​Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский
05.05.2025

SAHAWAT­YNSANPERWERLIGIŇ GÖZBAŞY

 

     Golaýda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise­prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň ýurdumyza sapar bilen gelen «Al­Arabiýa» teleýaýlymynyň esasy alyp baryjysy Rizwan Hanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşmagy we köp millionly tomaşaçysy bolan bu teleýaýlyma interwýu bermegi gaznanyň alyp barýan ynsanperwer işlerini dünýä ýaýmakda uly ähmiýete eýedir. Munuň özi diňe bir ýurdumyzyň däl, eýsem, bütin dünýäde çagalary goldamakda uly ynsanperwerlik kömegini berýän gaznanyň işleri bilen tanyşmaga ýardam berip, ýurdumyzyň bu ugurdaky başlangyçlarynyň dünýä halklarynda uly gyzyklanma döredýändigini görkezýär.

 

     29-njy martda Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 4 ýyllygy mynasybetli geçirilen «Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi» atly halkara maslahat hem munuň şeýledigini aýdyňlygy bilen tassyklaýar. Bu giň möçberli çärä hyzmatdaş ýurtlaryň birnäçesiniň döwlet düzümleriniň we jemgyýetçilik guramalarynyň, şeýle hem halkara guramalaryň ýolbaşçylarydyr wekilleriniň gatnaşmagy ynsanperwer ugurly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilýändiginiň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Halkara maslahata bagyşlanan dabaraly çäreleriň Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkinde badalga almagy we oňa gatnaşyjylaryň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezine baryp, ol ýerde alnyp barylýan işler bilen tanyşmaklary bejergi alýan çagalarda uly täsir galdyrdy. 

     Maslahatyň dowamynda seredilen meseleler onuň Jemleýji resminamasynda beýan edilip, ol Birleşen Milletler Guramasynyň resmi dillerine terjime edildi we Baş Assambleýanyň 79-njy sessiýasynyň gün tertibiniň resminamasy hökmünde ýaýradyldy. 

     Ýakynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Monako Knýazlygyna iş sapary hem aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Saparyň dowamynda gaznanyň wise-prezidentiniň Monako Knýazlygynyň Milli Geňeşiniň Başlygy Tomas Bresso bilen duşuşyp, saglygy goraýyş işiniň, daşky gurşawy goramak babatdaky tagallalaryň we bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygyň meseleleri barada pikir alyşmagy aýratyn ähmiýete eýe boldy. 

     Ynsanlary hoşniýetlilige çagyrýan, hemaýata mätäji goldamak, haýyr-yhsan etmek ýaly asylly ýörelgelere milletimiz taryhyň ähli döwürlerinde ähmiýet berip, nesilden-nesle dowam etdirip gelýär. Döwürleriň synagyndan geçen ahlak ýörelgelerimiz jemgyýet tarapyndan ykrar edilen ölçegler hökmünde aýalyp, mazmun taýdan asyrlarboýy baýlaşdyrylypdyr. 

     Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda ýagşylykdyr haýyr-yhsan etmegiň şahsy, jemgyýetçilik hem-de ykdysady bähbitleriniň barmak büküp sanardan köpdügi, ýüregiň bitakat bolsa, dert basmarlasa, işiň ugrukmasa, zehiniň açylmasa, dilegiň kabul bolmasa, sadaka berip, ýagşylyk etmelidigi barada aýdylýar.  

      Arkadagly Gahryman Serdarymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen jemgyýetiniň belent ruhy däplerine we ýörelgelerine eýermek bilen, mümkinçiligi çäkli çagalara goldaw bermek meselesine aýratyn ähmiýet berýär. Asylly maksatlar ykdysady we durmuş çäreleriniň giň toplumyny öz içine alýar. Ilatyň durmuş üpjünçiligini gowulandyrmak, haýyr-sahawat işini ýaýbaňlandyrmak, ynsanperwerlik kömegi babatda döwlet tarapyndan berilýän goldawyň görnüşleri artýar. Haýyr-yhsan işlerine gatnaşyjylaryň hem sany köpelýär. Bu babatda hukuk gatnaşyklary yzygiderli kämilleşdirilýär. Ynsanperwerlik ýörelgeleriniň jemgyýetçilik gatnaşyklarynda giňden orun almagyna, adamlaryň hal-ýagdaýynyň, ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna uly üns berýändigi, haýyr-sahawat işini ösdürmekde bitiren uly hyzmatlary göz öňünde tutulyp, 2023-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Arkadag» medaly bilen sylaglandy. Mälim bolşy ýaly, bu sylag bilen ýurdumyzda adamyň kanuny bähbitlerini goramak we üpjün etmek boýunça hukuk kepilliklerini döretmekde, aýratyn hemaýata we goldawa mätäç çagalary durmuşa uýgunlaşdyrmaga hem-de taýýarlamaga gönükdirilen guramaçylyk, kanunçylyk, hukuk, ykdysady çäreler toplumyny durmuşa geçirmekde, ata-babalarymyzyň asylly ýörelgelerini özünde jemleýän Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň işine yzygiderli goldaw bermekde, ynsanperwerlik, adalatlylyk, sahawatlylyk ýörelgelerini durmuşa geçirmek arkaly haýyr-sahawat işine giň gerim bermekde görnükli hyzmatlary bitirenler sylaglanýar. 

     Gaznanyň döredilmeginden bäri geçen dört ýylyň içinde ýüzlerçe çaganyň saglygyny dikeltmek, çylşyrymly operasiýalary geçirmek işleri mugt alnyp baryldy. Bu çygyrdaky aladanyň diňe şular bilen çäklenmän, çagalaryň operasiýalardan soňky dikeldiş döwründe-de ýerli saglyk öýleriniň aýratyn gözegçiliginde saklanmagy, mynasyp dynç almagy üçin ähli zerur şertleriň döredilýändigini bellemek gerek. Kyn durmuş ýagdaýyna düşene hemaýat bermek çäreleri döwletiň çäginde ýaýbaňlandyrylman, bu asylly ýörelgeler halkara derejede-de ýola goýulýar. Gaznanyň hasabyna Owganystana, Pakistana, Täjigistana, Türkiýä, Ukraina, Russiýa, Palestina ynsanperwerlik ýükleri ugradyldy. Bilşimiz ýaly, «Adatdan daşary ýagdaýda halkara ynsanperwer kömegi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň talaplaryna görä, ynsanperwer kömegi bermek üçin niýetlenen maddy-tehniki, azyk, lukmançylyk we beýleki harytlar hem-de serişdeler, şeýle hem adatdan daşary ýagdaýda ejir çekenleriň zerurlyklaryny kanagatlandyrmak üçin niýetlenen ilkinji zerur zatlar (iýmit önümleri, geýim, aýakgap, arassaçylyk närseleri, derman serişdeleri, lukmançylyk maksatlaryna niýetlenen önümler we başgalar) ugradylýar. Şu ýylyň başynda Milli Liderimiziň Monako Knýazlygyna sapary wagtynda Şazada Albert II bilen duşuşygynda medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygyň hatarynda Şazada zenan Greýsiň gaznasy bilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň maksadalaýykdygyna hem üns çekilmegi işleriň geriminiň has-da giňeýändigini görkezýär. 

     Ýurdumyzda haýyr-sahawat işini amala aşyrmak kanunçylyk, ynsanperwerlik, aýanlyk, meýletinlik, bähbitleriň umumylygy we oňa gatnaşyjylaryň hukuklarynyň deňligi ýaly asylly ýörelgelere esaslanýar. Asylly işler haýyr-sahawatçylar tarapyndan amala aşyrylýar. Olaryň sogap işleri emlägini, şol sanda pul serişdelerini we intellektual eýeçiliginiň obýektlerini eýeçilige tölegsiz ýa-da ýeňillikli şertlerde geçirmegi, eýeçilik hukugynyň islendik obýektlerine eýelik etmek, peýdalanmak we ygtyýarlyk hukuklaryny tölegsiz ýa-da ýeňillikli şertlerde bermegi, tölegsiz ýa-da ýeňillikli şertlerde işleri ýerine ýetirmegi arkaly amala aşyrylyp bilinýär. 

     Durmuş syýasaty baradaky meseleleri oňyn çözmekde ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasy we onuň düzümleri bilen giňden hem-de netijeli hyzmatdaşlyk edýändigini bellemek gerek. Türkmenistanyň Çagalaryň ýaşaýşyny, goraglylygyny we ösüşini üpjün etmek boýunça Bütindünýä Jarnamasyna, Birleşen Milletler Guramasynyň Çaganyň hukuklary hakynda Konwensiýasyna goşulmagy bu ugurda alnyp barylýan işleriň aýdyň güwäsi bolup durýar. Döwletimiz ady agzalan Konwensiýa 1994-nji ýylda goşuldy. Häzirki wagtda 190-dan gowrak döwletiň tassyklan bu Konwensiýasynyň maddalarynda atanyň-enäniň çaganyň ösmegi, zerur durmuş şertlerini öz ukyplarynyň mümkinçilikleriniň çäklerinde üpjün etmegi üçin esasy jogapkärçiligi çekýändigi bellenendir. 

     Haýyrly maksatlary çelgi edinip, 25-nji martda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň medeniýet ulgamyna gözegçilik edýän orunbasary hem-de ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň zenan ýolbaşçylary bilen duşuşygynda-da ösüp gelýän ýaş nesilleriň saglygy, olaryň çeper döredijilige ukyplaryny açyp görkezmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, bu düzümiň howandarlyk etmeginde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň gözýetimi, dünýägaraýşy» atly bäsleşigiň geçirilmegi möhüm ähmiýete eýedir. Görnüşi ýaly, bu haýyr-sahawat gaznasy ösüp gelýän ýaş nesilleriň döredijilik ukybyny açmakda hem zerur işleri durmuşa geçirýär. 

     Arkadag şäherinde ýerleşýän Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde dünýäniň öňdebaryjy ýokary tehnologiýaly enjamlary oturdylyp, degişli bejergi-dikeldiş işlerini amala aşyrmak, lukmançylyk hyzmatlaryny ýokary derejede guramak üçin ähli mümkinçilikler bar. Şol bir wagtda ösüp gelýän ýaş nesilleriň tebigy zehinini, ukyp-başarnygyny ýüze çykarmak bilen bagly halkara derejedäki çäreler işjeň gerim alýar. Munuň özi körpe nesli umumadamzat ähmiýetli ynsanperwer garaýyşlarda terbiýelemek, ruhy, beden taýdan sagdyn ösüşi gazanmak çygryndaky hukuklary dabaralandyrýar. Şeýle hoşmeýilli tagallalar netijesinde jemgyýetde ynsanperwerlik ýörelgeleri hem barha ilerleýär.

 

Merjen BORJAKOWA,

Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş 

syýasaty baradaky komitetiniň hünärmeni.