Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzda bilim syýasaty halkymyzyň ruhy durmuşynyň kämilleşmegine, ýaş nesliň hemmetaraplaýyn sagdyn kemala gelmegine gönükdirilip, döwletimizi ösdürmegiň berk hukuk binýady, kuwwatly hereketlendiriji güýjüdir. Häzirki wagtda milli ýörelgelere we dünýäniň ösen tejribesine laýyklykda, ýurdumyzyň bilim ulgamynyň kanunçylyk binýadynyň berkidilmegine uly üns berilýär. 2021-nji ýylyň 5-nji iýunynda «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanuny (rejelenen görnüşi) kabul edildi. Bu Kanun ýurdumyzda bilim ulgamynyň işiniň guralyşyny, bilim babatdaky gatnaşyklaryň hukuk esaslaryny düzgünleşdirýär. Şeýle-de bilim işini dolandyrmagyň guramaçylyk esaslaryny we döwlet bilim syýasatynyň ýörelgelerini, bu ulgamyň maksatlaryny, ýerine ýetirýän wezipelerini kesgitleýär.
Ýurdumyzda beýleki pudaklar bilen bir hatarda, bilim ulgamyny ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär, bu ugurda düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Türkmenistanda bilim ulgamyny kämilleşdirmäge gönükdirilen kanunçylyk namalary işlenip düzüldi we kabul edildi. Şeýle resminamalar milli bilim ulgamynyň hukuk binýadyny has-da berkitdi. Ýurdumyzda okuw möhletiniň dowamlylygy halkara ülňülerine laýyklykda kadalaşdyryldy, mekdebe çenli bilim edaralarynyň, orta we ýokary okuw mekdepleriniň okuw maksatnamalary täzeden taýýarlanyldy. Şeýlelik-de, özgertmeleriň netijesinde mekdebe çenli çagalar edaralaryndan başlap, mugallymlaryň netijeli işlemeklerine, bilimiň ähli derejesinde okatmagyň we terbiýelemegiň usulyýet ulgamy kämilleşdirildi. Bilim almak Türkmenistanyň raýatlarynyň konstitusion hukugydyr. Çünki bilim jemgyýetiň durmuş-ykdysady we medeni-ruhy taýdan kämilliginiň esasy şerti bolup, onuň üstünlikli ösüşine itergi berýär. Kanunda bilim edaralaryny esaslandyrmagyň, döretmegiň we olaryň işini ýöretmegiň düzgünleri bellenilýär. Hususanda, döwrebap talaplara laýyklykda, bilimiň gurluşynda, mazmunynda täzelikler babatdaky kadalar Kanunyň rejelenen görnüşinde beýan edilendir.
Ýurdumyzda sanly bilime uly ähmiýet berilýär. Bilim ulgamyna kämil tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy mugallymlaryň we beýleki bilim işgärleriniň işlerini guramakda netijeli bolup durýar. Bilim işgärleriniň jemgyýetdäki ornuny kanunçylyk namalary arkaly berkitmek hem ýokarda bellenilip geçilen we Kanunda beýan edilýän kadalar bilen berk baglanyşyklydyr.
Häzirki wagtda bilim ulgamyny kämilleşdirmek maksady bilen, paýtagtymyzda, ähli welaýatlarda döwrebap çagalar baglary, mekdepler gurlup ulanmaga berilýär. Täze bilim edaralarynyň döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylmagy milli bilimiň hiliniň ýokarlanmagyna, ösen tehnologiýalardan baş çykarýan ýaşlaryň kemala gelmegine itergi berýär.
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli, dünýä nusgalyk işleri rowaçlyklara beslensin!
Orazdurdy ABDYÝEW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty,
Mejlisiň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar
syýasaty baradaky komitetiniň agzasy.