Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть
Häzirki ajaýyp döwrümizde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleriň her biri halkymyzyň bähbitlerine gönükdirilýär. Munuň özi adam hakyndaky aladanyň ýokary derejä eýedigini aýdyň beýan edýär. Döredilýän giň mümkinçilikleriň hatarynda ýaş nesilleriň terbiýesi, bilimi hakynda hem bellemek gerek. Ýaş nesilleriň bilimli bolmagy, kämil hünärmenler bolup ýetişmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup, bagtly geljegimizi üpjün etmegi maksat edinýär. Bilimli, kämil düşünjeli, giň dünýägaraýyşly nesliň kemala gelmegi üçin dünýä derejesinde, milli ruhda bilim-terbiýe bermek, beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri ösdürip ýetişdirmek baş wezipe bolup durýar. Ata Watanymyzyň röwşen geljegi bolan ylymly, bilimli, terbiýeli, sagdyn ruhly, edepli, ýokary ahlakly şahsyýetleri kemala getirmek bolsa bilim ulgamynyň işgärleriniň, mugallymlaryň mukaddes borjudyr.
Ýurdumyzda belent maksatlara gönükdirilen işleri amal etmek üçin ýaşlaryň, bir tarapdan, häzirki döwürde adamzadyň ylym-bilimde we hünär taýýarlygynda gazanan netijelerini özleşdirmegi, ikinji tarapdan, Watanymyzyň geljegine bolan beýik ynama eýe bolmagy zerurdyr. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ylym-bilim ulgamynda durmuşa geçirilýän işleriň maksady hem döredijilikli we başarjaň, Watanyny jany-teni bilen söýüp, onuň ajaýyp geljegine goşant goşmaga ukyply, hünärine ussat adamlary ýetişdirmekden ybaratdyr.
Bu bolsa bilim ojaklarynyň döwrebaplaşdyrylmagy bilen mümkindir. Şu maksatlar bilen ýurdumyzda orta we ýokary okuw mekdepleriň täze binalary gurulýar.
Häzirki wagtda ylym-bilimi ösdürmäge, ýaşlary milli ruhda terbiýelemäge giň mümkinçilikler bar. Hormatly Prezidentimiz: «Ylymly ýaşlar döwletimiziň kuwwatly güýjüdir, halkymyzyň belent maksatlara ýugrulan nurana geljegidir» diýmek bilen, ýaşlary ylym-bilim öwrenmäge ruhlandyrýar, mugallymlary bolsa döredijilikli, täze usullar bilen işlemäge borçlandyrýar. Ýurduň geljegi, ykbaly ylymly, bilimli nesilleriň elinde. Biz — mugallymlar hormatly Prezidentimiziň aladalaryna, bildirýän uly ynamyna jogap edip, ýaş nesliň döwrebap bilim we terbiýe almagy üçin gijämizi gündiz edip, ak ýürekden zähmet çekýäris. Her günki guraýan sapaklarymyzyň gyzykly, täsirli, netijeli bolmagy üçin yhlas edýäris. Bu günki talyp Watanyň mundan buýanada ösmegine, güllemegine öz goşandyny goşjak kämil hünärmen bolup ýetişmelidir. Şeýle ýokary netijäni gazanmak üçin milli ýörelgelere eýerip, ylym-bilimi kämil öwrenmeli, ýaşlara döwrebap bilim bermeli.
Watanymyzyň röwşen geljegi üçin, halkymyzyň asuda, eşretli, parahat durmuşda ýaşamagy ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden buýsanjymyzy beýan edýäris. Ýaş nesillere bilim öwretmek, kämil hünärmenleri kemala getirmek biziň her birimiziň asylly ýörelgämizdir.
Merdan ORAZMEREDOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.