Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть
Mälim bolşy ýaly, geçen ýylyň aýagynda, has takygy, 27-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň özboluşly jemlemesine öwrülen bu mejlisde döwlet Baştutanymyz ýurdumyz üçin iňňän uly ähmiýete eýe bolan meselä seretdi hem-de 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etdi.
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzda taryhy özgertmeleri durmuşa geçirmek işi üstünlikli dowam etdirildi, halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşy has-da rowaçlandy, türkmeniň beýik ogly Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýy halkara derejede giňden toýlanyp geçildi. Ýylyň üstünlikli jemlenmegi bilen bagly Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly kitabyny ýazyp tamamlandygy, ony ýüzümize sylmagyň bize nesip edendigi buýsanjymyza buýsanç goşdy. Hormatly Prezidentimiz bu eserinde akyldar şahyryň edebi mirasy, dünýä medeniýetine goşan ägirt uly goşandy baradaky öz çuňňur pikirlerini okyjylar bilen paýlaşýar, söz ussadynyň ýubileýi bilen bagly geçirilen çäreleri giňden beýan edýär, ýurdumyzda ýetilen sepgitleriň, gazanylan üstünlikleriň jemini jemleýär.
Hawa, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde her ýyly döwrebap atlandyrmak ýurdumyzda asylly däbe öwrüldi.
Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen türkmen halkynyň gadymdan gelýän parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik ýörelgeleri bu günki döwlet syýasatymyzyň özenine siňendir. Dünýäde biziň döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň ähmiýeti barha ýokarlanýar, çuňňur many-mazmuny barha aýdyň açylýar. Deňhukuklylyk, özara düşünişmek, hoşniýetli goňşuçylyk, oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatymyz üstünlikli durmuşa geçirilýär we dünýä bileleşiginde giň goldaw tapýar.
2025-nji ýyly döwrebap atlandyrmak bilen baglanyşykly köp işler alnyp baryldy. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň wekilleriniň, ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik birleşikleriniň, zähmetkeş toparlarynyň, raýatlarynyň teklipleri öwrenildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan dörän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly ajaýyp goşgynyň çuňňur many-mazmunyna aýratyn üns berlip, Milli Liderimiziň gymmatly maslahatlaryna eýerildi. Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilendigi göz öňünde tutuldy. Şeýlelikde, 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip atlandyrmak barada Mejlisiň karary taýýarlanyldy. Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň öňde ýatlanylan giňişleýin mejlisiniň dowamynda şol karar we 2025-nji ýylyň nyşany döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürlenildi. Hormatly Prezidentimiziň ýylyň şygary hem-de nyşany baradaky teklibi goldap, 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmegi biziň her birimiziň başymyzy göge ýetirdi.
2025-nji ýylyň ýurdumyzda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi hormatly Prezidentimiziň Milletler Bileleşiginde öňe süren möhüm halkara başlangyçlary bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Şol başlangyçlar dünýä derejesinde ykrar edilýär, iş ýüzünde durmuşa geçirilýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy bilen, 86 döwletiň awtordaş bolup çykyş etmeginde, BMG-ä agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda 2024-nji ýylyň 21-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamany kabul etmegi hem munuň aýdyň güwäsidir.
Ýeri gelende aýtsak, parahatçylyk, ynanyşmak, dostluk ýörelgeleriniň çuňňur kökleri bardyr. Ata-babalarymyz müňlerçe ýyllyk taryhy ýolunda bu ýörelgeleri gorap, ösdürip, ýaşaýşyň kada-kanunyna öwrüp gelipdirler. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Birleşen Milletler Guramasynda öňe süren Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly baradaky başlangyjy türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň şol gadymy, çuň köklere esaslanyp öňe süren, döwletara gatnaşyklara girizen «Dialog — parahatçylygyň kepili» filosofiýasynyň logiki dowamydyr, iş ýüzünde mundan beýläk-de durmuşa geçirilmesidir.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir ýylynda bolşy ýaly, täze ýylymyzda ýurdumyzda örän uly, möhüm wakalar bolup geçer. Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň sözi ýene we ýene dünýäniň belent münberlerinden ýaňlanar, halkara giňişlikde hemmeleriň goldawyna mynasyp bolar. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy giňden bellenilip geçiler.
Hormatly Prezidentimiz ýakynda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk döwlet toparyny döretmek hakynda Permana gol çekdi. Bu günki türkmen döwletiniň Bitaraplyk hukuk derejesine daýanyp, dünýäniň döwletleri, abraýly halkara guramalar bilen Ýer ýüzünde parahatçylygyň, ählumumy howpsuzlygyň, durnukly ösüşiň bähbidine birek-birege ynanyşmak, deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan dostlukly gatnaşyklary ýola goýmakda toplan gymmatly syýasy tejribesiniň bütin adamzat üçin örän ähmiýetlidigini ýene bir gezek mälim eder.
Hatyja MUSTAKOWA,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.