Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть
Türkmenistan Diýarymyz daşary syýasatynyň baş ugry hökmünde bitaraplyk ýoluny saýlap aldy. Munuň özi tutuş dünýäde uly goldawa eýe boldy. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda hem-de 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda kabul eden Kararnamalaryna laýyklykda, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygy iki gezek ykrar edildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň oýlanyşykly başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň paýhasly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän ägirt uly tutumlar baky Bitaraplygymyzyň rowaç ýörelgelerinden ugur alýar. Bu hukuk derejämiz dünýä bileleşiginiň maksatlaryna hem-de halkara jemgyýet çiligiň bähbitlerine doly laýyk gelýändigi bilen tapawutlanýar.
Bäş müň ýyllyk şöhratly taryhyň eýesi bolan halkymyz däp-dessurlary, kämil durmuş ýörelgeleri bilen asyrlarboýy parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, göwnaçyklyk, adalatlylyk, birek-birege goldaw-hemaýat bermek, ynanyşmak ýaly ýörelgelere ygrarly bolupdyr. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde halkymyzyň adamzat gymmatlyklaryny özünde jemleýän şol ýörelgeleri rowaçlyklara beslenýär. Munuň özi ynsanperwerlik ýörelgeleriniň türkmen halkynyň durmuşynda berk orun eýeleýändigini aňladýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parahatçylyk söýüji syýasatynyň netijesinde türkmen halkynyň asyrlaryň kämillik mekdebinde sünnälenen milli häsiýetleriniň dabaralanmasy bolup durýan baky Bitaraplygymyz diňe bir milli bähbitlerimiz bilen däl, eýsem, dünýä halklarynyň ýagşy arzuw-maksatlary, uzak möhletleýin döwletli tutumlary bilen hem sazlaşykly utgaşýar. Şeýlelikde, hemişelik Bitaraplygymyz dünýä döwletleri we halklary bilen dostlukly, özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny alyp barmagyň, bagtyýar durmuşymyza gönükdirilen beýik tutumlaryň berk binýady bolup durýar.
Eziz Matdyýew,
«Balkan» gämi gurluşyk we
abatlaýyş zawody» açyk görnüşli
paýdarlar jemgyýetiniň baş
inženeriniň orunbasary,
Türkmenistanyň Mejlisiniň
deputaty.