​Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский
17.10.2023

ÝAŞ PARLAMENTARILER TOPARY: belent maksatlary nazarlap

 

Ýurdumyzda ýaşlaryň bagtyýar we nurana geljeginiň bähbidine giň gerimli işler amala aşyrylýar. Olaryň hukuklaryny, azatlyklaryny goramak, durmuş goraglylygyny üpjün etmek we döwlet tarapyndan goldaw bermek kanuny esasda kepillendirilýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 40-njy maddasynda: «Döwlet ýaşlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň amala aşyrylmagy üçin şertleri döredýär we olaryň hemme taraplaýyn ösüşlerine ýardam edýär» diýlip beýan edilendir. 

Häzirki wagtda türkmen ýaşlary ähli pudakda, şol sanda kanunçykaryjylyk ulgamynda-da zähmet çekmek bilen, ata Watanymyzyň ösüşlerine saldamly goşant goşýarlar. Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň deputatlarynyň aglaba böleginiň ýaşlar bolmagy bu babatdaky döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini, olara uly ynam bildirilýändigini aýdyň görkezýär. 

Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 6-njy aprelinde Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň deputatlary bilen geçiren duşuşygynda ýurdumyzyň daşary syýasy gatnaşyklaryny parlament diplomatiýasynyň üsti bilen dünýä ýaýmak üçin dünýä döwletleriniň parlamentleri hem-de abraýly halkara guramalar bilen gatnaşyklary yzygiderli berkitmegiň, bu ugurda parlamentara dostluk toparlarynyň, ugurdaş komitetleriň, ýaş parlamentarileriň, şol sanda zenan parlamentarileriň arasynda özara tejribe alyşmak babatda hyzmatdaşlygyň täzeçe iş usullarynda ýola goýulmagynyň zerurdygy bilen bagly beren tabşyryklaryny durmuşa geçirmek we «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 – 2030 – njy ýyllar üçin Strategiýasynyň» esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenen ýaş parlamentarileriň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Mejlisiniň Ýaş parlamentariler toparyny döretmek hakynda karar kabul edildi. Şeýle-de bu toparyň düzümi, Düzgünnamasy hem-de 2023-nji ýyl üçin iş meýilnamasy tassyklanyldy. 

Düzgünnama laýyklykda, topar Mejlisiň jemgyýetçilik, kollegial, konsultatiw we maslahat topary bolup durýar. Ol Mejlisiň degişli çagyrylyşynyň ygtyýarlyklarynyň möhleti üçin döredilýär we alyp barýan işi barada Türkmenistanyň Mejlisine hasabat berýär. Toparyň esasy maksady ýaş parlamentarileriň başlangyçlaryny açyp görkezmek babatda şertleriň döredilmegine, ýaş raýatlaryň hukuk we syýasy medeniýetiniň kemala getirilmegine, ýaşlaryň döredijilik, raýatlyk işjeňliginiň artdyrylmagyna ýardam etmekden ybaratdyr. Topara Mejlisiň 35 ýaşa ýetmedik deputatlary agzalyga kabul edilip, olar degişli ýaşdan geçen soň hem bu işe synçy hökmünde gatnaşyp bilýärler. 

Ýaş parlamentarileriň mejlisi, zerurlyga görä, azyndan çärýekde bir gezek geçirilýär. Mejlis toparyň agzalarynyň ýarysyndan köprägi gatnaşan mahalynda ygtyýarly hasaplanýar. Oňa döwlet, bilim edaralarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň wekilleri we talyplar gatnaşyp bilýärler. Ýakynda toparyň mejlisi geçirilip, onda ýaşlaryň döwlet dolandyryş ulgamyndaky orny, bu babatda halkara hyzmatdaşlygyň ugurlary, ýaşlar parlamentarizmini ösdürmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem Türkmenistanyň Mejlisinde Parlamentara Birleşik, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasy, GDA-nyň Parlament Assambleýasy we beýleki halkara guramalar bilen ýola goýlan işler barada durlup geçildi. Topar geljekde döwlet syýasatyny durmuşa geçirmekde, daşary ýurtlaryň ýaş parlamentarileri bilen halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda, ýaşlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny goramakda, olardan gelip gowuşýan teklipleri öwrenip, milli kanunçylyga girizmekde we beýleki möhüm işlerde işjeňlik görkezer. 

 

Çe­men­ AKY­ÝE­WA, Türkmenistanyň Mejlisiniň 

Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak 

baradaky komitetiniň agzasy.