Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть
Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde dünýäde ykrar edilen Watanymyzda ýokary netijeli sporty, Olimpiýa hereketini ösdürmek, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmek ugrunda toplumlaýyn işler durmuşa geçirilýär. Jemgyýetiň sagdynlygy ýurduň ösüşiniň wajyp şertidir. Şoňa görä-de, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bu ulgamyň kanunçylyk we maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak babatda uly işler amala aşyryldy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň sport ulgamyny kämilleşdirmek, türkmen sportunyň dünýädäki abraýyny has-da belende galdyrmak, ildeşlerimizi sport bilen meşgullanmaga köpçülikleýin çekmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini has-da ýaýbaňlandyrmak boýunça wezipeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çuňňur oýlanyşykly özgertmeleriniň netijesinde türkmenistanly türgenler halkara ýaryşlarda yzygiderli ýeňiş gazanyp, eziz Watanymyzyň abraýyny has-da beýgeldýärler.
Parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, dost-doganlyk ýörelgelerini rowaçlandyrýan ýurdumyzyň başlangyjy boýunça şu ýylyň 6-njy sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnamanyň kabul edilmegi milli diplomatiýamyzyň nobatdaky ýeňşi hem-de sport ulgamyndaky üstünliklerimiziň ykrarnamasy boldy. Bu çözgüt sagdynlyk we sport ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy berkitmekde möhüm ädime öwrüldi. Türkmenistan BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) bilen hem netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýar. Soňky ýyllarda ýurdumyzyň ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň agzalygyna iki gezek saýlanmagy hem bu hakykaty aýdyň tassyklaýar.
Ýurdumyzda sporta diňe bir ussat türgenleri ýüze çykarmaga mümkinçilik berýän ýaryşlar däl, eýsem, jemgyýetde we halkara derejede abadançylygy, jebisligi berkidýän gymmatlyk hökmünde-de uly ähmiýet berilýär. Köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini wagyz etmäge gönükdirilen giň gerimli çäreleriň, dürli ýaşdaky we dürli kärdäki adamlaryň gatnaşmagynda bäsleşikleriň yzygiderli geçirilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny şanly wakalara, uly üstünliklere beslän mähriban il-ulsumyz täze – 2025-nji ýyly garşylaýar. Bu ýyl hem türkmen sportunyň taryhyna altyn sahypalary ýazyp, ähli babatda belent sepgitlere ýetilsin! Ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar edýän, halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrýan hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, beýik başlangyçlary rowaç bolsun!
Perman SAPAROW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty
baradaky komitetiniň baş hünärmeni.