Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryndan dowamat tapýan ilýurt bähbitli, adamzat ähmiýetli döwletli tutumlar hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda barha rowaçlanýar, üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň gülläp ösüşine, jemgyýetiň abadançylygyna, bagtyýar geljegiň bähbidine, dostdoganlygy pugtalandyrmagyň hatyrasyna, ýaşlaryň ykbalyna gönükdirilen şeýle asylly işler bolsa, ilkinji nobatda, watançylyk duýgularyndan, ilhalka bolan söýgüden gözbaş alýar. Şonuň üçinem Watan bilen bir ykbal bolup ýaşaýan nesilleriň kemala gelmegi baradaky wezipäniň ileri tutulmagy ýöne ýerden däldir. Eziz Arkadagymyz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly çuň mazmunly kitabynda bu babatda şeýle belleýär: «Akylly ogulgyzlar Watan gymmatlygynyň manysyna aýdyň düşünýän pähimdarlaryň nesilleridir. Geljegimize ynamlylygymyz watançy, akyllybaşly oýlanyp bilýän ýaşlarymyza baglydyr».
Döwrümiziň ýaş nesilleriniň ylymlybilimli, beden hem ruhy taýdan sagdyn, watansöýüji, türkmençilik däplerine hormat goýýan, ony dowam etdirmegi başarýan, parahatçylyga gol berýän, maşgala gymmatlygyna düşünýän, hukuk taýdan medeniýetli şahsyýetler bolup ýetişmekleri baradaky tagallalar döwlet syýasatymyzyň asyl özenini düzýär. Şeýlede her bir maşgalanyň hemde maşgala agzalarynyň aladasy kanun esasynda kepillendirilip, döwlet tarapyndan goraglylygy üpjün edilýär. Bu babatda Türkmenistanyň Konstitusiýasyndaky: «Maşgala, enelik, atalyk we çagalyk döwletiň goragynda durýarlar» diýlen kadany agzap geçmek ýerlikli bolsa gerek.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda şeýle diýilýär: «Adamlaryň saglygy baradaky alada jemgyýetde zenan maşgalalara, çagalara we gartaşan adamlara nähili garalýandygy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr». Diýmek, biziň döwletimizde saglyk hemde bagtyýarlyk düşünjeleri mizemez durmuş ýörelgelerine öwrülmek bilen, hukuk esasynda hem üpjün edilýär. Bilşimiz ýaly, ýaşaýşyň gözelligi saglyga baglydyr. Saglyk barada gürrüň edilende, ol diňe bedeniň saglygy bilen kesgitlenmeýär, şunda pikir sagdynlygy hem zerurdyr. Pikirler sagdyn bolanda, beden hem sagdyn bolýar. Diýmek, saglyk biziň saglyga düşünişimizden, saglyga ähmiýet bermegimizden başlanýar, ol biziň gözel we sagdyn pikirgaraýyşlarymyzdan gözbaş alýar. Bu babatda Magtymguly Pyragynyň: «Dürdür bu janyň lezzeti, //Saglyk anyň soltanydyr» diýen setirleri hakykatyň beýanydyr. Şonuň üçinem ýaş nesilleriň sagdyn kemala gelmekleri, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermekleri hökmandyr. Sport, köpçülikleýin bedenterbiýe bilen meşgullanmak, ýaramaz endiklerden daşda durmak ýaşlara edilýän ilkinji nesihatlardyr.
Biziň döwletimizde ýaşlaryň hukuklary, azatlyklary we bähbitleri kanun esasynda berkidilendir. Şonuň üçinem, ýaşlar şeýle kadakanunlardan habarly, hukuk taýdan sowatly, medeniýetli bolmaklyga çalyşmalydyr. «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanuny, «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023-2030njy ýyllar üçin Strategiýasy» ýaşlaryň mümkinçilikleriniň gerimini giňeltmäge, kanun taýdan goramaga gönükdirilendir. Ýurdumyzyň raýatlarynyň, şol sanda ýaşlaryň hem durmuşyna dahylly «Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2021- 2025nji ýyllar üçin Hereketleriň meýilnamasy», Türkmenistanyň Maşgala kodeksi, Ilaty durmuş taýdan goramak kodeksi, Zähmet kodeksi, «Çaganyň hukuklarynyň döwlet kepillikleri hakynda», «Ene süýdi bilen iýmitlendirmegi wagyz etmek hemde goldamak hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryndan habarly bolmak jemgyýetde öz ornuňy tapmagyň, hukuk mümkinçilikleriňi peýdalanmagyň baş şerti bolup durýar.
Jemgyýet, raýat hemde ýaş nesil hakynda alada etmek gadymy oguz ýörelgelerinden gözbaş alyp, türkmençilik ýörelgeleri esasynda dowam etdirilýän asylly işlerdir. Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, gadymy Oguznamalar türkmen kanunçylygynyň iň gadymy nusgalary hasaplanýar. Ynsaply ýaşaýşy durmuş ýörelgesine öwrüp, gadymy oguz däplerini döwlet syýasatymyzyň özenine siňdirip, Ýer ýüzünde parahatçylyk wagyzlaryny giňden dabaralandyrýan, adam hakyndaky aladany, ýaş nesil hakyndaky tagallalary ileri tutýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza bolan alkyşlarymyz, hoşallyklarymyz biziň zähmetimizde şöhlelenýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe maksadyňy, zähmetiňi Watan hemde ilhalk bilen baglap, netijeli zähmet çekmek, ýurdumyzyň ösüşine mynasyp goşant goşmak biziň her birimiz üçin iň ýokary derejedir, mertebedir.
Bizi şeýle mertebä eýe eden Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, alyp barýan işleri rowaç bolsun!
Annabagt Maýewa,
welaýat Baş bilim müdirliginiň mekdebe
çenli bilim, terbiýe we mekdepden daşary
edaralar bölüminiň başlygy,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.