​Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский
05.10.2023

EZIZ DIÝAR GÜL AÇ ÝAR

 

Ynsan durmuşyny gözel tebigatsyz göz öňüne getirmek çetin. Adamlar tebigatyň döredýän gözelligine buýsanyp, oňa eýeçilik gözi bilen garap gelýärler. Olar ir döwürlerden bäri tebigat bilen dostlaşypdyrlar, ýaplaryň, salmalaryň boýuna saýalyk, miweli agaçlary oturdyp, tebigatyň gözelligine görk goşupdyrlar. Adam yhlasy bilen keremli topraga ekilen agaç nahallary kem-kemden kemala gelip, daşky gurşawy goramakda esasy çäreleriň biri bolupdyr. 

Tebigat bilen baglanyşykly şahyrana setirlerde: “Kim-de kim bir agaç ekse ýadygär, dünýäň kitabynda onuň ady bar” diýlen sözler beýan edilýär. Bu günki gün gök öwsüp oturan agaçlar türkmen tebigatyny görklendirýär. Keremli topragymyzda biten agaçlaryň özboluşly gözelligi bar. 

Ýurdumyzda daşky gurşawy goramakda esasy çäreleriň biri hem şäherdir obalary bagy-bossanlyga öwürmekdir. Ýetişdirilen miweli hem-de saýalyk baglar ýeliň güýjüni saklaýar, ýylylygy sazlaşdyrýar, howany tozandan hem-de göze görünmeýän mikro bedenjiklerden goraýar. Ösümlikler howanyň arassalanmagyna 20 göterim täsir edýär. Bar bolan gök ösümlikleriň howanyň düzümine hem-de arassalygyna täsiri uludyr. Agaçlar howanyň düzümindäki kömür turşy gazyny özüne sorup, howany kislorod bilen baýlaşdyrýar. Bir gektardaky bar bolan baglar 1 sagadyň dowamynda 8 kilogram kömürturşy gazyny özüne siňdirip bilýär. Şeýle hem 1 gektardaky pürli agaçlaryň bir günüň dowamynda 4 kilogram, ýaprakly baglar bolsa 2 kilogram fitonsid häsiýetli organiki maddalary bölüp çykarýandygyny alymlar tassyklaýar. Hut şeýle bolansoň, ösümlikleriň täsiri bilen howadaky bar bolan zyýanly maddalaryň sanynyň günüň dowamynda 50 göterimden gowrak azalýandygy mälimdir. 

Ata Watanymyzda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen ýylyň-ýylyna ýurdumyzy bagy-bossanlyga, gülzarlyga öwürmek maksady bilen obadyr şäherlerimizde saýalyk we miweli bag nahallarynyň millionlarça düýbi köpçülikleýin oturdylýar. Eziz Diýarymyz gün-günden gül açýar. 

 

Arslan HAÝYDOW. 

TDP-niň Tagtabazar etrap komitetiniň 

sanly ulgamy dolandyrmak boýunça elektron

 hasaplaýyş maşynynyň operatory, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty