Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 21-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde ýurdumyzyň başlangyjy bilen «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň üçünji gezek biragyzdan kabul edilmegi döwrümiziň beýik üstünlikleriniň nyşany bolup, göwünlere ganat bekledýän waka öwrüldi. Munuň özi, ilkinji nobatda, döwletimiz, halkymyzyň ykbaly bilen baglanyşykly bolup, şol bir wagtyň özünde halkara ähmiýete eýedir. Ol Türkmenistanyň dünýä dolan at-abraýyny ýene bir gezek belende göterýär. Halkymyzyň müňýyllyklardan gözbaş alýan parahatçylyk söýüjilik, dost-doganlyk, her bir meseläni oýlanyşykly, maslahatly çözmek babatdaky tejribelerini dabaralandyryp, bu ýörelgäni bütin adamzadyň hyzmatynda goýýar.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan daşary syýasatda bitaraplyk ýörelgesine eýerjekdigini Garaşsyzlygynyň ilkinji günlerinden dünýä aýan edip başlady. Garaşsyzlyk ýyllarynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan ýurdumyzyň başlangyjy bilen kabul edilen ilkinji Kararnama türkmen Bitaraplygy bilen bagly boldy. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Milletler Bileleşigine şol wagtky 185 sany agza döwletiň biragyzdan goldamagynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnama kabul edildi. Şonuň netijesinde ýurdumyz hemişelik Bitaraplyk halkara hukuk derejesine eýe boldy. Hut şunuň özi-de köp zatdan habar berýär. Türkmen özi bolup dünýä çykdy. Türkmen öz sözüni dünýä ýetirip gelýär. Döwletlilik binasyny uzak asyrlaryň synagyndan geçen milli pähim-parasady bilen mizemez edýär. Halkyň durmuşyň ähli taraplaryny öz içine alýan çuňňur pähim-parasadynda bitaraplyk ýörelgesine aýratyn orun degişli.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ägirt uly tagallalary netijesinde ýurdumyzda hemmetaraplaýyn ösüş gazanyldy. Abadançylygyň polat galkany hökmünde Bitaraplyk derejämiz hem barha berkidilip, ösdürilip gelindi. 2007-nji ýylda paýtagtymyzda Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy şunuň bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda BMG-niň Baş Assambleýasy 193 döwletiň biragyzdan goldamagynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamany ikinji gezek kabul etdi. 2017-nji ýylda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Baş Assambleýanyň Kararnamasy esasynda 12-nji dekabr Halkara Bitaraplyk güni hökmünde yglan edildi. Şeýlelikde, türkmen Bitaraplygynyň şanly senesi halkara baýramçylyk derejesine eýe boldy. Türkmen döwletiniň parahatçylyk söýüjilikli syýasaty dünýäde ýene bir gezek dabaralandy. «Türkmenistan — BMG» strategik maslahat beriş geňeşiniň döredilmegi, ýurdumyzyň başlangyjy esasynda halkara gün tertibiniň möhüm meselelerine degişli Kararnamalaryň onlarçasynyň kabul edilmegi hem berkarar döwletimiziň halkara giňişlikdäki abraýynyň uludygyndan habar berýär.
Häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyz peder ýoluny mynasyp dowam etdirýär. Bu döwür — taryhy özgertmeleriň dowamat-dowam bolýan, ähli ugurlarda uly ösüşleriň gazanylýan döwri. Türkmenistan daşary syýasatda hem Garaşsyzlygyň gysga döwri içinde gazanan uly tejribelerine, şol bir wagtda juda ygtybarly Bitaraplyk hukuk derejesine daýanmak bilen, adamzat üçin parahat durmuşyň, hyzmatdaşlygyň hem ösüşiň ýollaryny açýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etdi. Golaýda bolsa Milletler Bileleşigi üçünji gezek Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda Kararnamany kabul etdi. Munuň özi, birinjiden, hormatly Prezidentimiziň ata-baba ýörelgelerimize esaslanýan döwletlilik ýolumyzy, Gahryman Arkadagymyzyň yhlasy bilen binýady berkidilen peder ýoluny mynasyp dowam etdirýändigini aňladýar. Ikinjiden, abadançylyk, ynanyşmak, dost-doganlyk, ynsanperwerlik, hyzmatdaşlyk, ösüş ýaly ynsanlar üçin örän zerur ajaýyplyklara arka durýan bu nurana ýoluň bütin dünýäde doly ykrar edilýändigini görkezýär.
Türkmenistan oňyn Bitaraplyk syýasatyna ygrarlydygyny iş ýüzünde subut edip gelýär. Şundan gelip çykýan ynsanperwer başlangyçlar, abadançylygyň we halklaryň bagtly durmuşynyň hatyrasyna amala aşyrylýan, hemmeler üçin ähmiýetli anyk işler ýurdumyzyň daşary syýasatynyň özenini düzýär. Türkmenistan adamzadyň umumy bähbitleriniň hatyrasyna dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygyň gerimini barha giňeldýär. Dürli ugurlarda taslamalaryň we maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýar. Agzybirligiň, dost-doganlygyň, asudalygyň, hoşniýetli goňşuçylygyň ýurdy hökmünde Ýer ýüzünde parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmäge we pugtalandyrmaga goşant goşýar.
Mundan müňlerçe ýyl ozal hem halkymyz özüne mahsus häsiýetleri, edim-gylymlary, ynsanperwerligi, halallygy, mertligi bilen dünýäde şöhratlanypdyr. Muňa taryhdan mysallary näçe diýseň getirip bolar. Gadymy rim taryhçysy Pompeý Trog biziň ata-babalarymyz bolan skifler — türkmenler barada şeýle ýazypdyr: «Adalatlylyk baradaky düşünjäni olar kanunlar bilen däl, eýsem, öz akyllary bilen durmuşa ornaşdyrdylar. Olarda iň agyr günä ogurlyk hasaplanýar. Ähli adamlarda kesekiniň zadyna el urmazlyk we şunuň ýaly belent ahlaklylyk, seresaplylyk bolan bolsady, onda asyrlardan-asyrlara munça uruşlar bolmazdy. Ýunanlaryň kanunlaryň we ylmyň üsti bilen alyp bilmedik zadyny skifler tebigatdan alýarlar». Rus ýazyjysy, gündogarşynas Dmitriý Logofet bolsa şeýle diýýär: «Türkmen bir zady ederin diýip boýun alan bolsa, hökman sözünde tapylar. Eger kasam kabul eden bolsa, onda ol daşa ýazylan ýalydyr».
Görnüşi ýaly, başymyzy gök diredýän buýsançly wakalaryň ählisi, hakykatdan-da, halkymyzyň gadymyýetden gelýän beýik häsiýetleriniň, durmuş ýörelgesiniň bu günki berkarar döwletimiziň içeri we daşary syýasatynyň özenine siňdirilendigi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Oguz han atamyzdan gelýän döwletlilik ýörelgesi Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň ady bilen dünýä çykýar. Muňa biziň hemmämiz — atalar hem eneler, gojalar hem ýaşlar, ylym-bilim, medeniýet işgärleri, islendik kärdäki adamlar, bütin halk bolup buýsanýarys.
Hatyja MUSTAKOWA,
Türkmenistanyň Mejlisiniň
Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar
syýasaty baradaky komitetiniň agzasy.