Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть
Häzirki ajaýyp döwrümizde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda uly-uly üstünliklere ýetilýär, Diýarymyz beýik ösüşlere beslenýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly hem beýik ösüşler bilen täze taryhymyzyň altyn sahypasynda orun aldy. Ynha, Täze ýyl baýramçylygy hem ýetip gelýär. Asylly däbe görä, her ýylda gazanylan üstünlikler, beýik ösüşler hakynda beýan edilýär. Şu ýylda hem milli medeniýetimiziň, nusgawy edebiýatymyzyň dünýä ýaýylandygyny, Magtymguly Pyragynyň eserleriniň wagyz edilendigini aýratyn bellemek gerek. Bu şanly wakalar her bir ynsanyň kalbynda buýsanç döredýär.
Her bir ýyl şanly wakalary bilen aýratyn tapawutlanýar. Şu ýylda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy dünýäde giňden bellenildi. Şeýle hem «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda Köpetdagyň etegindäki gözel künjekde «Magtymguly Pyragy» medeniseýilgäh toplumynyň hem-de Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň dabaraly ýagdaýda açylmagy beýik şahyra goýulýan uly hormatyň nyşany hökmünde kalbymyzy buýsanja besledi. Munuň özi akyldar şahyryň belent sarpasyny has-da ýokarlandyrdy, beýik derejelere ýetirdi.
Şu ýyl milli medeniýetimiziň dünýä ýaýylýan ajaýyp ýyllaryndan biri boldy. Milli medeniýetiň dünýä ýaýylmagy dost-doganlygyň, halklaryň hoşniýetli hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegidir. Şonuň üçin hem şu ajaýyp ýylyň dowamynda dünýä halklary bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkitmäge, medeni hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berildi. Bu bolsa ýurdumyzyň medeniýet diplomatiýasynyň hasda rowaçlanýandygyny alamatlandyrdy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda mukaddes topragymyzdan gözbaş alýan dost-doganlyk ýollary yklymlara uzaýar. Häzirki wagtda medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanmagy halklaryň dost-doganlygyny pugtalandyrýar. Durmuşa geçirilýän şeýle özgertmeler bizi ýurdumyzyň gülläp ösüşine özümiziň mynasyp goşandymyzy goşmakda irginsiz zähmet çekmäge ruhlandyrýar. Eziz Diýarymyzy ösüşlere besleýän, halklaryň arasynda dost-doganlygy pugtalandyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, beýik işleri rowaçlyklara beslensin!
Perman SAPAROW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty
baradaky komitetiniň baş hünärmeni.