Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть
Biziň ýurdumyzda milady ýyl hasaby ulanylýar. Bu sene hasaby boýunça 31-nji dekabr gijesi 2025-nji ýyla gadam basylar. Täze ýyly dabaraly garşy almak, birek-biregi gutlamak, Täze ýyl arzuwlaryny aýtmak türkmen halkynda hem ajaýyp däbe öwrüldi. Gök öwsüp duran arça agajyny bezemek, Aýazbabany, Garpamygy çagyrmak bilen dabaralandyrmak her bir maşgalanyň höwes edýän baýramçylygyna öwrüldi.
Türkmençilikde Täze ýyl haýsy haýwanyň ady bilen gelýän bolsa, şol haýwanyň häsiýetine görä, ýylyň nähili boljakdygy barada çaklama ýörelgesini ata-babalarymyz ir döwürlerden bäri dowam etdiripdirler, bu ýagdaý däbe öwrülipdir. Gündogar ylmynda ýylan ýyly berekediň, paýhasyň ýyly hasaplanýar. Her bir tutan döwletli işiniň başyny Aý-Gün hasaby bilen başlamagy türkmen halkynyň has gadymy adatydyr. Gündogar senenamasynda geljek ýylyň reňki ýaşyl reňk hasap edilýär. Şundan çen tutsaň geljek ýyl şowlulygyň we abadançylygyň ýyly bolar.
Agzybir, zähmetsöýer halkymyz ahyrlapbarýan 2024-nji ýyly «Pänim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny zähmet üstünlikleri bilenjemläp, Täze — 2025-nji ýyly mynasyp garşylamaga ruhubelentlik bilen taýýarlyk görýär.
Pähim-paýhasdan, rysgal-bereketden ugur alýan Täze ýylymyz bolçulygyň ýyly bolar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe 2025-nji ýyl şanly senelere baý, üstünlikleriň ýyly bolar. Taryhymyza altyn harplar bilen ýazyljak beýik ösüşleriň dowamy bolar.
Täze — 2025-nji ýylda hormatly Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň at-abraýyny mundan beýläk hem ýokary götermek üçin alypbarýan ýurt ähmiýetli, dünýä bähbitli ähli tutumly işleriniň rowaç almagyny, janlarynyň sag, başlarynyň belent bolmagyny arzuwedýäris!
Hormatly ildeşler, Täze ýylyňyz gutly bolsun! Täze ýyl her bir ynsana bagt, şatlyk getirsin!
Maral GARAGULOWA,
Baýramaly etrabyndaky 22-nji orta mekdebiň
türkmen dili we edebiýaty mugallymy,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.