​Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский
14.12.2024

TÜRKMEN BITARAPLYGY WE PARAHATÇYLYK FILOSOFIÝASY

 

«Pä­him-paý­has um­ma­ny Magtym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­lyn­da Ýer ýüzün­de pa­ra­hat­çy­lyk, dost­luk ýö­rel­ge­le­ri­ni da­ba­ra­lan­dyr­ýan Halka­ra Bi­ta­rap­lyk gü­ni hem-de Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş Assambleýa­sy­nyň Türk­menis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy hakyn­da­ky­ Ka­rar­na­ma­ny­ ka­bul et­me­gi­niň­ 29 ­ýyl­ly­gy ­giň­den bellenil­di.­ Hor­mat­ly­ Pre­zi­den­ti­miziň­ pa­ra­sat­ly­ baş­tu­tan­ly­gyn­da içeri­ we­ da­şa­ry­ sy­ýa­sat­da­ gaza­nyl­ýan ­üs­tün­lik­ler, ­Gah­ry­man Arkada­gy­my­zyň­ «Ha­ky­da göwhe­ri» at­ly ki­ta­by­nyň giň oky­jy­lar köp­çü­li­gi­ne go­wuş­ma­gy, Milli Liderimiziň Tür­ki Döw­let­le­riň Gurama­sy­nyň Ak­sak­gal­lar ge­ňe­şiniň Bu­da­peşt­de geçi­ri­len 16-njy mej­li­sin­dä­ki, Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Çöl­leş­mä gar­şy göreş­mek bo­ýun­ça Kon­wen­si­ýasy­na gat­na­şy­jy ta­rap­la­ryň 16-njy mas­la­ha­ty­nyň (СOP16) çäk­le­rinde Er-Ri­ýad­da ge­çi­ri­len «Bi­te­wi suw» sam­mi­tin­dä­ki çy­kyş­la­rynyň halkara jemgyýetçilikde uly seslen­me tapma­gy, Bir­le­şen Millet­ler Gu­ra­ma­syn­dan ge­lip gowşan hoş ha­bar Halka­ra Bi­ta­raplyk gü­nü­niň da­ba­ra­sy­ny has-da artdyrdy. 

Baý­ram­çy­ly­gyň öňüsyrasynda elimize gowşan «Hakyda göwheri» atly kitabynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow döwletara gatnaşyklary parahatçylykly ýol bilen berkitmegiň halkymyzyň nesil başymyz Oguz han zamanyndan bäri ygrarly ýörelgesidigini nygtaýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen Bitaraplygynyň mazmunyny düzýän parahatçylyk filosofiýasy Garaşsyz türkmen döwletiniň halkara gatnaşyklarynda wajyp orny eýeleýär. Täze kitapda döwletimiziň parahatçylyk söýüjilikli taglymatlarynyň, şol sanda dostluk, goňşuçylyk däp­-dessurlarynyň kökleri hem­-de döwrebap ösdürilişi hakynda pikir ýöredilýär. 

«Hakyda göwherinde» Oguz hanyň parahatçylyk söýüjilikli maksatlary, ylalaşykly syýasaty, türkmen halkynyň ähli döwürde hem asuda durmuşy söýendigi, gorandygy, agzybirlik taglymaty bolan türkmençilik, döwletlilik ýörelgeleri we olaryň häzirki döwürde dünýäni çoýýandygy anyk mysallar arkaly beýan edilýär. Zeminiň parahatlygynyň Oguz han Türkmeniň arzuwy bolşy ýaly, dünýäniň abatlygy, ynanyşmak türkmen Bitaraplygynyň aňyýet mazmunyny düzýär. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň, «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýylynyň», Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmeginiň şanyna geçirilen dabaralara beslenen ýylyň dowamynda şaýat bolan taryhy wakalarymyzyň her biri şu mazmundan gözbaş alýar. 

29-­njy noýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň Ak sakgallar geňeşiniň Budapeştde geçirilen 16­-njy mejlisinde: «Türki dilli döwletleriň Baştutanlary hemişe möhüm başlangyçlar bilen çykyş edýärler. Şundan ugur alyp, biz hem bilelikde halk diplomatiýasyny öňe sürmelidiris. Bu diplomatiýanyň özeninde abadançylyk, parahatçylyk, birek-­birege hormat goýmak, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleri durýar. Iň esasysy bolsa, parahatçylyk filosofiýasyny ilerledip, ýurtlarymyzyň Liderleriniň bu syýasatyny durmuşa geçirmelidiris» diýip belledi. Türkmenistanyň uglewodorod serişdelerini adamzadyň bähbidine peýdalanmakda hyzmatdaşlygy diwersifikasiýa ýoly bilen alyp barmak, söwda­-ykdysady ugurda entek ulanylmadyk mümkinçilikleri amala aşyrmak hakynda möhüm başlangyçlary öňe sürdi. 

