Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть
Türkmenistanda bedenterbiýe we sport ulgamyny ösdürmek boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar. Bu ugurda milli kanunçylygy has-da döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan çäreler hem oňyn netijeleri berýär. Bedenterbiýe we sport babatdaky milli kanunçylygy kämilleşdirmäge gönükdirilen çäreler ýurdumyzyň raýatlarynyň sagdyn durmuş ýörelgesine eýermegine gönükdirilip, «Bedenterbiýe we sport hakynda» Türkmenistanyň Kanuny esasynda alnyp barylýar.
«Bedenterbiýe we sport hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, bedenterbiýe we sport babatda döwlet syýasaty raýatlaryň durmuşynyň hilini gowulandyrmaga, sagdyn durmuş ýörelgesini kemala getirmäge, häzirki zaman durmuş şertlerine uýgunlaşmaga ukyply, beden we ruhy taýdan ösen ýaş nesli terbiýelemäge, halkara sport ýaryşlarynda üstünlikli çykyş etmek maksady bilen, sportuň görnüşleri boýunça sport ätiýaçlygyny we Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlaryny taýýarlamaga gönükdirilendir.
Mundan başga-da, ýurdumyzda atçylygy, atly sporty ösdürmegiň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýän hem-de Türkmenistanda arassa ganly tohum atlaryň genofonduny gorap saklamaga gönükdirilen, şeýle hem atlaryň ösdürip ýetişdirilýän, köpeldilýän we ulanylýan mahalynda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýän «Atçylyk we atly sport hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Kanunyň 3-nji maddasynda bellenilişine laýyklykda, atçylyk we atly sport hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň maksatlary atçylykda tohumçylyk işini gowulandyrmak, halkara genofonduna girýän atlaryň milli tohumlarynyň tohum özenini gorap saklamak, atlaryň tohumyny köpeltmek we kämilleşdirmek üçin hukuk kepilliklerini döretmek arkaly atçylygy ösdürmek, Türkmenistanda atly sporty ösdürmek we ýaýratmak, şeýle hem atly sportda ýokary netijeleri gazanmak bolup durýar.
Sportda dopinge garşy göreşmek we adalatly bäsdeşligi üpjün etmek bilen baglanyşykly aýdylanda «Sportda dopinge garşy göreşmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň ähmiýeti uludyr. Bu Kanun işiň hukuk, guramaçylyk we ykdysady esaslaryny belleýär hem-de Türkmenistanda sagdyn durmuş ýörelgesini kemala getirmek boýunça döwlet syýasatyny durmuşa geçirmäge gönükdirilendir.
«Professional sport hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda degişli ugurda jemgyýetçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirmegiň esaslary bellenilýär hem-de professional türgenleriň, professional tälimçileriň, professional sport eminleriň we professional sport babatda işi amala aşyrýan beýleki hünärmenleriň hukuk ýagdaýy kesgitlenilýär.
Sport bilen bir hatarda jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmegiň kanunçylyk esaslary hem pugtalandyrylýar. «Alkogolyň zyýanly täsiriniň öňüni almak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň, «Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2022 – 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamanyň» kabul edilmegi hem hut şeýle asylly maksatdan ugur alyp, berk bedenli, sagdyn ruhly ýaşlary kemala getirmek wezipesini nazarlaýar.
Sagdyn jemgyýeti kemala getirmäge gönükdirilen işlere goşant goşmak her bir raýatyň borjudyr. Bu ýörelge ýurdumyzyň bilim ojaklarynda, edara-kärhanalarda yzygiderli geçirilýän wagyz-nesihat çärelerinde, ýaşlar bilen duşuşyklarda giňişleýin düşündirilýär. Asylly maksatlaryň kanunçylyk-hukuk taýdan berkidilmegi bolsa kämil jemgyýetiň binýadyny pugtalandyrýar.
Halkymyzyň abadan durmuşy, ýaş nesilleriň beden we ruhy taýdan sagdyn ösmegi ugrunda uly tagallalary edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Milli Liderimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Perman SAPAROW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş
syýasaty baradaky komitetiniň