Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bilim ulgamyny has-da kämilleşdirmek we onuň kanunçylyk binýadyny döwrebaplaşdyrmak esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen bilim ulgamyny kämilleşdirmegiň çäklerinde bilim edaralary häzirki zaman kompýuterleri, multimedia tehnologiýalary bilen üpjün edilýär.
Mälim bolşy ýaly, 2021-nji ýylyň 5-nji iýunynda bilim babatda gatnaşyklaryň hukuk esaslaryny düzgünleşdirýän we döwlet syýasatynyň ýörelgelerini, şeýle hem bilim ulgamynyň maksatlaryny, wezipelerini, ýerine ýetirýän işlerini we onuň işini dolandyrmagyň guramaçylyk esaslaryny kesgitleýän «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşi tassyklanyldy.
Türkmenistanyň Esasy Kanunynda — Konstitusiýasynda ýurduň bilim ulgamynyň işine möhüm ähmiýet berilýär. Ýaşlara terbiýe bermek, olary durmuşa taýýarlamak meselesi Konstitusiýamyzyň 40-njy maddasynda öz beýanyny tapýar. Onda: «Döwlet ýaşlaryň hukuklarynyň we azatlyklaryň amala aşyrylmagy üçin şertleri döredýär we olaryň hemmetaraplaýyn ösüşine ýardam edýär» diýlip bellenilýär.
Hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösen ýaş nesli kemala getirmek wezipesini maşgalanyň, döwletiň we jemgyýetiň bilelikdäki utgaşykly işiniň netijesinde üstünlikli ýerine ýetirip bolar.
Häzirki ajaýyp döwrümizde ýaşlaryň bilim almaklaryna, kämil hünärmen bolup ýetişmeklerine ähli şertler döredilýär. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde döwrebap bilim ojaklary gurlup ulanylmaga berilýär. Şeýle hem orta mekdepler täze kompýuter enjamlary, multimedia tagtalar bilen üpjün edilýär. Munuň özi döwlet tarapyndan ähli şertleriň döredilýändigini, ýaş nesiller üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny beýan edýär.
Milli bilim ulgamyny has-da ösdürmek, özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmek bilen uly işler amala aşyrylýar. Şonuň netijesinde ýurdumyzyň mekdeplerinde hemmetaraplaýyn sowatly, watansöýüji nesli terbiýelemäge bolan üns has-da ýokarlanýar. Bu ugur intellektual jemgyýetiň kemala gelmeginiň esasy hökmünde saýlanyp alynýar.
Ýurdumyzyň Konstitusiýasy ýaşlara döwrebap bilim we terbiýe bermegiň berk kanunçylyk binýady bolup durýar. Ýurdumyzyň bilim ulgamynyň hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak babatda tagallalary edýän hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden buýsanjymyzy beýan edýäris. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri rowaçlyklara beslensin!
Orazdurdy ABDYÝEW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty,
Mejlisiň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar
syýasaty baradaky komitetiniň agzasy