federatiw Respublikasy, Koreýa Respublikasy, Russiýa Federasiýasy ýaly dünýäniň iri ykdysadyýetleri bilen «C5+1» görnüşinde sammitler geçirilýär. Bu syýasy ýagdaý sebitde maýa goýum mümkinçilikleriniň, senagat kooperasiýasynyň täze derejelere çykmagyna syýasy goldawy üpjün edýär. 

Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna üýtgewsiz eýerýän Garaşsyz Türkmenistan halkara giňişliginde parahatçylygy döretmekde, ýüze çykýan ýagdaýlara dialogyň üsti bilen çemeleşmegi ýola goýmakda işjeň orny eýeleýär. Häzirki döwürde biziň ýurdumyz bütin dünýäde parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek üçin Ýer ýüzüniň köp döwletleri bilen ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle-de abraýly guramalaryň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk edýär. Halkara gatnaşyklary düzgünleşdirýän esasy edara hökmünde Birleşen Milletler Guramasynyň utgaşdyryjy ornuna ýurdumyz ýokary baha berýär we bu gurama bilen strategik hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda yzygiderli çykyş edýär. Bu strategik hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň sebit we umumydünýä ähmiýetli möhüm başlangyçlaryny durmuşa geçirmekde iri maksatnamalary bilelikde ýerine ýetirmekde amala aşyrylýar. 2023-nji ýylyň 27-nji fewralynda Birleşen Milletler Guramasynyň ýurdumyzda iş alyp barýan düzüm birlikleri bilen Türkmenistanyň degişli edaralarynyň arasynda 26 sany resminama gol çekildi. Bu resminamalar Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2021 - 2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň çarçuwaly Maksatnamasyny durmuşa geçirmäge gönükdirilen işleriň toplumyny öz içine alýar. 

Ýer ýüzünde parahat durmuşy, adamlaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda «Dialog – parahatçylygyň  kepili» filosofiýasyny dünýäde dabaralandyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman, döwletli tutumlary hemişe rowaç bolsun! 

 

Kerimguly GELDIÝEW, Türkmenistanyň Mejlisiniň Halkara we parlamentara aragatnaşyklar baradaky komitetiniň agzasy