Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk toýunyň toýlanýan günlerinde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz ýaş nesilleri milli gymmatlyklarymyza, däp-dessurlarymyza buýsanç ruhunda, ynsanperwer kadalarymyz esasynda terbiýelemek üçin meşhur şahsyýetlerimiziň ýadygärliklerini ebedileşdirmek boýunça degişli işleri alyp barmagy we müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýetimizi, edebiýatymyzy, şöhratly taryhymyzy düýpli öwrenmegi we başga-da birnäçe durmuşa geçirilmeli möhüm meseleleri açyp görkezdi.
Şundan ugur alyp, türkmen opera sungatynyň ösmegine uly goşant goşan halypa aýdymçy, Türkmenistanyň halk artisti Annagül Annagulyýewa hakynda kelam agyz gürrüň etmegi makul bildik. Bütin ömrüni opera we kino sungatynyň ösmegine bagyş eden A.Annagulyýewa sungat äleminde hoş owazly aýdymlary ýerine ýetirip, ençeme gahrymanlaryň keşbini döreden ussatdyr.
Ol 1924-nji ýylda Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynyň Esenguly obasynda eneden dogulýar. Eneden ir galan Annagülüň kakasy Esenguly etrabynda belli gyjakçy bolupdyr.
Annagül 1936-njy ýylda açylan Aşgabatdaky aýal-gyzlar mugallymçylyk mekdebine okuwa girip, şol ýerde hor toparyna goşulýar. Ol aýdym-saz sapaklaryna, höwesjeňler gurnagyna gatnaşyp, ökde aýdymçy hökmünde tanalyp ugraýar. Onuň ýiti zehini, yhlasy, ussat mugallymlaryndan öwrenen hünäri öňe saýlanmagyna ýardam edýär. 1941-nji ýylda ol Aşgabatda täze açylan Opera we balet teatrynda döredijilik işine başlaýar. «Zöhre-Tahyr» operasynda oňa Zöhräniň keşbini janlandyrmagy ynanýarlar. Ilkinji gezek görkezilen «Zöhre-Tahyr» operasy A.Annagulyýewa uly üstünlik getirýär. Onuň çeşme ýaly dury sesi aýdym aýtdygyça kämilleşýär. Şeýlelikde, ol şirin sesi, tebigy zehini bilen «Şasenem-Garypda» Şasenemiň, «Kemine we kazyda» Ogulbegiň, «Leýli-Mejnunda» Leýliniň, «Suw perisinde» Maşanyň, «Kuba gyzynda» Aýhalynyň, «Gül-Bilbilde» Gülüň, «Ýewgeniý Oneginde» Tatýananyň, «Çio-Çio-Sanda» Batterfleýanyň keşplerini ussatlyk bilen janlandyrýar. Zehinli artist «Karmen» operasynda Karmeniň, «Garahal gelin» operasynda Lizanyň, «Aida» operasynda Aidanyň, «Knýaz Igor» operasynda Ýaroslawanyň partiýalaryny ýerine ýetirýär.
A.Annagulyýewa ussat kompozitorlar Daňatar Öwezow, Nury Halmämmedow, Adrian Şapoşnikow, Hydyr Allanurow bilen işleşýär. Ol sungat äleminiň öçmejek ýyldyzlary — Türkmenistanyň halk artisti, Türkmenistanyň Gahrymany Maýa Kulyýewa, Türkmenistanyň halk artisti, ussat mugallym Medeniýet Şahberdiýewa, Türkmenistanyň halk artistleri Roza Töräýewa, Aýdogdy Gurbanow, Ýolaman Hummaýew, Hojaw Annadurdyýew ýaly halypalaryň hatarynda uly at-abraýa eýe bolýar.
Milli opera sungatymyzyň ilkinji kerpijini goýanlaryň biri A.Annagulyýewa çykyş eden ähli operalarynda zenanlaryň keşbiniň aň hem pikir çylşyrymlylygyny, olaryň içki duýgularyny örän näzik äheňde açyp görkezmegi başarýar. Ol meşhur kompozitor N.Halmämmedowyň ajaýyp wokal aýdymlaryny ussatlyk bilen ýerine ýetirýär. Artist zenan kino sungatynda-da birnäçe keşpleri döredýär. «Daşgaladaky wakada» Ene Garaýewa, «Keçpelekde» Dursunsoltan, «Derýanyň aňyrsy serhetde» Hesel, «Aýratyn tabşyrykda» Annajemal onuň döreden ýatdan çykmajak keşpleridir.
A.Annagulyýewa 1941-nji ýyldan tä 2001-nji ýyla çenli öňki Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky opera we balet teatrynda opera aýdymçysy bolup zähmet çekdi. Ol Ýewropanyň, Amerikanyň, Aziýanyň, Afrika ýurtlarynyň, goňşy döwletleriň ençemesinde bolup, türkmen sungatyny äleme ýaýdy. Bu opera aýdymçysy Moskwa, Baku, Daşkent şäherlerinde kompozitorlaryň wokal eserlerinden, opera ariýalaryndan düzülen özbaşdak konsertleri berdi.
Türkmen medeniýetini, sungatyny ösdürmekde bitiren hyzmatlary üçin A.Annagulyýewa 1943-nji ýylda «Türkmenistanyň at gazanan artisti», 1952-nji ýylda «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly atlara mynasyp bolýar. 1996-njy ýylda oňa «Watana bolan söýgüsi üçin» diýen medal gowşurylýar.
Meşhur opera aýdymçysy A.Annagulyýewa 2009-njy ýylyň 18-nji iýulynda 85 ýaşynda aradan çykdy. Sungatymyzyň hak howandary, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahr yman Serdarymyza milli sungatymyzda yz galdyran tanymal şahsyýetlerimiziň goýup giden nusgalyk ýoluny öwrenmäge, halypa-şägirtlik ýoluny ýöretmäge döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin tüýs ýürekden sagbolsunymyzy aýdýarys.
Muhammetberdi GELDIMÄMMEDOW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Mejlisiň Kada-kanunçylyk baradaky komitetiniň agzasy