​Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский
31.01.2025

MUKADDES BORÇ — BELENT MERTEBE

 

27-nji ýanwarda Watan goragçylarynyň gününiň dabaraly ýagdaýda bellenilip geçilmegi ýurt goragynyň mukaddesliginiň, bu topragy goran ata-babalarymyzyň şan-şöhratynyň dabaralanmasydyr. Watan goragçylarynyň güni ýurdumyzda merdana gerçeklerimize bildirilýän uly ynamyň, çäksiz hormatyň we olar hakda edilýän aladanyň aýdyň subutnamasydyr. Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde açylyp ulanmaga berilýän häzirki zaman gulluk we ýaşaýyş-durmuş maksatly binalar bolsa harby gullukçylara we hukuk goraýjy edaralaryň işgärlerine ajaýyp baýramçylyk sowgadydyr.

Biziň her birimiziň ykbalymyz Watan bilen bagly. Watan goragy parasatly, gaýduwsyz pederlerimizden nesilme-nesil dowam edip gelýän belent jogapkärçilikdir. Ähli döwürlerde ata Watany, ene topragy goramak her bir ynsanyň öňünde durýan ilkinji nobatdaky borç hasap edilipdir. Häzirki wagtda hem bu gymmatlyk özüniň ähmiýetini ýitirmän gelýär. Şunda Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny, çäk bitewüligini, konstitusion gurluşyny, adamyň we raýatyň hukuklaryny, azatlyklaryny, kanuny bähbitlerini goramakda, kanunylygy we hukuk tertibini üpjün etmekde ýurdumyzyň harby gullukçylarynyň we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň alyp barýan işleri örän uludyr. 

Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlaryny üstünlikli durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli berkidilmeginde, döwrebaplaşdyrylmagynda, ylmyň soňky gazanan sanly tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan gulluk maksatly desgalaryň ulanylmaga berilmeginde, döwrebap awtoulaglar we ýörite tehnikalar bilen üpjün edilmeginde, harby gullukçylaryň we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň, olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokarlandyrylmagynda hem-de ýokary derejeli hünärmenleriň taýýarlanylmagynda giň möçberli işler durmuşa geçirilýär. 

Diýarymyzyň ähli harby okuw mekdeplerinde sanly bilim ulgamy giňden ornaşdyrylýar, sport desgalary häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilýär. Merdanalygy, edermenligi bilen halkymyzy şöhratlandyran gerçeklerimiziň atlaryny ebedileşdirmek hem-de milli goşunymyzyň harby gullukçylaryny mertlik, Watany söýmek ruhunda terbiýelemek maksady bilen, taryhy şahsyýetlerimiziň atlary ýöriteleşdirilen harby okuw mekdeplere we harby bölümlere dakylýar. Ýurdumyzda ýaşlaryň kämil bilim almagyna, watansöýüji, mert, edermen, ýurduna, halkyna wepaly serkerdeler bolup ýetişmegi üçin giň möçberli işler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda: «Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan merdana Watan goragçylaryna ömürdir, ykbaldyr, mertebedir» diýlip, örän jaýdar bellenilýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet guşy», «Älem içre at gezer» romanlarynda, «Watan goragy mukaddesdir», «Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar», «Mertler Watany beýgeldýär», «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi», «Ömrümiň manysy», «Ömrümiň manysynyň dowamaty» ýaly ajaýyp kitaplary Watan goragçylaryny watançylyk ruhunda terbiýelemekde uly ähmiýete eýedir. Bu kitaplaryň ählisi terbiýe mekdebi bolmak bilen, harby we hukuk goraýjy edaralaryň şahsy düzümleriniň jogapkärçiligini, abraýly kärine ygrarlylygyny has-da ýokarlandyrýar. 

Asyrlarboýy asudalyk, erkinlik, hoşniýetlilik, parahatsöýüjilik, agzybirlik we ynsanperwerlik diýen jümleleriň ýurduň binýadynyň pugtalandyrylmagyndaky möhüm ähmiýetine düşünýän döwletimiz agzalan gymmatlyklary ýörelge hökmünde döwlet syýasatyna mäkäm ornaşdyrdy. Parahatçylyk ýörelgelerine ýugrulan goranyş maksatly Harby doktrinamyza laýyklykda, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň we beýleki goşunlarynyň baş maksady ýurdumyzyň milli bähbitleriniň hem-de harby howpsuzlygynyň goraglylygyny üpjün etmekden ybaratdyr. Ýurdumyzyň Harby doktrinasy döwletimiziň harby howpsuzlygyny üpjün etmegiň ýörelgelerini, maksatlaryny, harby-syýasy, harby-ykdysady we harby-strategik esaslaryny kesgitleýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Harby doktrinasynyň goranyş häsiýetlidigini aýratyn bellemek gerek. 

Ýurdumyzda harby we hukuk goraýjy edaralaryň işiniň hukuk hem-de guramaçylyk esaslaryny, harby gullukçylaryň we işgärleriň wezipelerini, borçlaryny we hukuklaryny kesgitleýän hem-de durmuş taýdan goramagyň kepilliklerini belleýän birnäçe kanunlar kabul edildi. Türkmenistanyň raýatlarynyň harby borçlulyk we harby gulluk çygrynda Watany goramakda konstitusion borçlaryny ýerine ýetirmekleriniň hukuk binýady «Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda berkidildi. Gulluk borjuny göreldeli ýerine ýetirmekde bitiren aýratyn hyzmatlary üçin harby gullukçylary we hukuk goraýjy edaralaryň işgärlerini döwlet sylaglary bilen sylaglamak maksady bilen, «Türkmenistanyň «Türkmen edermen» medalyny döretmek hakynda», «Türkmenistanyň «Harby gullugyň weterany» medalyny döretmek hakynda», «Türkmenistanyň «Birkemsiz gullugy üçin» medalyny döretmek hakynda», «Türkmenistanyň «Içeri işler edaralarynyň weterany» medalyny döretmek hakynda», «Türkmenistanyň «Watan öňündäki bir kemsiz harby gullugy üçin» medalyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi. Bu Kanunlar Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylarynyň we işgärleriniň işiniň has-da kämil derejede alnyp barylmagyna gönükdirilendir. 

Goý, gaýduwsyz, edermen türkmen serkerdeleriniň, ýaş watançy esgerleriň Diýarymyzyň mukaddes goragynda mertebeli ýollary dowamat-dowam bolsun! Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň özygtyýarlylygyna, parahatçylygyna, nesillerimiziň röwşen geljegine gönükdirilen öňden görüjilikli we ynsanperwer syýasaty durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, işleri rowaç bolsun! 

 

Jennet ÖWEKOWA, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, 

Kada-kanunçylyk baradaky komitetiniň agzasy