Gahryman Arkadagymyz hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025­-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilendigine, geljek ýylda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyna 30 ýyl dolýandygyna üns çekip, Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň geljek ýyldaky soňky mejlisini ýurdumyzyň Bitaraplygynyň ýubileýine gabatlap, Aşgabatda geçirmegi teklip etdi. 

Sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak, Merkezi Aziýada hoşniýetli goňşuçylygy, ösüşi, özara bähbitli gatnaşyklary gorap saklamak we pugtalandyrmak türkmen Bitaraplygynyň we parahatçylyk filosofiýasynyň esasy ugrudyr. 3­-nji dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Çölleşmä garşy göreşmek boýunça Konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 16-­njy maslahatynyň (СOP16) çäklerinde Saud Arabystany Patyşalygynyň Er­Riýad şäherinde geçirilen «Bitewi suw» sammitine gatnaşdy. Onda hormatly Prezidentimiziň suw diplomatiýasynda gazanylanlar, suw meselesi boýunça köp taraply dialogyň ileri tutulýan ýörelgeleri hakynda aýdyldy. Gahryman Arkadagymyz Merkezi Aziýada suw meselesiniň ähli toplumyna seredilende, üç möhüm kadadan — birinjiden, halkara hukugyň berjaý edilmegi, ikinjiden, özara bähbitleriň hasaba alynmagy, üçünjiden, bu işe halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çekilmegi kadalaryndan ugur alynmalydygy hakynda garaýyşlaryny beýan etdi. Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkeziniň işläp başlajakdygyny habar berdi. Şulardan görnüşi ýaly, Türkmenistan Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmaga işjeň gatnaşyp, 2030­-njy ýyla çenli Gün tertibiniň esasy düzgünlerini iş ýüzünde ýerine ýetirmäge uly üns berýär. 

6­-njy dekabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde hormatly Prezidentimiz ýurdumyza Birleşen Milletler Guramasyndan gelip gowşan hoş habara ünsi çekdi. Şu ýylyň 2-­nji dekabrynda bu guramanyň Baş Assambleýasynyň 79-­njy sessiýasynyň dowamynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şertnama» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Golaýda Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnama hem kabul edilipdi. Bu üstünlikler Milletler Bileleşigi bilen parahatçylygyň we howpsuzlygyň bähbidine hyzmatdaşlygy mundan beýläk­de ilerletmegiň döwletimiziň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygyny görkezýär. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Birleşen Milletler Guramasyna agza ýurtlaryň Türkmenistanyň başlangyjyny goldamagy, dünýä döwletleriniň bu Kararnamanyň awtordaşlary hökmünde çykyş etmegi Bitarap ýurdumyz üçin örän uly abraýdyr. Täze Kararnamanyň kabul edilmegi Watanymyzyň ählumumy derejede parahatçylygy goramak, özara bähbitli dost­-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmek ugrunda edýän tagallalarynyň giň goldaw tapýandygynyň aýdyň nyşanydyr. 

Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Biz içeri we daşary syýasatda hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýymyza, bar bolan mümkinçiliklerimize esaslanyp, geljekde-de Garaşsyz döwletimizi dünýäniň öňde baryjy, gülläp ösýän dostlukly ýurduna öwürmek üçin ähli tagallalary ederis» diýip belleýär. Bitarap Türkmenistanyň «Açyk gapylar» syýasaty Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň we birleşmesiniň agzalarynyň alyp barýan işleriniň rowaçlanmagyna, halkara işewürlik hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine giň ýol açýar. Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlap paýtagtymyz Aşgabat şäherinde, welaýatlarymyzda döwrebap binalardyr kärhanalaryň ulanmaga berilmegi hususyýetçileriň mynasyp toý sowgadydyr.

Döwlet Baştutanymyzyň, türkmen halkynyň Milli Lideriniň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, Garaşsyz Watanymyzyň halkara abraýynyň beýgelmegi, parahatçylyk söýüjilikli ýörelgeleriniň dabaralanmagy ugrunda alyp barýan giň gerimli işleriniň mundan beýläk­de uly üstünliklere beslenmegini arzuw edýäris. 

 

Saparmyrat OWGANOW, 

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler 

partiýasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy, 

Mejlisiň deputaty.