​Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский
02.09.2023

GÖWÜNLERE GANAT BEREN WAKALAR.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda gazanylýan beýik ösüşler hem-de özgerişler äleme ýaň salýar. Ýurdumyzda uly üstünliklere beslenýän taryhy wakalar, şanly seneler bizi döredijilikli zähmete ruhlandyrýar. Şu toýly günde institutymyzyň çäklerinde goşmaça 2000 orunlyk okuw binasynyň, 800 orunlyk umumy ýaşaýyş jaýynyň, sport binasynyň we aýlawly ýoldaky monumentiň düýbüniň tutulyş dabarasynyň geçirilmegi toý şatlygymyzy goşalandyrdy. 

Hormatly Prezidentimiziň gol çeken degişli resminamasyna laýyklykda binalaryň düýbüniň tutulmagy buýsanjymyzy artdyrdy. Bu binalaryň gurulmagy bilen energetika pudagyna gerekli ýörite bilimli hünärmenleri taýýarlamaga, olaryň kämil derejede bilim almagyna, sport bilen meşgullanmagyna giň mümkinçilikler dörediler. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda şeýle il-ýurt bähbitli, döwletli desgalary we binalary gurduryp, ýaşlaryň bagtly geljegine ak ýollary açyp berýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, işleri hemişe rowaç bolsun! «TÜRKMENISTAN»

 

Merdan ORAZMEREDOW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika 

institutynyň mugallymy, Mejlisiň deputaty